"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Taryhy wakalara buýsanýarys

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramyna barýan günlerimizde ýurdumyzda bolup geçýän taryhy wakalar her birimiziň toý şatlygymyza şatlyk goşýar. Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň açylmagy, Mary welaýatynda “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasynyň düýbüniň tutulmagy, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, “Turgundy” demir ýol bekediniň “gury portunda” ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşygyna girişilmegi, şeýle-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän “Nur-el-Jahad” elektrik bekediniň işe girizilmegi kalbymyzy joşduran wakalar boldy. Şol şatlykly wakalary milli teleýaýlymda, “Watan” habarlar gepleşiginde uly tolgunma we buýsanç bilen synladyk. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taryhy wakalar mynasybetli geçirilen dabaradaky çykyşynda belleýýşi ýaly, täze desgalaryň ulanmaga berilmegi we birnäçe desgalaryň gurluşygyna ak pata berilmegi bilen, Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň arasynda giň gerimli hyzmatdaşlyk etmek

Wagyz-nesihat duşuşygy

“Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäginde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky 42-nji orta mekdepde bilim alýan ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýol hereketiniň asudalygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirilýän tutumly işleri ýaşlaryň arasynda wagyz etmekden, ýaşlaryň ýol hereketleriniň kadalaryny berjaý etmegini gazanmakdan ybarat boldy.

Kadalary berjaý etmek borjumyzdyr

Babadaýhan etrabyndaky 11-nji we 17-nji orta mekdeplerde “Kadalary berjaý etmek borjumyzdyr” ady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşyklary “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyga bagyşlandy. Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi hem-de etrap polisiýa bölümi tarapyndan guralan duşuşyklara ýokary synp mekdep okuwçylary gatnaşdy. Duşuşyklarda ýurdumyzyň köçe-ýollarynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmäge uly ünsüň gönükdirilýändigi, bu ugurda edilýän tagallalaryň gözbaşynda ynsan saglygy we bagtyýarlygy babatdaky aladalaryň durandygy dogrusynda gürrüň edildi. Çykyşlarda pyýadalaryň ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmeginiň we ýollaryň ýörite niýetlenilen ýerlerinden geçmegiň möhümdigi hakda aýdylanlar uly dykgat bilen diňlenildi.

Ýollar abat — iller abat

Bäherden etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň guramagynda etrabyň sport mekdebinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Sport mekdebiniň tälimçileriniň we türgenleriniň gatnaşmagynda bolan duşuşykda etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesiniň wekili çykyş edip, ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek, pyýadalaryň we sürüjileriň borçlary barada durup geçdi. Işjeň häsiýetde geçen duşuşykda oňa gatnaşanlara ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça degerli maslahatlar berildi. Bu çärä gatnaşanlar ýollarymyzyň asuda, abadan, parahat bolmagy üçin bimöçber alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň mydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Şöhraty dünýä dolýan şäher

Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen «akylly» şäherleriň «World Smart City Expo» atly halkara sergisinde Arkadag şäheriniň «Iň tapawutlanan «akylly» şäher», «Daşary ýurt «akylly» şäheri», «World Smart City Expo 2024» atly halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» diýen ugurlar boýunça ýörite sylaglara mynasyp bolandygy hakdaky şatlykly habar ulus-ilimizi begendirdi. Nobatdaky abraýly baýraklar dag eteginiň gözel künjegindäki «akylly» şäheriň Ýer ýüzündäki şöhratynyň dabaralanýandygynyň nyşanydyr. Geçen ýylynyň tomsunda dabaraly ýagdaýda açylan, döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheri bu gün göreni haýrana goýýar. Ozal hem halkara güwänamalardyr sylaglaryň 20-den gowragynyň eýesi bolan bu şäherde ornaşdyrylan sanly ulgamyň mümkinçilikleri we iň häzirki zaman tehnologiýalar, ýaşaýyş üçin döredilen iň amatly gurşaw «akylly» şähere gyzyklanmany artdyrýar.

Mekdep okuwçylary bilen geçirilen duşuşyk

“Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölümi, Sarahs etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesi we etrap bilim bölümi bilen bilelikde guralan duşuşyk “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyga bagyşlandy. Etrapdaky 21-nji orta mekdepde bolan duşuşyga mekdep okuwçylary gatnaşyp, olar ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek boýunça täsirli çykyşlary dykgatly diňlediler. Duşuşykda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy—ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň geçirilmeginiň ähmiýeti we maksady düşündirildi, pyýadalaryň borçlary we ýoldan geçilende seresaply bolmak barada aýdyldy. Ýaşlara gymmatly maslahatlaryň berilmegi, öwüt-ündewleriň aýdylmagy duşuşygyň netijeliligine oňyn täsirini ýetirdi.

Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy

Kaka etrabyndaky 14-nji, 16-njy, 19-njy, 26-njy orta mekdeplerde, şeýle-de 7-nji, 9-njy, 10-njy çagalar baglarynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk mynasybetli wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi. Etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim bölüminiň hem-de etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň bilelikde guramagynda geçen duşuşyklar uly täsirleri döretdi. Duşuşyklarda mekdep okuwçylarynyň we körpeleriň arasynda ýol hereketiniň düzgünleri wagyz-nesihat edildi. Ýoluň pyýadalar üçin niýetlenen ýerlerinden geçmegiň möhümdigi, ýol belgileriniň aňladýan manylary barada aýdylanlar uly dykgat bilen diňlendi.

Işjeňlikde geçen duşuşyk

Sarahs etrabyndaky «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň mejlisler jaýynda ýaş işçi-hünärmenleriň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna we “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanan duşuşygy müdirligiň ilkinji ýaşlar guramasy gurady. Ýurt Garaşsyzlygynyň gazananlaryny, berkarar Watanymyzyň ösüş-özgertmelerini, ýurdumyzyň alyp barýan ýaşlar syýasatyny wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen duşuşykda täsirli çykyşlar diňlendi. Beýik döwrümiziň gadyr-gymmaty, ýaşlaryň bilim almagy, hünär öwrenmegi, gurmagy, döretmegi, eşretli durmuşymyzyň hözirini görüp ýaşamagy, sport bilen meşgullanmagy ugrunda edilýän tagallalar dogrusynda aýdylanlar uly täsirleri döretdi.

Watanymyzyň ykdysady kuwwaty artýar

Döwletimiziň binýatlaýyn esaslaryny has-da berkitmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, ähli pudaklaryň düzümlerini döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, umumy maksatlara ýetmegiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň möhüm wezipeleridir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet gurluşynyň strategik wezipelerini çözmek boýunça alyp barýan syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýän geçen hepdäniň wakalary hem munuň aýdyň güwäsidir. 4-nji sentýabrda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirilip, onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Gün tertibine Garaşsyz Türkmenistanda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler hem girizildi. Ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň gullugy, ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek babatda görülýän çäreler, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýöriteleşdirilen okuw mekdeplerinde üstünlikli geçirilen giriş synaglary, Watanymyzyň Gar

Arkadag şäheri halkara baýraklaryna mynasyp boldy

Arkadag şäheri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşanyna öwrülip, gülleýär, ösýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen iň täze sanly tehnologiýalary özünde jemleýän döwrebap Arkadag şäheriniň gurulmagy ýurdumyzyň ösüşiniň nusgalyk görkezijisine öwrüldi. Ýurdumyzyň taryhynda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheri sebitde şähergurluşygynda öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýan, «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan ekologiýa ulgamyna uly üns berilýän, sazlaşykly ösýän merkez hökmünde bellidir. Diýarymyzyň gadymy künjekleriniň birinde, ajaýyp dag eteklerindäki giň meýdana ýaýylyp gidýän täze şäher öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk, «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan «akylly» şäheriň ajaýyp nusgasy bolup, bu desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa materiallar ulanylandyr. Täze şäher halkara sylaglaryň 21-siniň eýesidir. Arkadag şäherine «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänama hem berildi. Ýakynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen «World Smart City Expo» atly halkara serginiň çäklerinde Arkadag şäheriniň ýörite baýraklaryň 3-sine mynasyp bolmagy guwandyryjy çözgüt boldy.

Döwletli ýörelgeleriň dowamaty

Bu ýyl dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede giňden bellenilýär. Halkynyň ýürek telwasyny şygyrlarynda beýan edip, «Berkarar döwlet istärin» diýen beýik şahyryň arzuw eden zamanasynda ýaşap, döredijilikli zähmet bilen eziz Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak bagtdyr. Biziň bu günki ýeňişlerimizem, üstünliklerimizem jan Watanymyz Türkmenistanyň garaşsyz ösüş ýoly bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Garaşsyz döwletimizde ildeşlerimiziň agzybirligine, döredijilik başarnygyna daýanyp, ata-babalarymyzyň döwletli ýörelgelerine eýerip, ösüşiň milli nusgasy bilen öňe sary ilerleýäris. Şu günler ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda — 24-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine giňden taýýarlyk görülýär. Demokratik, hukuk, dünýewi döwletimizi depginli ösdürmek maksatlaryndan ugur alnyp döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda Halk Maslahatynyň ata-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ylymdar geňeşdarlary ýygnap, karara gelmek däbini, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudygy bellenilýär. Esasy Kanunymyzda halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşy hökmünde ykrar edil

Güýzlük bugdaý ekişi toý ruhunda badalga aldy

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaý ekişine başlamaga beren ak patasyndan göwni galkynan Ahal welaýatynyň ak ekin ussatlary hem geçen hepdäniň çarşenbe güni dili senaly hormatly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen möwsüme toý ruhunda girişdiler. 2025-nji ýylyň bugdaý hasyly üçin güýzlük däne ekişine başlanmagynyň öňüsyrasynda geçen oba hojalyk işgärleriniň tejribe maslahaty netijeliligi bilen alamatlandy.

Garaşsyzlyk — baky bagtymyz

Bagtyýar türkmen halky sanlyja günlerden ýurt Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly toýuny giňden belläp geçer. Bu sene ulus-ilimiziň durmuşynda aýratyn uly mana eýedir. Çünki Garaşsyzlyk — ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden arzuwynyň wysal tapmasydyr. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen türkmen halky Garaşsyzlygyň gazananlaryna buýsanyp, gurýar, döredýär, beýik tutumlara goşant goşýar. Geçen gysga taryhy döwrüň içinde Watanymyzyň ýeten derejesine, içeri we daşary syýasatda gazanylan üstünliklere nazar aýlanyňda kalbyň has-da joşa gelip, göwün guşuň ganatlanýar. Watanymyzyň ähli sebitlerindäki täze, döwrebap obalar, şäherçeler, innowasion tehnologiýaly iri zawoddyr fabrikler, durmuş-medeni maksatly häzirki zaman binalary, şol sanda bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň binalary, lukmançylyk merkezleri, saglyk öýleri we merkezleri, medeniýet öýleri hem-de beýlekiler mukaddes Garaşsyzlygyň beren miweleridir.

Pagta — gymmatly baýlyk

Ýurdumyzyň oba hojalygynda jogapkärli möwsümleriň biri-de pagta ýygymydyr. Uly baýlyk hasaplanýan pagtany ýetişdirmek irginsiz zähmeti talap edýär. Zähmetsöýer pagtaçylarymyz şanly ýylyň gowaça hasylyny ýetişdirmekde yhlasly zähmet çekdiler. Olaryň topraga yhlasynyň ýerine düşendigine berekedini bolluk bilen eçilen «ak altynly» atyzlar hem şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň pagta ýygymyna beren ak patasyndan göwni galkynan welaýatymyzyň pagtaçylary şu gün ýaşuly nesliň gatnaşmagynda möwsüme dabaraly ýagdaýda girişýärler. Jogapkärli möwsüme Ak bugdaý etrabynyň oba zähmetkeşleriniň taýýarlykly gelendigini bellemek gerek. Etrabymyzda pagta ýygýan kombaýnlar, beýleki oba hojalyk tehnikalary hem-de pagta arassalaýjy kärhanadyr kabul ediş harmanhanalar möwsüme öňünden doly taýýar edildi.

Zähmetde taplanan zenan

Päk zähmetden kemal tapyp, ene ýere bagry badaşan zähmetsöýer adamlar barada söz açmagyň özboluşly lezzeti bar. Şu gün hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynda pagta ýygymyna girişilýär. «Ak zat alnyňa ýagşy» diýlişi ýaly, Watan harmanlaryna gelýän «ak altynly» kerwenleriň hatary uzaýar. Kärende ýerine gowaça ekip, idegi mazaly ýetirilen atyzlarda «ak altynyň» ýokary hasylyny ýetişdiren ahally pagtaçy daýhanlar üçin hem gyzgalaňly möwsüm başlanýar. Bu jogapkärli möwsüme yhlasly girişen kärendeçileriň biri-de Gurbangül Ataýewa. Ol Ak bugdaý etrabynyň Myratberdi Sopyýew adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň «Täze oba» bölüminiň kärendeçisi. Gurbangül bilen Muhammetnazar Ataýewleriň maşgalasynda ene ýeriň kerem-keramatyna, mukaddesligine, bereket-bolçulygyna aňryýany bilen düşünilýär. Maşgalada hemmeleriň «Baýlygyň enesi — ýer, atasy — zähmet», «Edenli adam topragy altyna öwrer» diýlen peder pentlerine ynanyp ýaşamagynda Gurbangülüň şahsy göreldesine aýratyn orun degişlidir. Onuň özi 27 ýylyň kärendeçi daýhany, ýanýoldaşy Muhammetnazar bolsa, bölümiň tejribeli mehanizatorlarynyň biri. Ikisiniň döwletli ojagynda bäş perzent — bäş goç ogul kemala gelýär. Olaryň ululary Bagdat, Batyr, Bagtyýar Watan öňündäki harby gulluk borjuny berjaý edip, zähmet ýoluna gadam basan ýigitler. Murgap bilen Söhbet bolsa, heniz mekdep okuwçylary. Çagalar, esasan

Ene — dünýäniň görki

«Ene» diýen ýekeje sözüň aňyrsynda daglar ýaly belent many ýatyr. Ene ýüreginde nurly güneş kimin gyzgyn mähir, tolkun atýan ummanlar deýin möwçli söýgi ýerleşýär. Ene — gudrat, ene — keramat. Dünýäniň bahar-ýazy, ýaşaýşyň ýaraşygy eneleriň barlygy bilen şöhlelenýär. Ene — her birimiziň göz açyp gören, diňe görer göz bilen däl-de, eýsem ýürek urgusy bilen kabul eden, göwün ganaty bilen guçan mähribanymyz. Ene — dünýädäki bar ajaýyplykdan üstün gelýän keşbiň eýesi. Şeýle bolansoň, her kim öz ejesini dünýädäki iň owadan, iň mähriban we iň hamrak ynsan hasaplaýar. Rowaýatda aýdylyşyna görä, ejesinden azaşyp aglaýan oglanjykdan: «Ejeň nähiliräk aýal, daş keşbi nähili bolmaly?» diýip, soranlarynda, oglanjyk ejesini «Ejem — iň owadan aýal» diýip suratlandyrypdyr. Ene mähriniň çaga ýüregini çoýýan ýylysy dünýädäki ähli gözelliklerden belentde durýar. Adamzat üçin eneden mährem, eneden eziz, eneden ýakyn ýaradylyş ýokdur. Eziz Watan bilen mähriban ene ynsanyň iň arzyly mukaddeslikleridir. Eneler — maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy. Häzirki zaman jemgyýetinde maşgala ojagyny berkitmek, kämil dünýägaraýyşly, sagdyn nesilleri kemala getirmek ýaly hyzmatlary bilen, eneler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşlerine örän uly goşant goşýarlar. Türkmen eneleri maşgala ojagynyň ýylysyny, nesil-neberesiniň abraýyny, jemgyýetiň ahlak binýatlaryny, ynsanperwer ýörelgelerini, däplerini gorap

Gyz edebi — göwher

Halkyň arasynda gyz edebi barada köp gürrüňler edilýär. Munuň özi halkymyzyň gyz maşgala bilen bagly gadymy ýörelgeleriniň owaldan-ahyra ünsden düşürilmeýändigini aňladýar. Ene-mamalarymyz «Gyzly öý — gyzylly öý» diýipdir. Türkmen halkynyň gyz maşgala terbiýe berşi-de özboluşly. Gelin-gyzlarymyzda öz milliligimize mahsus bolan asyllylygy, edep-ekramlylygy, sypaýylygy, päkizeligi, ula hormat, kiçä sarpa goýmagy terbiýelemek, ir döwürlerde bolşy ýaly, häzirki wagtda hem uly ähmiýete eýedir. Bu häsiýetler il-gün üçin taýsyz genji-hazyna. Şular bilen bir hatarda, gyz perzentleriň maşgalada öwrenen biş-düş, tikin-çatyn, arassaçylyk başarnyklary hem geljekde hersi bir maşgalanyň sütüni bolmaly gyzlarymyzyň bezegidir, zynatydyr. Gyz edebi onuň asylly hereketlerinde hem görünýär, onuň hereketleri hiç kimiň nazaryndan sypmaýar. Şu jähetden, bir ýaşuly enäniň aýdyşy ýaly, gyz maşgala asylly bolmaly, asgyn bolmaly däl, dogumly bolmaly, gödeksi bolmaly däl, alçak bolmaly, ýeňles bolmaly däl. Şu sözdäki bolmaly hem bolmaly däl diýilýänleriň arasynda kiçijik çygyrly uly tapawut bar. Gyz maşgalalar şol tapawudy bilip, «bolmaly däl» diýlen häsiýetlerden gaça durmaly. Akyly, edebi ýüz-gözüniň nurunda jemlenen, iş-güýçden gaçmaýan gyzlar taryp bilen wasp edilmäge, söýülmäge mynasypdyrlar. Şonuň üçin hem ene-mamalarymyz gyz perzentlerine öwüt berende: «Gürlände-güleňde sesiň gürrüňdeşiň gulagynd

