Zehinli çagalaryň sungat baýramçylygy

10 Sentýabr 2024
44

Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşyjylaryň jemleýji konserti geçirildi. Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen sungat baýramçylygyna ýurdumyzyň welaýatlarynda, Arkadag we Aşgabat şäherlerinde geçirilen tapgyrlaryň ýeňijileri gatnaşdy.

Berkarar Watanymyzyň umumybilim berýän we sazçylyk mekdeplerinde, döredijilik merkezlerinde hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynda bilim alýan we terbiýelenýän zehinli çagalary ýüze çykarmak, olaryň zehinlerine goldaw bermek, çeper höwesjeňligini, sungat ussatlygyny žanr taýdan köp dürli öwüşginleri bilen ösdürmek, milli aýdym-saz medeniýetiniň ýörelgeleriniň dowamatlylygyny berkitmek, şeýle-de ösüp gelýän ýaş nesli ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemek, milli sungatymyza söýgüsini artdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşik turuwbaşdan ruhubelentlige beslendi. Bagtyýar çagalaryň Watana bolan çäksiz söýgüsi, ajaýyp döwrümize bolan buýsanjy, zehin-başarnygy, ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy sungat çykyşlarynda aýdyň ýüze çykdy.

Ýörite habarçymyz.