Patyşa Abdulla adyndaky ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň (Saud Arabystany) we Gonkong Politehniki uniwersitetiniň (Hytaý) alymlar topary guraklykdan gutulmagyň adaty bolmadyk we arzan usulyny tapdylar. Alymlar Gün energiýasy bilen işleýän we howadan suw çykaryp bilýän ulgam oýlap tapdylar. «WEC2P» diýlip atlandyrylan enjam Gün panellerinden ybarat we çäginde ornaşdyrylan sorbentiň kömegi bilen howadan suw buglaryny ýygnap alýar. Panelleriň salkynlamagy bilen ulgam howadaky bugarmalary ösümlikleri suwarmak üçin ýaramly suwuklyga öwürýär. Hünärmenleriň pikiriçe, şeýle enjamlar arzan bolman we diňe bir suw ýetmezçiliginden halas etmän, eýsem, Gün enjamlarynyň öndürijiligini hem ýokarlandyrar.