"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sahawatly topragyň berekedi

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň telekeçileri azyk bolçulygyny üpjün etmäge uly goşant goşýarlar. Olar tarapyndan guş etini we ýumurtga öndürmek üçin niýetlenen guşçulyk toplumlary ulanylmaga berilýär. Şunuň bilen bir wagtda, täze guşçulyk hojalyklarynyň gurluşygy dowam etdirilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň içerki bazary ýumurtga we guş eti bilen doly üpjün edilýär. Innowasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň içerki bazarlaryny ýokary hilli süýt we süýt önümleri bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň köp görnüşi öndürilýär. Ýurdumyzda döwrebap ýyladyşhanalar gurlup, olarda dürli görnüşli, ekologiýa taýdan arassa gök we bakja önümleri ýetişdirilip, halka ýetirilýär. Mundan başga-da, miweli baglar we üzüm nahallary ekilip, olardan bol hasyl alynýar.

Maýsalar boý alýar

Bäherden etrabynda ak ekinlere ideg etmek işleri ekerançylygyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Etrap boýunça däne ýetişdirilýän 21 müň 100 gektardaky ýaşajyk maýsalar kadaly boý alýar. Ösüş suwlarynyň agrotehniki möhletlerde tutulmagy bu babatda uly ähmiýete eýedir. Häzirki günlerde 3-nji ösüş suwy tutulýar. Gallaçy kärendeçiler ak ekinleri ösüşi kadalaşdyryjy dökünler bilen hem kadaly iýmitlendirýärler. Bu işler etrabyň Şaja Batyrow, S.A.Nyýazow adyndaky, şeýle-de «Zähmet» daýhan birleşiklerinde ýokary guramaçylykda alnyp barylýar.

Maşgalanyň sütüni

Babadaýhan etrabynyň ýaşaýjysy, 92 ýaşy arka atan mährem ene Hurma Mawyýewa eşretli döwrümize, bagtly şu günlerimize buýsanyp ýaşaýandygyny hemişe tekrarlaýar. Biz onuň döwletli ojagynda myhmançylykda bolanymyzda bu hakykata has aýdyň göz ýetirdik. Sebäbi dili senaly, kalby ajaýyp arzuwlardan doly bu mähribanyň her bir sözünde öwüt-ündew, ýagşy arzuw-hyýallar bar. Ol gün bagtyýar döwrümize buýsanjy nurana ýüzünden, her bir sözünden aýan bolýan ene bizi mähir bilen garşylap gyzykly gürrüňleriň ýumagyny çözledi. Hurma ene özüniň durmuş ýoluny, uruş döwrüne gabat gelen çagalyk, ýaşlyk ýyllaryny ýatlady: —Ol wagtlar men ýaňy on-on iki ýaşlarymdadym. Heniz kiçijekdigimize garamazdan, deň-duşlarymyz bilen bilelikde ulular bilen deň hatarda zähmet çekýärdik. Gazy gazmak, orak orup, döwek döwmek ýaly işleriň ählisi gyz-gelinleriň gerdenine düşdi. Garaz iş dannar ýaly däldi. Haýsy iş eliňden gelse edibermelidi. Indi halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, eşretli günlerimizi görüp, çeken kynçylyklarymyz edil düýş ýaly bolup dur. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredip berýär.

Görüm-göreldäm eje

Mahal-mahal ejeli günlerimi ýatlaýaryn. Şol günleri ýatladygymça, süňňüm ýeňläp, göwnüme şatlyk aralaşýar. Ýüregime niredendir bir ýerden gelýän ýylylyk tutuş bedenime gurbat berýär. Ejemiň mylaýym sesi gulagymda ýaňlanyp, onuň mähirli gözleri maňa bakyp duran ýaly bolýar. Şol pursat, eger bolýan bolsa, şol arzyly — ejeli günlerimiň gujagyna dolanyp barasym gelýär... Golaýda joralarymyň biriniň jaý toýuna gatnaşdyk. Dürli-dümen naz-nygmat bilen bezelen toý saçagynyň başyna geçenimizden soň nahar goýlup başlady. Birden öý eýeleriniň biri: «Saçakda kem zat barmy?!» diýip sorady. Saçak başyndakylar ýerli-ýerden: «Kem zat ýok, arkaýyn boluň» diýişdiler. Bu sözleri eşiden joram saçakda bir kemçiligiň bardygyny, ýöne ony diňe özüniň bilýändigini aýdyp, syrly ýylgyrdy. Geň galyp bir-birimiziň ýüzümize seredişdik. Ol barmana-da daşky gapy açylyp: «Salamälik» diýen ses eşidildi. Joram:

Halypalaryň şygyr hazynasyndan (Eneler hakynda)

Ene goşgusy Mahmal sähram sen bolup,Bahar maňa bakanda,Howlukmadym hiç zada,Sen bar diýip jahanda.

Duýgular düwünçeginden (Sere gelen setirler)

Eneden galyp biljek iň gymmatly miras edepdir. * * *

Asylly görelde — terbiýe mekdebi

Durmuşa bezeg berip, ynsany ruhy taýdan kämillige atarýan ilkinji ädim bilim-terbiýeden başlanýar. Bu barada hormatly Prezidentimiziň «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitabynda bir ajaýyp rowaýat bar: «Ir zamanlar bir adam dananyň ýanyna maslahata barypdyr. —Dana, meniň ähli baýlygym bar. Okadym, her dürli tälimleri, hünärleri öwrendim. Ummasyz köp baýlyk topladym. Garaz, göwnümde arman galar ýaly bolmady. Indi özümden soňky nesillere iň gymmatly baýlygymy miras galdyrasym gelýär — diýipdir. Özüniň näçe hazyna, mal-mülk we başga-da nämeleri miras galdyrsa, islegini doly amal edip biljekdigini ondan sorapdyr. Şonda dana: «Dünýäde iň gymmatly baýlyk terbiýededir. Terbiýe bilen galdyrylan baýlygyň bahasy ýokdur» diýipdir». Ine, şu rowaýatdan hem görnüşi ýaly, mynasyp terbiýelenen nesil biziň ýüzümiziň tuwagy bolup, üstünlikleri bilen begendirýär.

Egsilmez baýlyk

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Garaşsyz Watanymyzy hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän ýurda öwürmek maksady bilen, biz berk binýatly milli saglygy goraýyş ulgamyny döretdik. Lukmançylyk ylmynyň we tehnologiýalarynyň gazananlaryny, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirdik» diýip belleýär hem-de ynsan saglygyny goramak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek meselesine uly ähmiýet berýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmegiň çäginde alnyp barylýan üstünlikli işler we saglygy goraýyş ulgamynda ýetilýän sepgitler aýdyň şaýatlyk edýär. Bu gün ýurdumyzyň çäginde häzirkizaman lukmançylyk merkezleri, saglyk öýleri we merkezleri gurulýar. Geçen sanlyja ýylyň dowamynda şeýle döwrebap desgalaryň onlarçasy ulanylmaga berlip, häzirki wagtda raýatlara ýokary derejeli hyzmatlary amala aşyrýar. Geçen şanly ýylda paýtagtymyzda Ýanyk şikesleri bejeriş halkara merkeziniň, Estetiki merkeziniň, Ahal welaýatynda «Bagabat» şypahanasynyň, welaýat Ýokanç keseller hassahanasynyň gurlup, toý ruhunda ulanylmaga berilmegi hem bu ugurdaky rowaçly tagallalardan alamatdyr. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň amala aşyrylýan ýyllarynyň dowamynda jemgyýetçilik saglygy goraýşynyň dürli ugurl

Saglyk üçin peýdaly

Gyş möwsüminiň sowuk günlerinde ýiti respirator kesellerine ýolukmaz ýaly sagdyn iýmitlenmek zerurdyr. Dürli witaminlere baý önümler hem adamyň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar, hem bedeniň sagdyn bolmagy üçin gerekli bolan ýokumly maddalar bilen üpjün edýär. Gyş aýlarynda witaminlere baý hem-de ähli pasyllarda elýeterli bolan şugundyr adam saglygy üçin örän peýdalydyr. Taryhy maglumatlara görä, şugundyry we onuň ýapragyny biziň eýýamymyzdan öň dermanlyk serişde hem-de iýmit hökmünde ulanypdyrlar. Gadymy rimlilerde bolsa şugundyr hökmany gündelik iýmit hasaplanyp, onuň ýapraklaryny burçlanan çakyra ezip iýipdirler. Biziň eýýamymyzyň başlarynda şugundyr medenileşdirilip, dünýä ýurtlaryna ýaýraýar.

