Sanly ykdysadyýet: döwrebap hyzmatlar

28 Fewral 2022
1404

Ykdysadyýete sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylýan häzirki döwründe halk hojalygynyň ähli pudaklary çalt depgin bilen özgerýär. Adam zähmetiniň sarp edilişini azaldýan sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen bir wagtda birnäçe işleri amala aşyryp bolýar. Munuň özi wagty tygşytlamaga we zähmetiň goraglylygyny üpjün etmäge kömek edýär.

Milli Liderimiziň parasatly başlangyçlarynyň esasynda ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak, durmuşyň ähli ugurlaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler bank ulgamynda hem täzeçil tehnologiýalaryň giňden ulanylmagyna ýardam berýär. Ýurdumyzyň banklary tarapyndan nagt däl hasaplaşyklary kämilleşdirmek arkaly raýatlara sanly hyzmatlaryň dürli görnüşleri hödürlenilýär. Şeýle hyzmatlaryň biri hem «Cash back» hyzmatydyr. Bu hyzmatda raýatlar nagt däl hasaplaşyklary geçiren ýagdaýynda, olaryň pul serişdeleriniň bir bölegi bank kartynyň hasabyna gaýtarylyp berilýär. Bu hyzmatdan diňe bir bank kartlarynyň üsti bilen däl, eýsem, ýörite döredilen saýtlaryň üsti bilen töleg geçirilen ýagdaýynda hem peýdalanylyp bilinýär.

Gültäç ANNAMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar