"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Maglumat howpsuzlygynyň kanunçylyk binýady

Bu gün Türkmenistanda maglumat-telekommunikasiýa ulgamlaryny ösdürmek we onuň bilen baglanyşykly kiberhowpsuzlygy üpjün etmek ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ähli ulgamlara dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Kiber wehimlerden goranmak meselesi örän derwaýys bolup durýar. Kiber wehimlerden goranmagyň wajyplygy nazara alnyp, ýurdumyzyň maglumat giňişligini goramak maksady bilen, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýanynda Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugy döredildi. Şeýle hem ýurdumyzda milli maglumat-kommunikasiýa ulgamlarynyň işini düzgünleşdirmegiň we ösdürmegiň hukuk esaslary düýpli kämilleşdirildi. «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýolagçy uçary myhmanhana öwrüler

Fransiýada on ýyl mundan ozal iki gatly iň uly ýolagçy uçary bolan A380 amatlylygy we uzak aralyga uçuş mümkinçiliklerine görä howa gatnawynyň naýbaşysydy. Ýene-de 20 ýyl uçup biljekdigine garamazdan, uçuşlaryň özüne düşýän gymmatynyň ýokarydygy sebäpli olar uçuşdan aýryldy. «Airbus»-yň öňki inženeri Frederik Delez hasapdan aýrylan A380 awialaýnerleriniň birini satyn alyp, ony restoran toplumly myhmanhana öwürmek üçin üýtgedip gurnaýar. Uçar konstruktory 2024-nji ýyla çenli özüniň «Envergure» atly taslamasyny tamamlamakçy. Ol laýneri «Airbus» uçar zawodynyň ýerleşýän Tuluza howa menziliniň golaýynda goýmak isleýär. Gaýtadan gurlan ägirt uly uçarda duş we hajathana bilen birlikde 31 sany otag bolup, şolardan 2-si lýuks otagy bolar. Dispetçer diňi bilen utgaşdyrylan myhmanhanada 60 orunlyk restoran bolar. Uçaryň eýesi myhmanhanany işe girizip, çylşyrymly meýilnamanyň birinji tapgyryny şu ýyl tamamlamagy meýilleşdirýär.

«Desk­top Me­tal» re­kord gir­de­ji ga­zan­dy

Ame­ri­ka­nyň 3D çap­ha­na teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny iş­läp düz­ýän «Desk­top Me­tal» kom­pa­ni­ýa­sy 2021-nji ýy­lyň we dör­dün­ji çär­ýe­gi­niň ha­sa­ba­ty­ny ber­di. Dör­dün­ji çär­ýek­de «Desk­top Me­tal»-yň gir­de­ji­si 123% ýo­kar­la­nyp, ABŞ-nyň 56,7 mil­lion dol­la­ry­na ýet­di. Tu­tuş ýy­lyň do­wa­myn­da gir­de­ji 583% ar­typ, ABŞ-nyň 112,4 mil­lion dol­la­ry­na deň bol­dy. Ge­çen ýyl kom­pa­ni­ýa tä­ze se­na­gat 3D çap ediş «P-50» ul­ga­my­ny önüm­çi­li­ge goý­ber­di. «P-50» prin­te­ri bö­lek önüm çap ed­ýän prin­ter­ler­den has köp muk­dar­da me­tal önüm­le­ri­ni çap et­mä­ge ukyp­ly­dyr.

Bi­le­lik­de tä­ze önüm­çi­lik des­ga­sy­ny gu­rar­lar

Ka­na­da­nyň «Ge­ne­ral Mo­tors» hem-de Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň «Posco Che­mical» kor­po­ra­si­ýa­la­ry Kwe­bek­de (Ka­na­da) elekt­rik ulag­la­ry­nyň ba­ta­re­ýa­la­ry üçin ka­tod-ak­tiw önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän kär­ha­na gur­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär­ler. Tä­ze önüm­çi­lik des­ga­sy­nyň umu­my ba­ha­sy, tak­my­nan, ABŞ-nyň 400 mil­lion dol­la­ry­na ba­ra­bar­dyr. De­giş­li bi­ler­men­le­riň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, tä­ze kär­ha­na ak­ku­mul­ýa­tor ba­ta­re­ýa­la­ry­nyň 40% göw­rü­mi­ni tut­ýan gaý­ta­dan iş­le­nen ni­kel, li­tiý we beý­le­ki ji­sim­ler­den yba­rat bo­lan ka­tod-ak­tiw önüm­le­ri­ni ön­dü­rer.

«Tes­la» few­ral aýyn­da 56 müň 515 elekt­ro­kar ön­dür­di

«Tes­la» kom­pa­ni­ýa­sy 2022-nji ýy­lyň few­ral aýyn­da Hy­taý­da ýer­leş­ýän kär­ha­na­la­ryn­da 56 515 elekt­ro­mo­bil ön­dür­di we şo­la­ryň 33 müň­den gow­ra­gy­ny eks­por­ta iber­di. Şu ýy­lyň ýan­wa­ryn­da kom­pa­ni­ýa ýurt­da 59 845 elekt­ro­mo­bil ön­dü­rip­di. Şeý­le-de şu ýy­lyň few­ral aýyn­da Hy­ta­ýyň «Nio» kom­pa­ni­ýa­sy 6 131 (bu gör­ke­zi­ji ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 9,9% köp­dür), «Li Auto» kom­pa­ni­ýa­sy 8 414 (265,8%), «Xpeng» kom­pa­ni­ýa­sy bol­sa 6 225 (180%) elektro­mo­bil ön­dür­di­ler. Umu­man ala­nyň­da, ge­çen aý Hy­taý­da 1 270 000 elekt­ro­kar ön­dü­ril­di. Bu gör­ke­zi­ji ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 4,7% köp­dür.

«Glo­bal­Found­ries» we «Cadence De­sign» tä­ze 5G çipini dö­reder

In­že­ner­çi­lik kom­pa­ni­ýa­sy «Glo­bal­Found­ri­es» we ýa­rym­ge­çi­ri­ji­le­ri ön­dü­ri­ji «Cadence» hyz­mat­daş­lyk şert­na­ma­sy­ny bag­laş­an­dyk­la­ry ba­ra­da ha­bar ber­di­ler. Şert­na­ma la­ýyk­lyk­da, «Glo­bal­Found­ri­es» we «Cadence» kom­pa­ni­ýa­la­ry 5G ara­gat­na­şy­gy, sag­ly­gy go­ra­ýyş, aw­tou­lag we ho­wa gi­ňiş­li­gi üçin tä­ze krem­niý fo­to­nik çip­le­ri dö­ret­mek ug­run­da bi­le­lik­de iş alyp ba­rar­lar. «Glo­bal­Found­ri­es»-iň fo­to­ni­ka­ny ös­dür­mek we elekt­ron teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň güý­jü­ni ulan­mak ­ üçin «GF Fo­to­nix» plat­for­ma­sy bar. Bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma öý­le­ri we ofis­le­ri in­ter­ne­te bi­rik­dir­mek ýa­ly op­ti­ki ara­gat­na­şy­gyň iň uly bö­lek­le­ri­ni hem öz içi­ne al­ýar.

Gü­nüň kö­me­gi bi­len gu­rak­lyk­dan gu­tul­ma­gyň ýo­ly ta­pyl­dy

Pa­ty­şa Ab­dul­la adyn­da­ky ylym we teh­no­lo­gi­ýa uni­wer­si­te­ti­niň (Sa­ud Ara­bys­ta­ny) we Gon­kong Po­li­teh­ni­ki uni­wer­si­te­ti­niň (Hy­taý) alym­lar to­pa­ry gu­rak­lyk­dan gu­tul­ma­gyň ada­ty bol­ma­dyk we ar­zan usu­ly­ny tap­dy­lar. Alym­lar Gün ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän we ho­wa­dan suw çy­ka­ryp bil­ýän ul­gam oý­lap tap­dy­lar. «WEC2P» diý­lip at­lan­dy­ryl­an en­jam Gün pa­nel­le­rin­den yba­rat we çä­gin­de or­naş­dy­ry­lan sor­ben­tiň kö­me­gi bi­len ho­wa­dan suw bug­la­ry­ny ýyg­nap al­ýar. Pa­nel­le­riň sal­kyn­la­ma­gy bi­len ul­gam ho­wa­da­ky bu­gar­ma­la­ry ösüm­lik­le­ri su­war­mak üçin ýa­ram­ly su­wuk­ly­ga öwür­ýär. Hü­när­men­le­riň pi­ki­ri­çe, şeý­le en­jam­lar ar­zan bolman we di­ňe bir suw ýet­mez­çi­li­gin­den ha­las et­män, eý­sem, Gün en­jam­la­ry­nyň ön­dü­ri­ji­li­gi­ni hem ýo­kar­lan­dy­rar.

Dünýä habarlary

«7/24.tm», № 11 (94), 14.03.2022. DUBAÝDA AÇYK ASMANYŇ ASTYNDA SERGI GURALDY

Ýylyň iň gowy awtoulagy

Koreýa Respublikasynyň «Kia» kompaniýasynyň öndürýän «Kia EV6» modelli elektrik awtoulagy 2022-nji ýylyň iň gowy awtoulagy diýlip yglan edildi. Kompaniýanyň öndürýän bu awtoulaglary ählitaraplaýyn amatlylygy we oňaýlylygy babatda beýleki bäsdeşlerinden öňe saýlanýar. Awtoulagy elektrik energiýasy bilen doly üpjün edeniňden soňra, onda 500 kilometrden gowrak aralygy geçmek bolýar. Özi-de bu elektrik awoulagy zarýady birnäçe minutyň içinde almaga ukyplydyr. Kompaniýanyň bu modelli awtoulagy özüniň daşky dizaýny, salonynyň oňaýlylygy we döwrebaplygy hem-de müşderilere amatlylygy bilen tapawutlanýar. 

«Nokia» ýene-de önümçiligi ösdürmekçi

Häzirki el telefonlarynyň ösmeginde uly orun tutan «Nokia» kompaniýasy 2022-nji ýylda ýene-de täzeden önümçiligi ösdürmegi meýilleşdirýär. Munuň üçin kompaniýa häzirki wagtda uly islege we talaplara eýe bolan smartfon önümçiligini ýola goýmagy maksat edinýär. Täze çykaryljak android ulgamly smartfon nesli «C-Series» diýlip atlandyrylar. önümlerini elýeterli bahada alyjylara ýetirmek kompaniýanyň baş maksady bolup durýar. Dünýä belli smartfon öndürijileriň önümleri ýaly hyzmatlary birkemsiz ýerine ýetirip biljek «Nokia» smartfonlary 75 – 100 funt sterling möçberde satuwa goýberiler. Kompaniýa şeýle hem adaty öýjükli el telefonlarynyň önümçiligini hem togtatmaýar. Döwrüň talaplaryna görä döwrebaplaşdyrylan, ýygnalýan görnüşli el telefonlary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýakynda 20 dollar bahasynda satuwa goýberildi. 

Gözegçi robot

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Pitsburg uniwersitetiniň alymlary mör-möjege meňzeş roboty oýlap tapdylar. Olaryň bellemeklerine görä, täze döredilen robot adamyň baryp bilmeýän ýerlerine ýörite dolandyryş arkaly gözegçilik etmegi üçin döredilipdir. Alymlar roboty döretmek üçin polimer materiallaryndan ýörite onuň mör-möjekleriňkä mahsus beden düzümini döretdiler. Bu açyş özüniň ýeňil agramy we dürli gurşawlarda islendik tarapa hereket edip bilýändigi bilen tapawutlanýar. Mör-möjege meňzeş roboty suwuň aşagynda hem dolandyrmak mümkin.

Innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar

Ýurdumyzda sanly ulgama geçmeklikde bilim ulgamyna uly orun degişlidir. Sanly bilimi ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlardyr hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýan okuwçylaryň, talyplaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklarynyň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Şeýlelikde, häzirki zaman tehniki serişdeleriniň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmek wezipesi hem öňe sürülýär. Şunda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi uly ähmiýete eýedir. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda meýilleşdirilen çäreler boýunça Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebinde hem sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan ylym-bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary ýaly bölümleri özünde jemleýär. Bulardan başga-da, mekdebimizde sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde orta okuw mekdepleri, şeýle-de bilim babatda hyzmatdaşlyk

Iň gowy ekran — «iPhone 12 Pro Max»

Dünýäde tehnologiýa enjamlarynyň ekranlarynyň hilini barlaýan we umumy standarty kämilleşdirýän «DisplayMate»-niň hünärmenleri «Apple»-niň soňky smartfonlaryndan ekrany iň uly we iň gymmady bolan «iPhone 12 Pro Max»-yň jikme-jik synag netijelerini çap etdiler. Bu smartfon 11 kategoriýa boýunça birbada iň ýokary bahany aldy. Ozal «Apple» kompaniýasynyň telefonlarynyň hiçisi bu derejä ýetip bilmändi. «iPhone 12 Pro Max»-yň bäsdeşlerinden üstün çykan aýratynlyklarynyň arasynda reňk takyklygy, suratlaryň kontrasty, ekranyň doly ýagtylygy, tebigy ýagtylygyň kontrasty, displeýiň ýalpyldamaga garşy goragy, ähli nokatlardan seredeniňde ekrandaky şekiliň durnuklylygy we başgalar bar. Kompaniýanyň ozalky telefony bolan «iPhone 11 Pro Max» bary-ýogy 9 kategoriýada, bir ýyl öň bolsa, «iPhone XS Max» 8 kategoriýada öňdeligi eýeläpdi.

«HP» kom­pa­ni­ýa­synyň gir­de­ji­si ýokarlandy

ABŞ-nyň komp­ýu­ter we gö­çü­ri­ji teh­ni­ka­la­ry­ny ön­dür­ýän «HP» kom­pa­ni­ýa­sy 31-nji ýan­war­da ta­mam­la­nan 2022-nji ma­li­ýe ýy­ly­nyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de aras­sa ýyl­lyk gir­de­ji­si­niň 2% ar­typ, ABŞ-nyň 1,086 mil­liard dol­la­ry­na ba­ra­bar bo­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň çär­ýek gir­de­ji­si­ne ber­len çak­la­ma­nyň ABŞ-nyň 16,5 mil­liard dol­la­ry möç­be­rin­de­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, 9% ösüp, ABŞ-nyň 17,028 mil­liard dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy. Mag­lu­mat üçin, «HP» kom­pa­ni­ýa­sy «Hew­lett-Packard» teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy­nyň bö­lün­me­gi­niň çä­gin­de 2015-nji ýyl­da dö­re­di­len ABŞ-nyň iri IT kom­pa­ni­ýa­sy­dyr.

Elekt­rokuwwatlandyryjylary ön­dür­ýän «Be­am Glo­bal» kuwwatlanýar

«Be­am Glo­bal» teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy «AllCell Techno­lo­gi­es» kom­pa­ni­ýa­sy­ny, tak­my­nan, 1 mil­li­on paý­na­ma­sy­nyň ha­sa­by­na sa­tyn al­dy. Şert­na­ma­nyň res­mi­na­ma iş­le­ri 2022-nji ýy­lyň 1-nji mar­tyn­da ta­mam­lan­dy. Şeý­le­lik­de, «Be­am Glo­bal» «AllCell»-iň paý­na­ma­la­ry­nyň 90,3%-ine eýe bol­dy. Bu ge­le­şi­giň ne­ti­je­sin­de, «Be­am Glo­bal»-yň çyk­da­jy­la­ry, tak­my­nan, 7% aza­lar. Kom­pa­ni­ýa­nyň kuw­wat­lan­dy­ry­jy stan­si­ýa­la­ry ener­gi­ýa­ny sak­la­mak üçin Gün pa­nel­le­ri­ we ba­ta­re­ýa­la­r ar­ka­ly iş­le­ýär. «AllCell»-iň bol­sa dür­li ulu­lyk­da­ky ba­ta­re­ýa­la­ry çalt ýyg­na­mak üçin amat­ly önüm­çi­li­gi bar. Şeý­le-de çyk­da­jy­la­ry azalt­mak bi­len bi­le­lik­de, «Be­am Glo­bal» önü­mçi­li­gi­niň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mä­ge müm­kin­çi­lik alar. Ge­çen birža söw­da­laryn­da «Be­am Glo­bal»-yň bir paý­na­ma­sy ABŞ-nyň 14,51 dol­la­ryn­dan ba­ha­lan­dy.

«Panasonic» «Tesla» üçin batareýa zawodyny gurar

Ýa­po­ni­ýa­nyň «Pa­na­so­nic» kor­po­ra­si­ýa­sy «Tes­la»-nyň elekt­rik ulag­la­ry üçin ba­ta­re­ýa za­wo­dy­ny gur­mak mak­sa­dy bi­len, ABŞ-da ýer sa­tyn al­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Bu ba­ra­da «NHK» jem­gy­ýet­çi­lik te­le­ýaý­ly­my ha­bar ber­di. «Pa­na­so­nic» 2024-nji ýy­lyň mart aýy­nyň ahy­ry­na Wa­ka­ýa­ma­da­ky gün­ba­tar ýa­pon za­wo­dyn­da «Tes­la» kompaniýasy üçin tä­ze gör­nüş­li li­tiý-ion ba­ta­re­ýa­sy­ny köp­çü­lik­le­ýin ön­dü­rip baş­lar. 4680 for­mat­ly ba­ta­re­ýa hä­zir­ki wagt­da «Tes­la» ta­ra­pyn­dan üp­jün edil­ýän en­jam­dan, tak­my­nan, bäş es­se ulu­dyr. 