Sagdynlygyň gözbaşy

Ak bugdaý etrabynyň Berkarar şäherçe geňeşliginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy we howanyň sowamagy bilen baglanyşykly döräp biläýjek keselleriň öňüni almak maksady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy etrap häkimliginiň degişli meýilnamasynyň çäginde guraldy. Oňa geňeşligiň işgärleri hem-de şäherçäniň ýaşaýjylary gatnaşdy. Duşuşykda etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, etrap hassahanasynyň işgärleri, maşgala lukmany çykyş edip, ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alnyp durmuşa geçirilýän guwandyryjy işler, şeýle-de häzirki wagtda dünýäde giňden ýaýran täze howply ýiti ýokanç keseliň ýurdumyza aralaşmagynyň we ýaýramagynyň, şeýle-de howanyň sowamagy bilen baglanyşykly döräp biläýjek möwsümleýin keselleriň öňüni almak boýunça edilýän tagallalar barada gürrüň berdiler. Onuň barşynda gorag serişdelerini, şol sanda agyz-burun örtüklerini ulanmak, sahşy gigiýenanyň düzgünlerini berjaý etmek, sagdyn we kadaly iýmitlenmek dogrusynda aýdylanlar uly täsirleri galdyrdy. Bellenilişi ýaly, köpçülik ýerlerinde kesgitlenen aralygy saklamak, agyz-burun örtügini ulanmak şertini we arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek, şeýle-de edara-binalarda öňüni alyş-zyýansyzlandyryş işlerini geçirmek esasy talap bolup durýar. Munuň özi dürli kesellerden goranmagyň möhüm şertidir.

Möhüm pudagyň netijeliligi

Ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ýokary girdejili pudaga öwürmek, obasenagat toplumynyň köpugurly mümkinçiligini herekete getirmek üçin ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň oňat dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmak boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Bu wezipeleri amala aşyrmak üçin ekologiýany goramaga, tohumçylyk işinde innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga, ösümlikleri we haýwanlary goramak, toprak-suw serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça zerur çäreleri görmäge uly maýa goýumlary gönükdirilýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 22-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda 2021-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda» Karara gol çekmegi bilen, gowaça ekişi möwsüminiň taýýarlyk işlerine badalga berildi. Bu Karara laýyklykda, şu ýyl 620 müň gektar meýdanda gowaça ekip, 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär.

Baky bagtyýarlygyň goýnunda

Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde Türkmenistan Watanymyz bu gün beýik ösüşlere, özgerişlere, şan-şöhrata beslenýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulanýar. Taryhy döwrümizde eziz Diýarymyzyň ajaýyp ösüşdir özgertmelerini obalarymyzyň, şäherçelerimiziň we şäherlerimiziň günsaýyn özgerýän keşbiniň mysalynda anyk göz ýetirip bilýäris. Ýurdumyzyň sebitlerinde täze, nusgalyk obalardyr şäherçeler yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlary bina edilýär. Munuň özi halkymyz we onuň bähbitleri, abadançylygy baradaky aladanyň döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän giň göwrümli işleriniň esasy özenini düzýändigini subut edýär. Paýtagtymyzy hem-de Diýarymyzyň beýleki şäherlerini, ilatly ýerlerini gurşap alan giň gerimli özgertmeler hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň barha dabaralanýandygyny Äleme äşgär edýär. Iň guwandyryjy we buýsandyryjy ýeri-de ata Watanymyzyň sebitlerinde giň gerime eýe bolan desgalaryň gurluşygynda innowasion tehnologiýalaryň we iň oňat dünýä tejribesiniň işjeň ulanylmagydyr. Bu bolsa, adamlaryň durmuşynyň ýokary ölçegleriniň üpjün edilmegi babatynda möhüm bolup durýar.

Sanly ösüşiň täze wezipeleri

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanýan ykdysady gatnaşyklarynyň ulgamy ösdürilýär. Sanly ykdysadyýet wagty we harajatlary tygşytlamak, girdejileriň täze çeşmelerini ýüze çykarmak, sanly gurşawda harytlary we hyzmatlary dünýä bazaryna çalt çykarmak we dünýäniň islendik ýerindäki sarp edijilere elýeterli etmek üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda 2019 —–2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň ähli pudaklaryny we sebitlerini sanly ykdysadyýete geçirmek wezipeleri bellenildi. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda 22-nji ýanwarda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak baradaky meselelere hem garaldy. «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna» laýyklykda, täze Maksatnamanyň kabul edilmegi birnäçe wezipeleri öz içine alýar. Şolaryň hatarynda «Elektron hökümeti» ulgamyny döretmek boýunça ýerine ýetirilmeli wezipeleri kesgitlemek, sanly bilim we sanly lukmançylyk ulgamyny kämil

Ekologiýa syýasaty

Ýurdumyzyň ekologiýa taýdan arassalygy adamlaryň saglygynyň kepili, hemmetaraplaýyn ösüşiň möhüm şerti bolup durýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, ýer-suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, çölleşmä garşy göreşmek, türkmen tebigatynyň ajaýyplyklaryny goramak bilen baglanyşyklydyr. Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda Milli tokaý maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Onuň netijesinde paýtagtymyzyň töwereklerinde gözýetime çenli uzap gidýän tokaý zolaklary emele geldi. Gahryman Arkadagymyz her ýyl ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berýär. Köpetdagyň eteginde pürli we ýaprakly agaçlaryň ekilýän meýdanlaryň gerimi giňäp, guşlaryň, şol sanda seýrek gabat gelýän haýwanlaryň köp görnüşleri üçin ýaşaýyş meýdanyna öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň tassyklan howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýanyň, şeýle hem giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde tebigaty goramak, bioköpdürlüligi we tebigy täsinlikleri gorap saklamak babatynda ägirt uly işler amala aşyrylýar.

Hasabat-saýlaw ýygnaklary

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tertipnamasyna esaslanyp, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrap birleşmesiniň düzümine girýän ilkinji guramalarynda hasabat-saýlaw ýygnaklary geçirilýär. Etrap birleşmesiniň düzümindäki ilkinji guramalaryň ählisinde geçirilmegi meýilleşdirilen hasabat-saýlaw ýygnaklarynyň gün tertibine döwletimiziň ajaýyp üstünlikleri barada söhbetler, geçen hasabat döwründe bitirilen işler, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ähmiýeti, olary ilat arasynda wagyz-nesihat etmekdäki wezipeler barada pikir alyşmalar ýaly meseleler girizildi. «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň etrap şahamçasynyň, etrabyň sport mekdebiniň hem-de daýhan birleşikleriň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynda hasabat-saýlaw ýygnaklary guramaçylykly geçirilip, ilkinji guramalaryň geçen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň jemi boýunça edilen işlerine we guramaçylyk meselelerine garaldy. Ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda geçirilmeli çäreler boýunça iş meýilnamalary tassyklanyldy.

Ekerançylykda suwarmagyň kadasy

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» oba hojalyk pudagyny ösdürmek hem esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendir. Ýerleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, öndürilýän önümiň möçberlerini artdyrmak, ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ýagdaýyny gowulandyrmak, ýerleri uzak möhletleýin esasda hususy önüm öndürijilere bermek bu ugurda möhüm ähmiýete eýedir. Suwarymly ekerançylykda suwaryş kadasy daýhançylygyň wajyp we esasy bölegi hasaplanylýar. Suwaryşyň möçberinden suwarmagyň mukdaryndan we ölçeglerinden, möhletinden tutulmaly suwuň kadasy gelip çykýar.

Ýaz ekişine taýýarlyk

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen oba hojalyk pudagynyň ösüşine aýratyn üns berilýär. Toplumlaýyn durmuşa geçirilýän işler daýhanlary has-da öndürijilikli işlemäge, täze zähmet üstünliklerini gazanmaga ruhlandyrýar. Şundan ugur alyp, Bäherden etrabynyň pagtaçy kärendeçileri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän üstümizdäki ýylyň ilkinji günlerinden meýdan işlerini has-da ýaýbaňlandyrdylar. Şanly ýylda etrap boýunça şu ýyl 12 müň 550 gektar meýdana gowaça ekmek göz öňünde tutulýar. Şonuň bilen baglanyşykly ýazky ekişiň geçiriljek meýdanlaryny möwsüme taýýarlamakda degişli tagallalar edilýär. Şu günler sürüm işleri ahyrky gektarda alnyp barylýar. Bu işde kuwwatly tehnikalara hem-de olara erk edýän tejribeli mehanizatorlara bil baglanylýar. Tekizleýiş we geriş çekmek işlerinde-de kuwwatly tehnikalaryň hyzmatyndan netijeli peýdalanylar. Ekerançylyk meýdanlarynda möwç urýan joşgunly zähmet etrabyň oba zähmetkeşleriniň täze hasylyň düýbüni mäkäm tutjakdygyna şaýatlyk edýär.

