«Apple» 2021-nji ýylda kompýuter bazarynda paýyny artdyrdy

27 Fewral 2022
1322

«Canalys» seljeriş kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, «Apple» kompaniýasynyň 2021-nji ýylda «Mac» kompýuterleriniň söwdasynyň ösmegi bilen, kompýuter bazaryndaky paýy artdy. Maglumatlara laýyklykda, «Apple» geçen ýyl, takmynan, 10 million kompýuter satdy we bazar paýyny 0,3% ösdürdi. Şeýlelikde, «Apple»-niň kompýuterler bazarynda paýy 11%-e çenli ýokarlandy. Häzirki wagtda
«Apple» kompaniýasy bazar paýy boýunça birinjiligi eýeleýän «HP» kompaniýasyndan (bazaryň 28,9%-i), ikinji we üçünji ýerlerde ornaşan «Dell»-den (bazaryň 24,5%-i) we «Lenowo»-dan (bazaryň 16,8%) soň 4-nji ýerde durýar.


Mährijemal ATABALLYÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar