Innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar

9 Mart 2022
1304

Ýurdumyzda sanly ulgama geçmeklikde bilim ulgamyna uly orun degişlidir. Sanly bilimi ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlardyr hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýan okuwçylaryň, talyplaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklarynyň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Şeýlelikde, häzirki zaman tehniki serişdeleriniň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmek wezipesi hem öňe sürülýär. Şunda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi uly ähmiýete eýedir.

«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda meýilleşdirilen çäreler boýunça Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebinde hem sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan ylym-bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary ýaly bölümleri özünde jemleýär. Bulardan başga-da, mekdebimizde sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde orta okuw mekdepleri, şeýle-de bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Muňa mysal hökmünde üstümizdäki ýylyň 21-nji ýanwarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň halkara bilermeni tarapyndan işlenip taýýarlanylan akuşerçilik boýunça okuw gollanmasyny ara alyp maslahatlaşmaklygyň we 24-nji ýanwarda ÝUNISEF-iň bilermenleriniň gatnaşmagynda patronaž gullugyny kämilleşdirmek boýunça okuw maslahatynyň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilendigini aýdyp bolar.

Mahym GURBANOWA,
Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň sanly bilim ulgamy we maglumat howpsuzlyk boýunça hünärmeni.
Beýleki habarlar