Halk kalbynyň aýdymçysy

18 Iýul 2024
347

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda oturdylan dünýä edebiýatynyň, sungatynyň meşhur wekilleriniň heýkelleriniň arasynda Hytaýyň Tan nesilşalygy döwrüniň nusgawy şahyry Du Funuň hem heýkeli bar.

Ikinji ady Szymeý bolan Du Fu 712-nji ýylda dünýä inýär. Du Fu barada belli bolan maglumatlaryň aglabasyny onuň şygyrlaryndan alypdyrlar. Du Fu: «Şygryýet biziň maşgalamyzyň pişesi» diýer ekeni. Sebäbi onuň atasy Du Şen-ýan hem belli şahyr bolupdyr. Ol ýaşlygyndan Hytaýyň dürli ýerlerine syýahat edipdir. Şol döwürler ol meşhur şahyr Li Bo bilen tanşyp, syýahatyny bile dowam etdirýär. Şahyr dostunyň täsiri astynda «Gözeller hakda aýdym», «Güýz ýagmyrlaryny küýseýän» ýaly şygyrlaryny döredýär. 755-nji ýylda «Paýtagtdan Fensýana barýarkam kalbymda dörän bäş ýüz setir» atly meşhur şygryny ýazýar.

Diana DALLAKÝAN,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
Beýleki habarlar