Ýollar abat — iller abat

11 Sentýabr 2024
75

Bäherden etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň guramagynda etrabyň sport mekdebinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Sport mekdebiniň tälimçileriniň we türgenleriniň gatnaşmagynda bolan duşuşykda etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesiniň wekili çykyş edip, ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek, pyýadalaryň we sürüjileriň borçlary barada durup geçdi.

Işjeň häsiýetde geçen duşuşykda oňa gatnaşanlara ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça degerli maslahatlar berildi. Bu çärä gatnaşanlar ýollarymyzyň asuda, abadan, parahat bolmagy üçin bimöçber alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň mydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Hurmagül ANNAGURBANOWA,
Bäherden etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň kärdeşler arkalaşyklary guramasynyň başlygy, tälimçi-mugallym.