Ýylyň iň gowy awtoulaglary mälim edildi

27 Fewral 2022
1716

Amerikanyň «Consumer Reports» seljeriş guramasynyň hünärmenleri 2022-nji ýylyň iň gowy awtoulaglarynyň sanawyny mälim etdiler. Oňa laýyklykda, sanawyň birinji ornuny 81 ball toplan «Subaru» awtoulagy eýeledi. Şeýle-de ilkinji onluga «Mazda» we «BMW» (her biri 78 ball), «Honda» we «Lexus» (her biri 77 ball), «Audi» (75 ball), «Porsche», «MINI» we «Toyota» (her biri 74 ball) we «Infiniti» (72 ball) atlaryny ýazdyrmagy başardylar. Sanawyň soňky orunlarynda «Jeep», «Mitsubishi», «GMC» we «Land Rover» awtoulaglarynyň atlary bar. Ýeri gelende bellesek, «Consumer Reports»-yň bilermenleri sanawy dört görkezijiniň — ygtybarlylygyň, talabalaýyklygyň, howpsuzlygyň we ýol synaglarynyň netijeleri esasynda kesgitlediler.


Oguljeren WELIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.
Beýleki habarlar