Ýolagçy uçary myhmanhana öwrüler

14 Mart 2022
1342

Fransiýada on ýyl mundan ozal iki gatly iň uly ýolagçy uçary bolan A380 amatlylygy we uzak aralyga uçuş mümkinçiliklerine görä howa gatnawynyň naýbaşysydy. Ýene-de 20 ýyl uçup biljekdigine garamazdan, uçuşlaryň özüne düşýän gymmatynyň ýokarydygy sebäpli olar uçuşdan aýryldy. «Airbus»-yň öňki inženeri Frederik Delez hasapdan aýrylan A380 awialaýnerleriniň birini satyn alyp, ony restoran toplumly myhmanhana öwürmek üçin üýtgedip gurnaýar.

Uçar konstruktory 2024-nji ýyla çenli özüniň «Envergure» atly taslamasyny tamamlamakçy. Ol laýneri «Airbus» uçar zawodynyň ýerleşýän Tuluza howa menziliniň golaýynda goýmak isleýär. Gaýtadan gurlan ägirt uly uçarda duş we hajathana bilen birlikde 31 sany otag bolup, şolardan 2-si lýuks otagy bolar. Dispetçer diňi bilen utgaşdyrylan myhmanhanada 60 orunlyk restoran bolar. Uçaryň eýesi myhmanhanany işe girizip, çylşyrymly meýilnamanyň birinji tapgyryny şu ýyl tamamlamagy meýilleşdirýär.

Taýýarlan Halnazar BAÝNAZAROW,
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň bilim bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar