"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Saglygyňyzy goraň, sagdyn boluň!

Häzirki wagtda dünýäde giňden ýaýran ýiti ýokanç keseliň ýurdumyza aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen baglanyşykly, edara-kärhanalarda, guramalarda sanitariýa talaplarynyň ýerine ýetirilmegine we degişli zyýansyzlandyryş işleriniň geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Howanyň düzümindäki ynsan saglygyna ýetirýän tozan bölejikleriniň kadadan artmagy sebäpli, agyz-burun örtükleriniň ulanylmagynyň ähmiýetiniň uly bolşy ýaly, 2 metr howpsuz araçägi saklamak we arassaçylygy berk berjaý etmek hem wajypdyr. Hormatly Prezidentimiziň ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, ömrüň dowamlylygyny artdyrmak, kadaly iýmitlenmek, sporty wagyz etmek babatda edýän taýsyz tagallalaryndan ugur alnyp, Sarahs etrabynda wagyz-nesihat işlerine möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň wekilleri hem etrap hassahanasynyň maşgala lukmanlary bilen bilelikde etrabyň ýaşaýjylarynyň öýlerine aýlanyp, olaryň arasynda düşündiriş işlerini alyp barýarlar. Şeýle işleriň barşynda gyşyň dowam edýän häzirki günlerinde howa şertlerine laýyk geýinmegi, milli tagamymyz bolan burçly unaşy, şeýle-de witaminlere baý bolan gök-miwe önümlerini köpräk kabul etmegi, öýlerde üzärlik tütetmegi maslahat berýärler. Mundan başga-da, köpçülik ýerlere, ýola çykylanda agyz-burun örtüklerini dogry dakmagyň, spor

Şygryýet bossany

Täze ýylym, täze ýylym! Ýyllar ýyllardan zyýada,Eýe bolduň gözel ada,Ýetirsiň bizi myrada,Täze ýylym, täze ýylym!

Beýi

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda türkmen topragynda bitýän, ösümlikler barada gymmatly maglumatlar berilýär. Şolaryň biri-de dermanlyk häsiýeti bolan beýidir. Alymlaryň bellemeklerine görä, beýi adamlar tarapyndan iň gadymy özleşdirilen ekinleriň biridir. 4000 müň ýyl mundan ozal Aziýada ösdürilip başlanan beýi, gaty we diş gamaşdyryjy miwe hökmünde belli bolupdyr. Halklaryň özara gatnaşyklary sebäpli, bu miwe birnäçe dünýä ýurtlaryna ýaýrapdyr. 100 gr beýiniň düzümini 8.9 gr uglewodlar, 7.0 gr fruktoza hem-de glýukoza, saharoza düzýär. Beýide A, B, B2, B6, C, E, PP witaminlerden başga-da, ençeme minerallar bar. Ol kaliý duzuna baý bolup, onda onuň 144 mg golaý mukdary saklanýar. Beýi alma we limon turşulyklaryna baý bolup, ol ynsan saglygyna oňaýly täsir edýän ýokumly maddalara baýdyr. Şeýle hem şol maddalaryň ynsanyň ruhy ýagdaýynyň gowulaşmagyna, aşa tolgunmanyň çalt geçmegine oňat täsir edýändigini-de bellemelidiris. Aslynda her miwäniň özboluşly ýakymly ysy bolýar. Beýiniň hem, bişen wagty aýratyn ýakymly, özüne çekiji ysy bardyr. Beýi köp ýurtlaryň naharlarynda ulanylýar. Aslynda ol iýmesi kynrak miwe hasaplanýar. Ýöne soňky döwürde ösümlik dünýäsi bilen iş salyşýan seçgiçi alymlarymyzyň, bagbanlarymyzyň geçiren tejribeleri netijesinde, alma, armyt ýaly miweler bilen sapylan beýiler ýumşak, hatda

Türkmenistanyň daşary syýasaty we baky Bitaraplyk

Ýurdumyzyň hem dünýäniň syýasy, ykdysady, ulag-aragatnaşyk we medeni durmuşynda möhüm yz goýan, şeýle-de döwlet berkararlygynyň berkemegi, ykdysady durnuklylygyň gazanylmagy hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň ösmegi üçin ählumumylaşmagyň üýtgewsiz şert bolup durýandygyny subut eden 2020-nji ýyl taryha altyn harplar bilen ýazylar. Bu gün uly arzuw, üýtgewsiz umyt bilen garşylanan Täze, 2021-nji ýylyň — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günleri. Bu gün Türkmenistan we onuň agzybir halky hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda indiki maksatlara, ýeneki sepgitlere, şöhratly ýeňişlere ýetmek üçin uly umyt bilen Täze ýylyň nurana gününe oýandy. 2020-nji ýyl ählumumy kynçylyklaryna, dünýädäki ykdysady çökgünlige garamazdan, Türkmenistan üçin ähmiýetli ýyllaryň biri boldy. Çünki bu ýyl ata Watanymyz baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny giňden belläp, halkara çäreleriň ençemesini geçirdi we dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň, dost-doganlygyň rowaçlanmagy üçin Birleşen Milletler Guramasynyň beýik münberinden ençeme başlangyçlary öňe sürdi.

Döwletli döwranymyz

Agzybir, merdana halkymyzyň tutanýerli we yhlasly zähmeti bilen ata Watanymyz çalt depginde ösýär, özgerýär. Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni-durmuş ugurlarynda gazanýan üstünlikleri bolsa, milli Liderimiz tarapyndan kabul edilýän maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Tamamlanan, 2020-nji ýylda ýetilen sepgitler ata Watanymyzyň täze belentlikleriň ýoly bilen aýdyň geljege tarap ynamly öňe barýandygyna, ýurdumyzyň halkara derejesinde tutýan ornunyň barha ýokarlanýandygyna şaýatlyk etdi. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň uludan toýlanmagy, ýurdumyzyň dünýäde iki gezek ykrar edilen hem-de BMG-niň degişli Kararnamalary bilen berkidilen bu halkara hukuk ýagdaýynyň şanyna baý many-mazmunly, örän ähmiýetli çäreleriň geçirilmegi tamamlanan ýylyň täze taryhymyzy has-da şöhratlandyran wakalaryna öwrüldi. Sözüň doly manysynda bellesek, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly ýurdumyzyň durmuşynda dürli syýasy, ykdysady, medeni wakalara beslenip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz üçin baýramçylyk ýylyna öwrülmek bilen, türkmen halkynyň taryhy ýyl ýazgysynyň şanly sahypasy hökmünde taryha girdi.

Milli ykdysadyýetiň möhüm ugry

Energiýa-ýangyç serişdelerine, esasan hem, tebigy gaza baý bolan Türkmenistanyň öz energiýa serişdelerini täze bazarlara çykarmagy ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň esasy çeşmeleriniň biri bolup durýar. Bu ulgamda işleri ilerletmek we durnukly ösüşi gazanmak möhüm wezipeleriň biridir. Ýurdumyz öz «mawy ýangyjynyň» gorlaryny agtarmak, olary senagat taýdan özleşdirmek, dürli harytlary öndürmek hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen tebigy gazy dürli ugurlar boýunça ugratmak meselesine aýratyn üns berýär. Milli Liderimiziň ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegiň depginlerini has-da ýokarlandyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzyň nebitgaz ýataklaryny bilelikde özleşdirmäge maýa goýumlaryny çekmek, dünýäniň gaz bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň çykarylyşyny artdyrmak boýunça ileri tutulýan maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Eziz Watanymyzyň tutuş çägi, şol sanda Hazaryň deňiz ýalpaklygy häzirki wagtda ýangyç serişdeleriniň täze ýataklaryny gözlemek nukdaýnazaryndan uly gyzyklanma eýe bolýar. Ýer astynyň çuň geologiýa gurluşyny geofiziki taýdan barlamagyň möçberlerini artdyrmak, geljegi uly nebit we gaz düzümlerini ýüze çykarmak, olary çuňňur gözleg-barlag burawlamak işine taýýarlamak we soňra nebitiň we gazyň gorlaryna baha bermek hem-de gorlary senagat derejesine geçirmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Ýangyç serişd

Täze ýylyň şatlygy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly welaýatymyzda aýratyn uly ruhubelentlik we joşgun bilen garşylandy. Täze ýylyň ilkinji gününiň baýramçylyk ruhy ýylyň şygaryndan göwni galkynan bagtyýar ildeşlerimiziň ýüzündäki şatlygyndan we begenç alamatlaryndan göründi. Täze, 2021-nji ýylyň ilkinji gününde welaýatymyzda egsilmez joşguna utgaşan dabaralar geçirildi. Şolaryň esasylarynyň biri-de welaýat häkimliginiň golaýyndaky Mukaddeslik meýdançasynda ýaýbaňlandyryldy. Bu ajaýyp ýerde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Döwlet baýdagymyzyň belende galdyrylyş dabarasy boldy.

Beýik üstünliklere ruhlandyrdy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Bitarap Watanymyz gözümiziň alnynda ösýär we özgerýär. Ýurdumyzyň ähli ugurlarda gazanýan ägirt uly üstünlikleri, ýetýän belent sepgitleri milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna itergi berýär. Diýarymyzyň şeýle ösüş-özgertmelerine tamamlanan, 2020-nji ýylyň dowamynda turuwbaşdan şaýat bolduk. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçirilen ýylda dürli çärelere, aýdym-sazly dabaralara, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşliklere, duşuşyklardyr maslahatlara gatnaşdyk. Bu zatlar bize Täze, 2021-nji ýyla uly ruhubelentlik bilen gadam basmaga hyjuw berdi. Garşylanan ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy kalbymyzy has-da joşa getirip, toý şatlygymyzy goşalandyrdy. Bu ajaýyp şygar ulus-ilimizi Gahryman Arkadagymyzyň daşyna has-da berk jebisleşip, netijeli zähmet çekmäge, döretmäge we gurmaga ruhlandyrdy. Ata Watanymyzda parahatçylyk, asudalyk, abadanlyk höküm sürýär. Döwrebap şertlerde zähmet çekmäge, bilim almaga, hünär öwrenmäge, kämillige ýetmäge ähli şertler üpjün edilýär. Şeýle bolansoň, halkymyz durmuş eşretleriniň hözirini görüp bagtyýarlykda ýaşaýar. Bu ajaýyp mümkinçiliklerdir şertler, amatlyklar Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Muňa oňat düşünmek bilen, gadam basylan «Türkmenistan — parahatç

Bolçulygyň mekany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen daýhanlarynyň toprakdan bol hasyl almaklary üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Bir söz bilen aýdanyňda, türkmen topragy — keramatly, sahawatly, bereketli toprak. Her gysym gumy zere-düre deňelýän bu toprak daýhanyň yhlasyna görä berekedini eçilýär. Ata-babalarymyz öz rysgyny hemişe ene toprakdan tapypdyr. Pederlerimizden galan bu ýörelge häzirki wagtda-da oba zähmetkeşleriniň durmuş ýörelgesiniň baş ugrdyr. Ösüşlere beslenýän Diýarymyzda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagy milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi üçin kuwwatly binýady döretmäge mümkinçilik berdi. Şunda ýurdumyzyň halk hojalygynyň möhüm pudaklarynyň biri bolan oba hojalygyna hem uly orun berilýär. Oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek we azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy, yzygiderli goldawy bilen ýurdumyzda bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde, dünýäniň öňdebaryjy döwletlerinde öndürilen döwrebap oba hojalyk tehnikalary we gurallary, olar üçin ätiýaçlyk şaýlary hem-de beýleki zerur serişdeler yzygiderli satyn alynýar.

Sanly elektron tölegler ulgamy

Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň binýadynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, edara-kärhanalarda sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly ykdysadyýetimizi köpugurly ýol bilen ösdürmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Döwrebap ösen bazar ykdysady şertlerinde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň önümi bolan sanly bank hyzmatlarynyň giňden ornaşdyrylmagy her bir raýatyň maliýe sowatlylygynyň ýokarlanmagyna itergi berýär. Bu ugurda ýaşlara aýratyn ünsüň berilmegi, ilki bilen, dünýä bazarynyň döwrebap talaplaryna laýyklykda, olara ykdysady bilimleriniň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde yzygiderli ýetirmek mümkinçiliginiň bardygy bilen berk baglanyşyklydyr. Şonda, ýaşlaryň ykdysady bilimleri öwrenmäge we maglumatlary çalt kabul etmäge bolan ukybynyň öňe çykýandygy guwandyryjy ýagdaý bolup, olaryň alan bilimlerini geljekde uzak möhletli tejribede peýdalanmaga mümkinçiligi artdyrýar.

Watany söýmegiň mekdebi

Zeminiň parahatçylygy, halklaryň dostlugy, jemgyýetiň durnuklylygy ynsanlaryň ýagşy umyt-arzuwlarynyň rowaç bolmagynyň ilkinji şertleri hasaplanýar. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ählumumy parahatçylygyň pugtalandyrylmagy, ýurduň asudalygy, raýatlaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň ygtybarly goraglylygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenýär. Toplumlaýyn özgertmelerde halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi baş wezipe hökmünde öňe çykarylýar. Ata Watanymyzyň goragynda takyk tabşyryklary ýerine ýetirýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Akyldar danalar «Ata Watan aman bolsa, reňki-roýuň saman bolmaz», «Merdi sylan — merdana» diýen we başga-da ençeme parasatly pähimleriň üsti bilen Watanyňa, halkyňa wepalylyk baradaky düşünjeleri milli edep-kadalaryň, ahlak päkliginiň özenine deňäpdirler. Duşmana gaýtawul bermekde gaýduwsyzlyk görkezen edermen ata-babalarymyz nesil terbiýesinde dogduk mekana ygrarlylyk duýgularynyň kemala getirilmegini öňdäki orunda goýupdyr. Perzentleriniň goç ýigitler, asylzada gyzlar, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri hakyndaky arzuwlaryny ene hüwdüsine, ata pendine siňdiripdir. Milli oýunlara ýaşlaryň özüne erk edijilik, şahsy ugurtapyjylyk, ykjamlyk, çakganlyk, erjellik endiklerini ösdürýän tilsimleri gir

Pähim-paýhasyň çeşmesi

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, islendik halkyň medeniýetinde öz beýanyny tapýan möhüm ähmiýetli umumadamzat ýörelgeleri türkmenleriň däp-dessurlarynda aýdyň beýanyny tapdy. Halkymyza asyllylyk, edep-ekramlylyk, myhmansöýerlik, dostanalyk, bitewülik we agzybirlik ýaly ýörelgeler mahsusdyr. Ynsany gurşap alan dünýä, tebigat bilen özara gatnaşyklary rowaýatlardan hem-de tymsallardan alnan öwüt-ündew mysallary arkaly düşündirilýär. Olar nesilleriň durmuş pähim-paýhasyny hem-de köpasyrlyk tejribesini özüne birleşdirýär. Halk döredijiliginiň, şol sanda ata-babalarymyz tarapyndan döredilen nakyllaryň hem-de parasatly sözleriň, döredijilik taýdan ussatlyk bilen ulanylmagy Gahryman Arkadagymyzyň edebi eserleriniň ähmiýetini has-da artdyrýar, olaryň many-mazmunyny baýlaşdyrýar. Milli Liderimiziň taryhy maglumatlara esaslanýan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly täze kitabynda Diýarymyzyň iň täze taryhynyň möhüm wakalary beýan edilýär hem-de hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ösüşiniň tapgyrlaryna düýpli seljerme berilýär. Hormatly Prezidentimiz ylmy çemeleşme esasynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmekde hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýeti baradaky garaýyşlaryny aýdýar.

Sary Bäşim we Mylly aga

«Ussat bagşynyň ýoly» makalalar toplumyndan Nesibe ynsan durmuşyna dürli ýagdaýda miýesser bolýar. Şeýle bir ýagdaýyň üç kişä nesip edişiniň gürrüňini garaganly Gylyçdurdy Gojaýew şeýle ýatlaýar:

Kämillige gol berip

Allamyrat Atadurdyýewi Bäherden etrabynda ussat agaç ussasy hökmünde tanaýarlar. Onuň il içinde ýörgünli ady Röwşen. Ol eli çeper dokmaçy gelin-gyzlara syndy, keser, pyçak, darak ýasamagy kakasyndan öwrenipdir. Röwşeniň dogany Annamyrat hem bu kespden kemal tapan. Mahlasy, doganlar darak, syndy, keser ýasap, il-günüň alkyşyna mynasyp bolup gelýärler. Röwşen ussa keser barada aýdyp, ony köne byçgylardan, arylardan bölekläp ýasaýandygyny, onuň sapynyň tut agajyndan 7-8 santimetre barabar uzynlykda edilýändigini gürrüň berdi. Keseriň ýiti boldugyça, işiň öndümliligine nepi kän bolýar. Syndy hem demirden ýasalyp, onuň sapy 18-20 santimetre, ini bolsa 2,5 santimetre çenli bolýar. Sekizlik belgili sim onuň sapynyň berkidilmegi üçin zerurdyr. Ýörite çarçuwalar, tutar ýaly gulagy edilenden soň, syndynyň aşak tarapyna ýörite gat goýulýar, bu esasan hem gatly syndyda şeýle edilýär. Çünki gatly synda adyndan hem belli bolşy ýaly, demirden, kagyzdan ýörite gat goýulýar, bu onuň yrgyldap, gozganyp durmazlygy üçindir. Syndynyň joýaly syndy diýlip atlandyrylýan görnüşi-de bar, onuň özünde aýlaw bolany üçin, bu syndyny gatlamak zerur däl.

Sagdynlyk bagtyýarlykdyr

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimizde adam saglygyny goramak babatda uly alada edilýär. Çünki jemgyýetiň sagdynlygy döwletimiziň pugta binýadydyr. Geçen ýylda, baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň toýlanýan ýylynda Ak bugdaý etrabynyň çäginde «Bagabat» şypahanasynyň, Gökdepe etrabynda Ahal welaýat Ýokanç keseller hassahanasynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi milli Liderimiziň baştutanlygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr. Agzalan täze desgalaryň ilatymyza ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermek, ygtybarly saglygy goraýşy üpjün etmek, ýurdumyzyň raýatlarynyň ömrüniň uzak bolmagyna ýardam etmek babatdaky ähmiýeti örän uludyr. «Bagabat» şypahanasynyň tebigatyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşmegi we onda häzirki zaman sagaldyş-şypahana merkezlerine mahsus ýokary derejeli şertleriň bolmagy uly gyzyklanma döredýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji gününde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Mejlisiň ýolbaşçylarydyr Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň bu döwrebap şypahana baryp görmekleri hem häzirki zaman şagaldyş merkeziniň ynsan saglygyny berkitmek babatyndaky mümkinçiliklerine aýratyn ähmiýet berilýändigini subut edýär.

Gar adamy (Hekaýa)

Her bir ynsanyň durmuşynda bolan wakalaryň ählisi ýadynda galyp baranok. Käbir wakalar welin, haýsy ýaşda bolandygyňa garamazdan, ömrüniň ahyryna çenli ýadyňda hemişelik galýar. Meniň hem çaga wagtym gar adamy bilen baglanyşykly bolan bir waka ömürlik ýadymda galypdyr. Fewralyň ilkinji dynç günüdi. Okuwa gitmeli däldigimi bilsem hem ir turupdyryn. Gerinjiräp äpişgäniň öňüne baryp, perdäni syranymda, gözüm gamaşyp gitdi. Gözlerimi süzgekledip seretsem, galyň düşen gardan ýaňa daşary ap-ak bolup durdy. Gyşyň başyndan bäri beýle gar ýagmandy. Şonuň üçin hem galyň eşiklerimi, aýagyma ädigimi, elime elligimi geýip, daşaryk çykdym. Ejem bolsa-da bilmedim, kakam bolsa-da, olaryň bir-ä eýýäm howlynyň ýöreläýjek ýeriniň, jaýyň düýpleriniň, mal ýataga barýan ýodajygyň garyny aýrypdyr. Men bolsa arassalanan ýerden ýöremän, göni garly ýerden ýöräp, howludan çykdym. Töweregime seretsem, öz yzlarymdan başga yz ýok. Gar şeýle bir ýagypdyr welin, seretdigimçe seredesim gelip dur.

Täze ýylda

Possunym akSakgalym gar.Ýanymda-daAgtygym bar. Egnimdäki Horjunymda.Bagt baryDoly onda.

Güjüm agajy

Türkmen halky tebigatyň gelşigi hem ýaraşygy bolan ösümlik dünýäsine aýratyn ähmiýet berip gelen halkdyr. Dana pederlerimiz her bir ynsan üçin agaç nahallaryny ösdürip ýetişdirmegiň sogap hem parz işdigini ündäp gelipdirler. Türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynyň wekilleriniň eserlerinde, şonuň ýaly-da, asyrlar aşyp, nesilden-nesle, dilden-dile geçip, sünnälenip hem timarlanyp şu güne çenli gelip ýeten halk döredijiliginde Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen türkmen ýurdunyň boz, bereketli topragynda ösdürilip ýetişdirilen saýaly hem miweli baglaryň waspy ýokary çeperçilik derejesinde beýanyny tapypdyr.

Saglyk — uly baýlyk

Çagalaryň gyşky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän şu günlerinde her bir ene-ata perzentleriniň käbir düzgünleri berjaý etmeklerini gazanmalydyr. Howanyň şu döwürdäki sowuk günlerinde pasyllara görä geýinmek hökmandyr. Pasyllara görä ýyly geýinmek bizi sowuklamadan hem-de dümewden gorar. Kähalatlarda çagalar gyssanmaç halda howul-hara geýnip, daşary çykýarlar. Kämahal, ulularyň hem, dükana ýa-da golaý aralyga bir ýere gidenlerinde, egni ýuka, aýagyna şypbyk geýmek endigi bar. Bular ýaly ýagdaýlara ýol bermeli däldir. Çünki ýyly ýerden çykyp, sowuga aralaşylansoň, beden sowuga has-da ynjyk bolýar. Şonuň üçin çagalara daşary çykylanda gyşky egin-eşikleriniň ählisiniň: başgabyň, possunyň, ädigiň, elligiň bolmalydygyny sargamaly, egni ýuka, şypbykda daş çykmaga asla ýol bermeli däl. Howanyň düzümindäki ynsan saglygyna zyýan ýetirýän tozan bölejikleriniň kadadan artmagy sebäpli, agyz-burun örtüklerini ulanmagyň, burnuňa oksolin melhemini çalmagyň hem ähmiýeti uludyr. Köpçülige çykylanda 2 metr howpsuz aralygy saklamalydyr. Bakteriýalaryň hem-de wiruslaryň ýaýramagynyň öňüni almakda arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek hökmandyr. Köpçülik ýerlerinden gelnensoň, islendik işiňi edip bolanyňdan soň elleriňi sabynlap ýuwmak zerurdyr. Öýde, iş otagyňda hem arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegiň ähmiýeti uludyr. Öýde, işde arassaçylyk çärelerini geçirmek, otaga arassa howa girer ýaly, wagt

Hoş geldiň Täze ýyl, Arkadagly Diýara!

Bagtyýar türkmen halky täze taryhy döwrüniň ýene-de bir şöhratly ýyly bilen hoşlaşdy. Tamamlanan, 2020-nji — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyny milli ykdysadyýetiň we durmuşyň ähli ugurlary boýunça guwandyryjy netijelere beslän welaýatymyzyň bagtyýar ilaty Täze ýyly ýagşy arzuw-umytlar bilen garşy aldy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen Täze ýylyň garşylanyş dabaralary bolsa, egsilmez ruhubelentlige beslendi. DÜÝN agşamara Täze, 2021-nji ýyly garşylamak mynasybetli welaýat derejesindäki esasy dabara Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgüniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Bu taryhy künjekde welaýatymyzyň Baş arçasy ýerleşýär.