"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ajaýyp arzuwlaryň baýramy

Halkymyzyň taryhynda şanly wakalary bilen yz goýan 2020-nji ýylymyz tamamlanyp, ajaýyp arzuwlara beslenip, Täze — 2021-nji ýylymyz başlandy. Hut şu pursadyň özi, her birimiz üçin şatlykly, çünki bu gün Täze ýylyň ilkinji aýynyň ilkinji güni! Taryhyň şöhratly sahypalaryny bezeýän ýyllar beýik işleriň, asylly başlangyçlaryň ýyllar saýy dowam edip gelýändigi bilen baglanyşýar. Şu pursatda anyk mysallara ýüzlenip göreliň: 2019-njy ýyl «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany», 2020-nji ýyl bolsa «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylypdy. Bu şygarlardan ruhlanyp, eziz Watanymyzda we halkara derejesinde döwletli başlangyçlar durmuşa geçirildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan bu Täze ýylymyz hem halkara derejesinde parahatçylyk we ynanyşmak ýaly beýik maksatly hem-de köňüllere ganat berýän şygar bilen badalga aldy.

Şygryýet bossany

Arkadagly ýyllarymyz Giň dünýäni mähre çoýýar,Arkadagly ýyllarymyz.Ak ýollara nurun çaýýar,Arkadagly ýyllarymyz.

Bagtyýar ildeşlerimiziň arzuwlary

Mähriban halkymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýene bir Täze ýylyny täze arzuwlar bilen garşylady. Tamamlanan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly dürli üstünliklere baý bolup, taryhymyzda we ildeşlerimiziň ykbalynda mynasyp orun eýeledi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwlet ähmiýetli tutumlara badalga berildi, il-ýurt bähbitli işler durmuşa geçirildi. 2020-nji ýylda ýurdumyzyň depginli ösüşlerine ukyp-başarnygy, görüm-göreldesi, päk zähmeti bilen mynasyp goşant goşan ildeşlerimiziň ençemesi döwlet baýraklaryna, sylaglaryna, hormatly atlara mynasyp boldy. Biz hem şu pursatda şeýle bagtyýar ildeşlerimiziň baýramçylyk gutlaglaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.