"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Halal zähmetiň höziri

Gözellik öz-özünden döränok. Ol gözellige teşne adamlaryň yhlasly, irginsiz zähmeti bilen döreýär. Babadaýhan etrabynyň Hasyl obasynyň ýaşaýjysy Annaoraz Berdiýew hem gözellik döredýän adamlaryň biri. Tüweleme, onuň mellek ýerindäki baglary göreniňde göwnüň göterilýär. Howlynyň içine saýaly daragtlar bezeg berse, mellegi dürli görnüşli miweli baglar tutup otyr. Olaryň arasynda üzüm, alma, aýwa, armyt, injir, nar ýaly miweli baglaryň ýüzden gowrak düýbi bar. Onuň bilen ýakyndan söhbetdeş bolanymyzda, ol ýetişdiren baglary barada täsirli gürrüň berdi: —Miweli we saýaly baglaryň gadyryny bilen adama olaryň miwesi-de, saýasy-da saglyk üçin tenekar, melhem bolup durýar. Kakama Sapar Berdiýew diýerdiler, ol uruş weteranydy. Bütin ömrüne diýen ýaly daýhan birleşigimizde sürüji bolup işledi. Işden ýadap gelendigine garamazdan, eline pilini, üzüm gaýçysyny alyp mellege girerdi. «Şu baglaryň içine girsem, ýadawlygymdan nam-nyşan galanok, birhili ýigdelen ýaly bolaýýan!» diýerdi. Bizi hem öz ýanyndan aýyrmazdy. Ol öwretmekden hiç ýaltanmazdy.

Aralyk ekinler

Diýarymyzyň toprak-howa şertleri mukaddes ene topragymyzda datly miwedir ir-iýmişleriň, gök önümdir bakja ekinleriniň dürli görnüşlerini ýetişdirmäge, bir ýerden iki hasyl almaga, hatda gyşda gyşlaýan ýorunja, güýzlük arpadyr bugdaý ýaly ekinleri ekip, üçünji hasylyň düýbüni tutmaga doly mümkinçilik berýär. Ekin dolanyşygynyň aýlawyna laýyklykda, bir ýerden iki hasyl almak üçin güýzlük bugdaýdan soň gyşlaýan ekinlerden ýorunja, gant we gyzyl şugundyr, ot-iýmlik şugundyr, käşir, güýzlük kelem, işdäaçar otlar, düme we ýarym düme bakja ekinleri gowy netije berýär.

Täze hasylyň aladalary

Meýdan işleri gyzyşýar Ak bugdaý etrabynda ýerleri gowaça ekişine taýýarlamak işine jogapkärli çemeleşilýär. Şu günler gowaça ekişi üçin niýetlenen meýdanlarda sürüm işleri talabalaýyk alnyp barylýar.

TÜRKMENISTAN — ÝUNESKO: medeni diplomatiýa rowaçlanýar

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda agzybir halkymyz Täze, 2021-nji ýyla ýagşy niýetler, hoşniýetli arzuwlar bilen gadam basdy. Garaşsyz ýurdumyzda ähli ugurlarda gazanylýan uly üstünlikler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyryp, mähriban Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrýar, watandaşlarymyzy belent maksatly beýik işlere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi. Bagtyýar watandaşlarymyzyň köňül şatlygyny artdyran bu taryhy waka Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny şöhratlandyrmakda, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermekde, berkarar döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmekde hem-de dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýetlidir. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda medeniýet ulgamynda giň möçberli maksatnamalar, döwrebap taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek, döwrebap, kämil eserleri döretmek ugrunda ähli zerur şertler döredilýär. Milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy öwrenmek, gorap saklamak, olaryň ähmiýetini dünýä jemgyýetçiligine giňden ýaýmak boýunça toplumlaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda halkymyzyň baý durmuş tejribesi esasynda toplanan, jemgyýetiň ruhy ba

Halkara bähbitleriň sazlaşygy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan Watanymyzda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, senagat mümkinçiliklerini artdyrmak, durmuş düzümini döwrebaplaşdyrmak, sebitleri toplumlaýyn ösdürmek, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegine, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Eziz Diýarymyzda obadyr şäherleri, etrap merkezlerini abadanlaşdyrmak, ýokary hilli ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmak, öňdebaryjy tehnologiýaly iri senagat toplumlaryny döretmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu özgertmeler döwletimiziň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edip, halkymyzyň hal-ýagdaýyny düýpli ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ykdysadyýetiiň ähli ugurlary boýunça uly ösüşleri gazanyp, dünýäde ýokary depginler bilen ösýän ýurtlaryň birine öwrülýär.

Ykdysady binýat berkidilýär

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmek we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmak, pudaklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge ýardam bermek hem-de döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygyny netijeli guramak üçin senagat-innowasion binýady berkitmek maksady bilen anyk işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde ata Watanymyzda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda, eziz Diýarymyzyň innowasion ösüşinde hususy pudagyň paýyny artdyrmaga, bazar gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmäge, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge, döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyny tizleşdirmäge we olaryň işiniň netijeli dolandyrylmagyny gurmaga gönükdirilen anyk çäreler görülýär. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde, ýakyn bäş ýylda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça strategiýanyň hem-de amala aşyrylmaly çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu meýilnamada ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny düýpli özgertmek, sanly ulgamy hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, eýeçilik gatnaşyklaryny üýtgetmek we eýeçiligiň görnüşleriniň köpdürlüligini emele getirmek boýunça işler kesgitlenildi. Çäreleriň meýilnamasynda dö

Ýaşlaryň zähmet ýolunda kämilleşmegi

Ýaşlaryň okamagy we zähmet çekmegi, olaryň durmuş taýdan goraglylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Zähmet kodeksine, «Bilim hakynda», «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda düzgünleşdirilýär. Ýaşlaryň durmuş-zähmet hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, iş bilen üpjün etmek hem-de täze iş orunlaryny döretmek baradaky wezipelerinden ugur alnyp, ýurdumyzda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmak we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmek Maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar.

Döwrebap ekologiýa kanunçylygy — ösüşiň möhüm şerti

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça milli kanunçylyk halkara ekologiýa kadalary bilen sazlaşykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Munuň özi, daşky gurşawy goramagyň we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmagyň, tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almagyň, azyk önümleriniň we howa gurşawynyň ekologiýa taýdan arassalygyny üpjün etmegiň häzirki zaman şertlerinde derwaýys wezipeleriň hatarynda durýandygy bilen baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ekologiýa jähetleriniň ähmiýeti döwlet Baştutanymyzyň ählumumy hem-de sebitleýin çäklerde daşky gurşawy goramak babatda öňe süren öňdengörüjilikli başlangyçlarynda aýdyň şöhlelenýär. Halkara ekologiýa hyzmatdaşlygynyň işjeň agzasy bolan ýurdumyzda ýaş nesillerde daşky gurşawa aýawly garamagyň, tebigata bolan söýgini kemala getirmegiň wagyz-nesihat, guramaçylyk çäreleri asylly däbe öwrüldi. Bu bolsa, tebigat bilen gönüden-göni özara gatnaşykda bolmagymyz, her bir adamyň tebigata aýawly çemeleşmegiň, ondan rejeli peýdalanmagyň ahlak we hukuk borçlaryna bolan jogapkärçiligini pugtalandyrýar.

Kitap — paýhas ummany

Kitap — bilimler hazynasy. Gyzykly wakalaryň hem-de başdan geçirmeleriň beýanyny edýän kitap — jadyly dünýä. Çaganyň kitap okap, bilimler dünýäsine aralaşmagy, gyzykly maglumatlardan habarly bolup, dünýägaraýşyny giňeltmegi üçin, ene-ata olara kiçiliginden ertekidir hekaýa okap bermeli, goşgulary ýat tutdurmaly. Perzendine kitap okamagy, onuň manysyna düşünmegi öwretmek üçin, ilki bilen, ene-atanyň özi kitap okamagy endik etmeli. Häzirki sanly tehnologiýalaryň ösen döwründe audio kitaplar hem bar. Kähalatda ene-atalar çagalaryna audio kitap alyp berip, olaryň kitaby okamagyny däl-de, diňe diňlemegini isleýärler. Ýöne çaga ýaşlykdan kitap okamagy öwretmek bilen, ene-ata perzendiniň sowatlylygyny hem artdyrýandygyny bilmelidir. Sebäbi hat-sowat öwrenen çaga bir kitaby okamak bilen çäklenmän, onda başga-da eserleri okamaga bolan mümkinçiligi bolýar. Eýýäm harplary tanaýan çaga hat ýazmagy-da özleşdirýär. Ata-babalarymyz «Köp okan — köp biler» diýip, kitap okamagyň gymmatyny beýan edipdir. Audio kitap bolsa diňe öz çygryndaky eseri «gürrüň bermek» bilen çäklenip, «ýadyna» girizilen eseriň gürrüňi gutaransoň, ony zol-zol diňlemegiň gyzygy hem barha peselýär.

Sagdyn durmuşyň sakasy

Ahal welaýat Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginde geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynda kesellerden goranmak we sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek maksat edinildi. Welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň hem-de Saglygy goraýyş müdirliginiň işgärlerinden düzülen wagyz-nesihat toparynyň agzalarynyň gatnaşmagynda sportçularyň arasynda geçirilen duşuşykda täsirli çykyşlar boldy. Onda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň mejlisleriniň çözgütlerinden, şol sanda ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça amala aşyrylmaly işleriň wagtlaýyn tertibinden gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, türgenlerdir tälimçilere degerli maslahatlar, öwüt-ündewler berildi.

Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly bilen

Türkmenistan parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş babatdaky ählumumy tagallalara mynasyp goşandyny goşýan, sebitde we dünýäde belent abraýly hem-de täsirli döwlet hökmünde çykyş edýär. Munuň şeýledigine «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen 2020-nji ýylda amala aşyrylan beýik işler aýdyň şaýatlyk edýär. 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi döwletimizde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagynyň asylly däbe öwrülendigini tassyklaýar. Munuň özi, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Rezolýusiýasyndan gözbaş alýar.

Gülläp ösüşiň mekany

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan ata Watanymyz gadamlaryny has-da batlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly halkymyza mahsus bolan ruhy gymmatlyklara, oňyn ýörelgelere esaslanýan hoşniýetli içeri we daşary syýasaty ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň ygtybarly kepili bolup durýar. Giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirilen asylly ýörelgeleriň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň üstünliklere beslenmegini şertlendirdi. Mähriban Watanymyz dünýäde dost-doganlygyň, rowaçlygyň ýurdy hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde «2021-nji ýyly — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli, pähim-paýhasa ýugrulan syýasaty netijesinde, Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşen Türkmenistan soňky onýyllykda dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýmak, halkara hyzmatdaşlygyň täze netijeli ýollaryny we ugurlaryny ösdürmek babatda gymmatly tejribeleri toplady.

Ata Watanymyzyň nurana menzilleri

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ählihalk tarapyndan döwlet Baştutany wezipesine saýlanyp, işe girişen gününden beýläk ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleri giňden ýaýbaňlandyrmak bilen, onuň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna uly itergi berdi. Şeýle bolansoň, bu gün eziz Diýarymyz gülläp ösüşiň ýoly bilen rowaçlyklara sary öňe barýar. Ösüşiň täze taryhy döwründe her bir ýylyň onda amala aşyrmaly möhüm wezipeleri özünde şöhlelendirip, halkymyzy täzeden-täze üstünliklere atarýan çuňňur manyly şygarlar bilen atlandyrylmagynyň bolsa, möhüm ähmiýeti bardyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk taryhynyň 2007-nji ýyldan başlan ilkinji ýyllaryny Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamany diýlip atlandyrylan bolsa, 2012-nji ýylyň 24-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde halkymyzyň ösüşiň hil taýdan täze belentligine, ýagny Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne gadam goýandygy yglan edildi. Ine, şondan soňra her bir ýylda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän tutumly işler ýurdumyzy belentden-belent derejelere çykaryp gelýär. Şonda her bir ýylyň özüne mahsus şygar astynda geçmegi halkymyzyň ruhuny belende göterip, şol ýyllarda ähli adamlaryň döredijilik yhlasyny öňde duran möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ugr

Ýylyň şygary — täze üstünlikleriň badalgasy

ÖŇŇIN Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ady bilen şu ýylyň çärelerine badalga bermek mynasybetli dabara geçirildi. Dabarany welaýat häkimligi hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady. Oňa welaýatyň, etrapdyr şäher häkimlikleriniň, edara-kärhanalarynyň, şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Dabarany Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jennet Geldymamedowa açyp, ýygnananlary Arkadagly döwrümiziň Täze ýylynyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli gutlap, 2021-nji ýylyň ata Watanymyz, bagtyýar halkymyz üçin rowaçly ýyllaryň biri bolmagyny arzuw etdi hem-de ýylyň şygary mynasybetli geçirilýän dabaranyň ähmiýetini belledi. Onuň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda her ýyly özboluşly şygar astynda garşy almak, ýyla at dakmak asylly däbe öwrüldi.

Dabara gatnaşyjylaryň ýürek buýsanjy

Baýramsoltan MYRADOWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygy, Mejlisiň deputaty:

Belent sepgitlere ruhlanyp

Häzirki wagtda oba hojalyk önümçiligini bazar gatnaşyklaryna geçirmek, ýeriň hakyky eýesini tapmak, pudaga hususy eýeçiligi giňden çekmek boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, daýhanlaryň netijeli zähmeti üçin amatly şertler üpjün edildi. Bu ugurda alnyp barylýan işler «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgede öz beýanyny tapýar. Amala aşyrylýan işleriň netejesinde, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar. Oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýär. Eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan, bolelin, eşretli durmuşyna gönükdirilen beýik işleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna hususy ulgamyň wekilleri-de saldamly goşant goşýarlar. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, ykdysadyýetiň hususy böleginiň ornuny ýokarlandyrmakda, telekeçilige ýardam bermekde uly üstünlikler gazanylýar. Döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilmegi netijesinde, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli oba hojalygynyň iri kärhanalary, tutuş senagat zolaklary, döwrebap ýyladyşhana toplumlary, önümçiligiň we gaýtadan işlemegiň bitewi ulgamyny öz içine alýan guş toplumlary, maldarçylyk we balykçylyk hojalyklary, miweli baglar döredildi.

Işewürligiň ösüşli gadamlary

Häzirki wagtda kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, ilata durmuş hyzmatlaryny hödürlemek, täze iş orunlaryny döretmek işine uly goşant goşýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan dürli maksatly desgalaryň ençemesi munuň aýdyň mysalydyr. Türkmenistanyň gurluşyk senagatynda öňdebaryjylaryň biri bolan «Ojar Aziýa» hususy kärhanasynyň hasabyna paýtagtymyzda hem-de sebitlerde amala aşyrylan iri taslamalaryň ýüzlerçesi bar. Olaryň agramly bölegi ýaşaýyş jaýlarynyň paýyna düşýär. Şeýle hem bu kärhana umumybilim berýän we sport mekdeplerini, sport desgalaryny, çagalar sagaldyş merkezlerini, medeni edaralary gurmak, dürli desgalaryň elektrik üpjünçiligi, suw geçiriji we lagym kommunikasiýalarynyň gurluşygyny amala aşyrmak, awtomobil ýollarynyň, ulag çatryklarynyň hem-de köprüleriň durkuny täzelemek we gurmak ynanyldy.

Itburun

Ýurdumyzda güýz paslynda ýetişýän dermanlyk häsiýete eýe bolan itburnuň şypasy il içinde giňden bellidir. Onuň bişen miwesi ýygnalýar, guradylan görnüşde dermanhanalarda halka hödürlenýär. Tebigy ösümlikleriň peýdasyny bilip, gündelik durmuşda ulanmagy başaran ene-mamalarymyz itburunyň miwesinden ter we gury görnüşinde dürli önümler taýýarlaýarlar. Bu pürli ösümlik bägüller maşgalasyna degişlidir. Oňa „«ýabany bägül» hem diýilýär. Süýrümtik, üljä çalymdaş, gyzyl ýa-da gyrmyzy, sarymtyl gyzyl reňkli miweleri bolýar. Itburnuň dermanlyk häsiýeti gadym döwürlerden bäri belli bolupdyr. Ol bedeniň immunitetini — kesellere garşy göreşijilik ukybyny berkidýär, bedeniň garramagynyň öňüni alýar. Itburun düzüminde C ýokumyny iň köp saklaýan miwedir. Meselem, C witamini itburnuň miwesinde limondakydan 50 esse, gara smorodinadan 10 esse kändir. Şonuň üçin ony güýz-gyş aýlary, sowuklama ýoňlamasynyň ýaýraýan döwri ulanmak örän peýdalydyr.

Gök önümleriň bolçulygy

Welaýatymyzyň çäginde döwrebap ýyladyşhanalaryň ençemesi hereket edýär. Halkymyzy daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmek, ak bazarlarymyzda ter gök önümleriň bereket-bolçulygyny döretmek babatdaky tagallalara mynasyp goşant goşýan ýyladyşhanalaryň biri-de Gökdepe etrabynyň «Yzgant» daýhan birleşiginiň çägindäki «Berk binaçy» hususy kärhanasyna degişli bolan ýyladyşhanadyr. Bu ýyladyşhana gök önümleriň dürli görnüşlerini ýetişdirmäge niýetlenendir. Jemi 4 gektar meýdanda gurlan döwrebap ýyladyşhananyň 3,5 gektardan gowrak ýerinde birnäçe ýyldan bäri pomidordyr hyýar, bolgar burçy ýetişdirilýär hem-de olardan bol hasyl alynýar.

Sazlaşykly tagallalar

2021-nji ýyl — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň häzirki günlerinde meýdan işleriniň depginini güýçlendirmek babatda yhlasly zähmet çekýän Kaka etrabynyň oba zähmetkeşleri ýaz ekişine aýratyn jogapkärli çemeleşýärler. Olar şu günler gowaça hasylyndan boşan gektarlarda sürüm işlerini alyp barmak bilen, işiň hiline uly üns gönükdirýärler. Etrap boýunça sürüm geçiriji tehnikalaryň 60-sy bu işe gatnaşýar. Etrabyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatorlary özlerine berkidilen sürüm geçiriji traktorlaryň saz işlemegini gazanýarlar. Olaryň gündelik sürüm geçirilýän meýdanlarynyň hatarynyň barha artmagy bu möhüm çäräniň irki möhletlerde tamamlanmagyna şert döredýär.