Egsilmez baýlyk

28 Ýanwar 2021
875

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Garaşsyz Watanymyzy hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän ýurda öwürmek maksady bilen, biz berk binýatly milli saglygy goraýyş ulgamyny döretdik. Lukmançylyk ylmynyň we tehnologiýalarynyň gazananlaryny, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirdik» diýip belleýär hem-de ynsan saglygyny goramak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek meselesine uly ähmiýet berýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmegiň çäginde alnyp barylýan üstünlikli işler we saglygy goraýyş ulgamynda ýetilýän sepgitler aýdyň şaýatlyk edýär. Bu gün ýurdumyzyň çäginde häzirkizaman lukmançylyk merkezleri, saglyk öýleri we merkezleri gurulýar. Geçen sanlyja ýylyň dowamynda şeýle döwrebap desgalaryň onlarçasy ulanylmaga berlip, häzirki wagtda raýatlara ýokary derejeli hyzmatlary amala aşyrýar. Geçen şanly ýylda paýtagtymyzda Ýanyk şikesleri bejeriş halkara merkeziniň, Estetiki merkeziniň, Ahal welaýatynda «Bagabat» şypahanasynyň, welaýat Ýokanç keseller hassahanasynyň gurlup, toý ruhunda ulanylmaga berilmegi hem bu ugurdaky rowaçly tagallalardan alamatdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň amala aşyrylýan ýyllarynyň dowamynda jemgyýetçilik saglygy goraýşynyň dürli ugurlary boýunça daşary ýurt hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikdäki maksatnamalardyr taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilendigini, ýurdumyzyň gazanan üstünlikleriniň halkara güwänamalaryna mynasyp bolandygyny bellemek has-da ýakymlydyr. Mälim bolşy ýaly, adam bedeninde demir ýetmezçiligi bilen bagly keselleriň öňüni almak maksady bilen ata Watanymyzda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde azyk iýmit önümleri bolan uny we duzy demir bilen baýlaşdyrmak boýunça birnäçe uly möçberli taslamalar durmuşa geçirildi. Ýurdumyza gyzamyk we gyzylja keselleriniň ýok edilendigi barada Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin býurosynyň halkara güwänamasy berildi. Munuň özi hem milli saglygy goraýşyň ýeten derejesinden habar berýär.

Ýaýlym ÖWLÝAGULYÝEW,
Kaka etrap hassahanasynyň baş lukmanynyň orunbasary.