Söýýän göz gözellik görýär

Görseňizläň, älem-jahan nähili gözel! Seleňläp görünýän geriş-geriş daglaryň depeleri asmana gol gerip duran ýaly. Bu owadan görnüşden, howanyň tämizliginden aýrylyp bilmän, men öňki endigime görä, ýanýodadan pikir ummanyna gark bolup barýaryn. Men öňler işime gijä galmazlyk üçin tiz ýöreýärdim. Bu gün bolsa asla howlugasym gelenok. Men häzir wagtyň geçmän durmagyny isleýärin. Güýzüň gelendigini buşlaýan howa, şabat şemal ýaňaklarymdan sypap, saçlarymy daraýar. Seýilgähiň ýanyndan pessaý ýöräp, çar ýanymy söýgi bilen synlaýaryn. Suw çüwdürimleriniň ýokardan aşaklygyna düwmelenip gaçmagy göwnümi has-da göterýär. Men bu gözelliklere maýyl bolup barşyma öz-özüme ýüzlenip, göwnühoşlugymyň sebäbini soraýaryn. Şonda ýürek onuň sebäbiniň söýgüdigini aýdýar. Aslynda, söýgi hakda oýlanan pursadym men ähli zady unudýaryn. Bu taýsyz hem süýji duýga goýýan hormatym-sarpam meni bagtyýar ýaşadýar. Söýgi mukaddesligini gorap saklamagy başymyň täji, alnyma ýazylan bagtly ýazgydym hasap edýärin. Bir gün men uzak ýola ýolagçy boldum, şonda maňa ýüzi nurana, kümüş saçly bir ene bilen ýoldaş bolmak bagty miýesser etdi. Köp gürrüňdeşlikden soň ol ene meniň ýüzüme synçy nazaryny dikip, bir sowal berdi:

Güýzüm

Şatlyk sen, ylham sen, melhem sen jana,Joşup ýazylmaly dessansyň, güýzüm!Yşkdan ganat baglap asman uçmaga,Zeminde gül açan bossansyň, güýzüm! Ak säheriň, al şapagyň, ak durnaň,Geň däl, dolanaryňa garaşyp ýörmäm,Bagt ahyr seni ýene-de görmäm,Kalbymdan syzylan kyssamsyň, güýzüm!

Zehinli çagalaryň sungat baýramçylygy

Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşyjylaryň jemleýji konserti geçirildi. Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen sungat baýramçylygyna ýurdumyzyň welaýatlarynda, Arkadag we Aşgabat şäherlerinde geçirilen tapgyrlaryň ýeňijileri gatnaşdy. Berkarar Watanymyzyň umumybilim berýän we sazçylyk mekdeplerinde, döredijilik merkezlerinde hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynda bilim alýan we terbiýelenýän zehinli çagalary ýüze çykarmak, olaryň zehinlerine goldaw bermek, çeper höwesjeňligini, sungat ussatlygyny žanr taýdan köp dürli öwüşginleri bilen ösdürmek, milli aýdym-saz medeniýetiniň ýörelgeleriniň dowamatlylygyny berkitmek, şeýle-de ösüp gelýän ýaş nesli ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemek, milli sungatymyza söýgüsini artdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşik turuwbaşdan ruhubelentlige beslendi. Bagtyýar çagalaryň Watana bolan çäksiz söýgüsi, ajaýyp döwrümize bolan buýsanjy, zehin-başarnygy, ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy sungat çykyşlarynda aýdyň ýüze çykdy.