Türkmen kalply alym

18 Iýul 2024
217

Edebiýat — serhetleri inkär edýän görkana dünýä. Onuň içine aralaşsaň, «seniňki, meniňki» diýen düşünje aradan aýrylýar. Ýüregiňden orun alan eserler, haýsy halkyň wekiliniň döredendigine garamazdan, hemişelik «seniňkä» öwrülýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlary barada hem şeýle buýsançly sözleri aýdyp bolar. Muny baryp XIX asyrda dürli halklaryň wekilleri bolan alymlaryň, edebiýatçylaryň Pyragynyň şygyrlarynyň yşkyna düşüp ýörmegi-de subut edýär. Şeýle alymlaryň biri hem meşhur alym-türkolog, edebiýaty öwreniji, türkmen diliniň fonetikasyny, sintaksisini we dialektologiýasyny ilkinji bolup ylmy taýdan öwrenen Aleksandr Petrowiç Poseluýewskidir.

Aleksandr Poseluýewskiý 1894-nji ýylyň 1-nji maýynda Witebsk guberniýasynyň Režisk uýezdiniň Bukmuýja obasynda oba mugallymynyň maşgalasynda dünýä inýär. Geljekki alym 1914-nji ýylda Witebskde gimnaziýany, 1918-nji ýylda Lazarewiň gündogar dilleri institutyny tamamlaýar. 1918-nji ýyldan Moskwanyň Arheologiýa institutynyň Witebsk bölüminde, 1921-nji ýylda bolsa Daşkentde pars dilinden mugallymçylyk edýär. 1923-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabada gelip, Orta Aziýa demir ýolunyň magaryf bölüminde işlemek bilen, şol bir wagtda Aşgabadyň şäher bilim bölüminiň birnäçe mekdebinde dürli dillerden sapak berýär. 1926-njy ýylda ol Türkmenistan SSR Magaryf halk komissarlygynyň Döwlet Alymlar geňeşiniň milli medeniýet bölümine geňeşçi bellenilýär. Şol döwürlerde-de ol Türkmenistanyň dürli etraplaryna guralan etnologik-lingwistik ekspedisiýalara gatnaşýar. 1931-nji ýylda Aşgabat pedagogik institutynyň professory bolmak bilen, ol bu okuw mekdebiniň türkmen dili we umumy dil bilimi kafedrasyna ýolbaşçylyk edýär. Şol ýyllarda türkmen dili we edebiýaty bilen baglanyşykly ylmy gözlegleri alyp barýar. 1940-njy ýylyň noýabrynda öňki SSSR Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistan bölüminiň Taryh, dil we edebiýat institutynyň dil sektoryna ýolbaşçylyk edýär. 1943-nji ýylda «Türkmenistanyň ylymda at gazanan işgäri» diýen hormatly ada mynasyp bolýar.

Rejepdurdy Şahalyýew,
Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň umumy orta bilim bölüminiň başlygy.
Beýleki habarlar