Ýaşlar kämillik ýolunda

Dünýäniň dürli halklarynyň dillerini bilmek, şol halklaryň medeniýetiniň bir bölegini bilmekdir. Ata-babalarymyz «Dil bilen dana, dil bilmeýän diwana» diýip, öz ene diliňden daşary, özge ýurduň dilini bilmegiň dünýägaraýşyňy giňeldýändigini, bilimlilik derejäňi ýokarlandyrmaga oňyn täsiriniň ýetirýändigini belläpdirler. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda dürli dilleri özleşdirmek, şol dillerde suwara gürlemek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda iňlis, rus, ýapon we beýleki dürli dillerde edil şol halklaryň raýaty ýaly säginmän, arassa gürleýän ýaşlarymyz örän kän. Dünýä halklary bilen dost-doganlygy gazanmak, özara ynanyşmak, birek-biregi goldamak ýaly gatnaşyklaryň esasy çelgisi hem dildir. Dil halklary ysnyşdyrýan, ýürekden ýürege barýan köpri mysalydyr. Muňa ýönekeý söz bilen aýdanyňda,halklary jebisleşdirmek diýmekdir. Beýleki bir tarapdan, bilelikde üstünlige ýetmegiň açarydyr.

Agzybirlik — döwletliligiň gözbaşy

Milli terbiýe, milli häsiýet örän çuň düşünjelerdir. Diňe ýagşylyk düşünjesi arkaly milli terbiýäniňdir milli häsiýetiň esasy aýratynlyklaryny açyp görkezmek bolar. Çünki her bir zadyň başlangyjynda, isle ol terbiýe bolsun, isle iş bolsun, gözbaşda agzybirlik durýar. Şeýle bolansoň pederlerimiz agzybirlige synmaz gala hökmünde garapdyrlar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby «Asmandan arkaly, Zeminde zynatly», «Zeminiň abatlygy — ýaşaýşyň ebediligi», «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar», «Saglyk — abatlyk», «Zähmetsöýerlik — gaýratlylygyň gözbaşy», «Myhmansöýerlik», «Dostluk — asylly ýörelge», «Ynsaplylyk», «Agzybirlik», «Durmuşyň kadasy — paýhas pendi», «Ýoluňyza rowaçlyk nur saçsyn!», «Manysyny tirmegi okyja goýan rowaýatlarym» ýaly bölümlerden ybarat. Bu ajaýyp kitapda agzybirlik düşünjesiniň özbaşdak bölüm edilip alynmagy çuň many-mazmuna eýedir. Agzybirlik — döwletliligiň gözbaşy. Döwletlilik — bagtyýarlyk, şonuň üçin hem bu babatda pelsepewi pikir ýöredilende, agzybirlik ýaly milli häsiýete ünsi çekmezlik mümkin däl. Agzybirlik bolan ýerde bagt bar, agzybirlik bolan ýerde üstünlik bar, agzybirlik bolan ýerde aýdyň ertirlere ynam berkeýär.

Mukaddes borç

Ýurdumyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny belende göterip, olary giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmaga ruhlandyrýar. 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçirilmegi bolsa, ýurdumyzyň merdana harby gullukçylarynyň buýsançly başyny göge ýetirýär. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň gazanýan üstünliklerine harby we hukuk goraýjy edaralarynyň merdana harby gullukçylary özleriniň uly goşandyny goşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda: «Eziz Watanymyz — elýetmez baýlygymyz. Biz Watanymyzy başymyza täç edýäris» diýen pähimi Watan mukaddesliginiň her türkmen üçin iň ýokary orunda durýandygyny tassyklaýar. Ýurdumyzyň goranmak kuwwatynyň, hukuk tertibiniň pugtalandyrylmagyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň örän möhüm ugry bolup durýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallalary bilen harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy üpjünçilik ýagdaýyny gowulandyrmak, Watan goragçylarynyň beden we ruhy taýýarlygyny ýokarlandyrmak, olaryň harby tehnikalara we ýaraglara erk ediş başarjaňlygyny ösdürmek ugrunda uly işler alnyp barylýar.