Dünýäniň «Akylly şäherleri»

Iň täze tehnologiýalar esasynda Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli tagallalary netijesinde paýtagtymyz Aşgabadyň keşbi sanlyja ýylyň içinde düýpli özgerdi. Gurlup ulanylmaga berilýän durmuş maksatly desgalaryň innowasion çözgütleriň, ekologik talaplaryň esasynda ýerine ýetirilmegi has-da guwandyryjy ýagdaýdyr. Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy giňden bellenilen 2021-nji ýylda paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ägirt uly, öňdebaryjy innowasiýalara daýanýan «Aşgabat-siti» taslamasyna badalga berildi. Döwrüň häzirki zaman «smart siti» şähergurluşyk taslamasyny özünde jemlejek bu uly göwrümli gurluşyk paýtagtymyzyň dünýäniň yzygiderli ösýän megapolis şäheri hökmündäki ornuny has-da berkider.

Sanly ykdysadyýet: döwrebap hyzmatlar

Ykdysadyýete sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylýan häzirki döwründe halk hojalygynyň ähli pudaklary çalt depgin bilen özgerýär. Adam zähmetiniň sarp edilişini azaldýan sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen bir wagtda birnäçe işleri amala aşyryp bolýar. Munuň özi wagty tygşytlamaga we zähmetiň goraglylygyny üpjün etmäge kömek edýär. Milli Liderimiziň parasatly başlangyçlarynyň esasynda ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak, durmuşyň ähli ugurlaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler bank ulgamynda hem täzeçil tehnologiýalaryň giňden ulanylmagyna ýardam berýär. Ýurdumyzyň banklary tarapyndan nagt däl hasaplaşyklary kämilleşdirmek arkaly raýatlara sanly hyzmatlaryň dürli görnüşleri hödürlenilýär. Şeýle hyzmatlaryň biri hem «Cash back» hyzmatydyr. Bu hyzmatda raýatlar nagt däl hasaplaşyklary geçiren ýagdaýynda, olaryň pul serişdeleriniň bir bölegi bank kartynyň hasabyna gaýtarylyp berilýär. Bu hyzmatdan diňe bir bank kartlarynyň üsti bilen däl, eýsem, ýörite döredilen saýtlaryň üsti bilen töleg geçirilen ýagdaýynda hem peýdalanylyp bilinýär.

«Apple» 2021-nji ýylda kompýuter bazarynda paýyny artdyrdy

«Canalys» seljeriş kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, «Apple» kompaniýasynyň 2021-nji ýylda «Mac» kompýuterleriniň söwdasynyň ösmegi bilen, kompýuter bazaryndaky paýy artdy. Maglumatlara laýyklykda, «Apple» geçen ýyl, takmynan, 10 million kompýuter satdy we bazar paýyny 0,3% ösdürdi. Şeýlelikde, «Apple»-niň kompýuterler bazarynda paýy 11%-e çenli ýokarlandy. Häzirki wagtda «Apple» kompaniýasy bazar paýy boýunça birinjiligi eýeleýän «HP» kompaniýasyndan (bazaryň 28,9%-i), ikinji we üçünji ýerlerde ornaşan «Dell»-den (bazaryň 24,5%-i) we «Lenowo»-dan (bazaryň 16,8%) soň 4-nji ýerde durýar.

Ýylyň iň gowy awtoulaglary mälim edildi

Amerikanyň «Consumer Reports» seljeriş guramasynyň hünärmenleri 2022-nji ýylyň iň gowy awtoulaglarynyň sanawyny mälim etdiler. Oňa laýyklykda, sanawyň birinji ornuny 81 ball toplan «Subaru» awtoulagy eýeledi. Şeýle-de ilkinji onluga «Mazda» we «BMW» (her biri 78 ball), «Honda» we «Lexus» (her biri 77 ball), «Audi» (75 ball), «Porsche», «MINI» we «Toyota» (her biri 74 ball) we «Infiniti» (72 ball) atlaryny ýazdyrmagy başardylar. Sanawyň soňky orunlarynda «Jeep», «Mitsubishi», «GMC» we «Land Rover» awtoulaglarynyň atlary bar. Ýeri gelende bellesek, «Consumer Reports»-yň bilermenleri sanawy dört görkezijiniň — ygtybarlylygyň, talabalaýyklygyň, howpsuzlygyň we ýol synaglarynyň netijeleri esasynda kesgitlediler.