"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Şa serpaýly ýaş zehin

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginde ýeňiji bolup, Şa serpaýyna mynasyp bolanlaryň arasynda Kaka etrabyndaky iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Ogulşat Begpolodowanyň bolmagy ählimizi begendirdi. Ogulşat bagtdan paýly, zehinli çagalaryň biri. Ol sapaklaryna oňat bahalar bilen ýetişip, mekdepde geçirilýän medeni-köpçülik çärelerine işjeň gatnaşýar hem deň-duşlaryna, boýdaşlaryna görelde bolýar. Onuň ýerine ýetirýän joşgunly aýdymlary toý-baýramlaryň bezegine öwrülip, hemmelere ruhy şatlyk paýlaýar. Ogulşat bilen gürrüňdeş bolanyňda, ol aýdym-saza höwesiniň çagalar bagyna gatnan döwürlerinde dörändigini, has kiçiliginden sungata ýykgyn edendigini, indi birnäçe ýyldan bäri mekdepde, şeýle-de etrap derejesinde geçirilýän baýramçylyk dabaralarynda çykyş edip gelýändigini guwanç bilen gürrüň berdi.

Bagtyýar çagalar — röwşen geljegiň kepili

Eziz Watanymyzda körpe nesliň bagtyýar durmuşy, sagdyn ösüp, kämil bilim almagy üçin ähli şertler döredilýär. Çaganyň mekdebe çenli döwrüniň manyly guralmagy möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle bolansoň ýurdumyzda mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmäge uly üns gönükdirilýär, dürli ugurlar boýunça okuw maksatnamalary, okuw kitaplary taýýarlanylýar, hünär taýýarlygy kämil bolan, başarjaň, hünärli pedagoglar bilen üpjün edilýär. Çagalar bagy sazlaşykly ösen şahsyýetiň kemala gelip başlaýan mukaddes ojagydyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, çagalar baglarynyň, bilim ojaklarynyň häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän täze binalary yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli, asylly däbe görä, ýurdumyzda täze bilim edaralarynyň açylyş dabaralary boldy. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň döwrebap binalarynda körpeleriň sazlaşykly terbiýelenmegi, aň-paýhas taýdan ählitaraplaýyn ösmegi, göwnejaý dynç almagy üçin zerur şertler döredilendir. Çagalara bilim we terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen innowasion, netijeli usullaryň ornaşdyrylmagy mekdebe çenli çagalar edaralarynyň gerimini giňeltmäge, olara körpejeleri çekmäge, çaganyň ukyplarynyň kadaly ösmegi üçin maşgalanyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ornuny ýokarlandyrmaga öz täsirini ýetirýär. Çaganyň ukyplarynyň kadaly ösmegi, maşgalany hemmetara

Kompýuter syçanjygynyň taryhyndan

Sanly ulgamyň durmuşymyza ornaşmagy bilen kompýuteri ulanmak gündelik zerurlygymyza öwrüldi. Onda işlenilende ol ýa-da beýleki programmalara degişli işi amala aşyrmak üçin bolsa ýörite guralyň zerurlygy ýüze çykypdyr. Bu gural amerikan oýlap tapyjysy Duglas Engelbart tarapyndan oýlanyp tapylyp,1968-nji ýylyň dekabrynda San-Fransiskoda geçirilen konferensiýada görkezilipdir. Gural kompýuterden üzňe bolsa-da, ondaky işi bellibir aralykdan ýerine ýetirmäge uýgunlaşdyrylypdyr. Bu gural kompýuter syçanjygydyr. Ilkinji syçanjyk tagtadan ýasalyp, dörtburçluk şekilinde bolupdyr. Onuň üstünde bir düwmejik, aşagynda bolsa guraly herekete getirer ýaly iki tigirçek bolupdyr. Kompýuter bilen birleşdiriler ýaly onuň yz tarapyna sim dakylypdyr we şol görnüş oýlap tapyja guýruklyja syçanjygy ýatladypdyr. Şol sebäpden D.Engelbart syçana meňzeýändigi üçin gurala «syçanjyk» diýen ady beripdir.

Maksadymyz — ak ýollaryň howpsuzlygy

Islendik oba bolsun, şäher ýa-da şäherçe, tapawudy ýok, ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek ynsan saglygyny goramakda uly ähmiýete eýedir. Häzirki döwürde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek dünýäde wajyp meseleleriň biri hasaplanýar. Ýurdumyzda her ýylyň 1-30-njy sentýabry aralygynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk geçirilýär. Bu işler özüniň oňyn netijesini hem berýär. Häzirki wagtda nurana ýollarda hereket edýän dürli kysymly awtoulaglary edinýän raýatlarymyzyň sany barha artýar. Şol sebäpden täze ýollaryň, köpugurly awtomobil köprüleriniň, ýolagçy duralgalarynyň gurulmagyna, köçeleriň yşyklandyrylmagyna, ýol belgileriniň görnükli ýerlerde goýulmagyna aýratyn üns berilýär. Ak ýollarda hereketiň güýçlenmegi bilen, ýol hereketine gatnaşyjylara, ýagny sürüjilere, pyýadalara, ýolagçylara bildirilýän talaplar hem güýçlendirilýär. Bu bolsa ýol hadysalarynyň öňüniň alynmagyny şertlendirýär.

Hünärli nesil

Düýn, Ak bugdaý etrabyndaky tebigy we takyk ugurly okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdepde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden «Hünärli nesil — röwşen geljek» atly bäsleşiginiň jemleýji welaýat tapgyry geçirildi.

Bulary bilmek gyzykly

• Dünýäde iň kiçijek guş bolan kolibri sekuntda 60-80 gezek ganatlaryny kakýar.

Sepgitde ünsli bolmaly

Tomus pasly tamamlanyp, güýz möwsümi öz hökümini ýöredip başlady. Pasyllaryň arasyndaky sepgitde howanyň çalyşmagy, durumynyň üýtgemegi bilen, oňa uýgunlaşmak biraz wagty talap edýär. Her pasylda bolşy ýaly, güýz paslynyň şu günlerinde hem adamlar saglyk ýagdaýyna dykgatly çemeleşmelidirler. Şol sebäpden möwsümiň ilkinji günlerinden bedeniň kesellere garşy goranyjylyk ukybyny güýçlendirmeli, bedeniňi taplamaly, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli. Şeýle-de dogry iýmitlenmegiň hem peýdasy uly bolup, bedeniň witaminler, ýokumly serişdeler bilen üpjün bolmagyny gazanmaly. Sepgitde hroniki ýarawsyzlygy, allergiýasy hem-de immuniteti pes bolan adamlar, ýaşulular howanyň durumyna öwrenişmeli bolýar. Şu pursatlarda olar lukmanyň gözegçiligi astynda bolup, hünärmenleriň degerli maslahatlaryna eýermelidirler. Günüňi meýilleşdirişiňe görä, wagtly-wagtynda iýmitlenmek, bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek, arassa howada gezmek, rahat uklamak sagdynlygyň esasy şertleriniň biridir. Pasyllaryň çalsygyndaky sepgitde dümewden goranmak üçin pasyllara görä geýinmek hem möhümdir.

Wagyz-nesihat duşuşygy

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň, etrap polisiýa we bilim bölümleriniň bilelikde guramaklarynda şu günler etrabyň bilim-terbiýeçilik ojaklarynda meýilnama esasynda wagyz-nesihat häsiýetli duşuşyklar, gürrüňdeşlikler, bäsleşikler geçirilýär. Şol çäreleriň barşynda ýaşlara ýol hereketiniň düzgünleri düşündirilýär. Etrapdaky 23-nji orta mekdebiň okuwçy ýaşlarynyň arasynda «Ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenmek her birimiziň borjumyzdyr» ady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy has-da täsirli boldy. Onuň barşynda etrap polisiýa bölüminiň ýol gözegçiligi bölümçesiniň, Ýaşlar guramasynyň wekilleri, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, halypa mugallymlar çykyş etmek bilen, her bir adamyň ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmäge borçludygy barada nygtadylar, mekdep okuwçylaryna gymmatly öwüt-ündewlerini aýtdylar.

Hormatly raýatlar!

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzyň raýatlaryny «Onlaýn ýüz tutma» hyzmatyndan peýdalanmaga çagyrýar. Hyzmata laýyklykda raýatlar banka barmazdan sanly ulgam arkaly bankyň resmi www.tnbk.tm internet sahypasynyň «Karzlaşdyrma» bölüminde ýerleşdirilen «Onlaýn ýüz tutma» arkaly soraglara dogry we doly jogap berip, gerekli maglumatlar doldurandan soňra, bankyň hünärmeni tarapyndan karz almak üçin ýüztutmanyň kabul edilendigi barada telefon arkaly habar berilýär. Raýatlarymyz bu hyzmatdan gije-gündiziň dowamynda peýdalanyp bilerler. Hormatly ildeşler! «Onlaýn ýüz tutma» hyzmatyndan peýdalanmak üçin bankyň merkezi edarasyna ýa-da onuň islendik şahamçasyna ýüz tutup bilersiňiz.

Bildiriş

Ahal welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi 2024-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Tejen etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň Tejen şäheriniň Magtymguly köçesiniň 35-nji jaý salgysynda ýerleşýän öz edara binasynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär we Tejen etrabynyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalary, guramalary, firmalary, kompaniýalary özlerinde eýelenmedik bar bolan boş iş orunlaryny hödürlemeklige çagyrýar. Işe girmek isleýän raýatlary geçiriljek çärä çagyrýarys. Olar ýany bilen pasportyny we zähmet depderçesini alyp gelmeli.

Ynsan saglygynyň aladasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şypahana ulgamynyň düzümleriniň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzda häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen şypahanalaryň gurulmagy, ozaldan hereket edýän şypahanalaryň durkunyň täzelenmegi hem şaýatlyk edýär. Bäherden etrabyndaky “Arçman” şypahanasynyň täze binasyny gurmak we öňki binalarynyň durkuny täzelemek ugrunda edilýän tagallalar has-da guwandyrýar. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Arçman” şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşmagy diýseň guwandyryjy waka öwrüldi.

Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň häzirki günlerinde ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk üstünlikli dowam edýär. Biraýlygyň çäginde welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň wekilleri bilen bilelikde geçirýän wagyz-nesihat, düşündiriş işleri hem netijeli häsiýete eýe bolýar. Mekdep okuwçylarynyň, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň, şeýle-de ýaş sürüjileriň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklar ýaşlaryň ýollarda hereket sazlaşygyny üpjün etmek ukybyny, köçe-ýol düzgün-kadalaryny berk berjaý etmek endiklerini ösdürmekde, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda ähmiýetli bolup durýar.

Taryhy Maslahatyň bosagasynda

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakyndaky» Kararyndan gelip çykýan wezipeleri düşündirmek maksady bilen Ak bugdaý etrabyndaky 1-nji orta mekdepde mekdep mugallymlarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçen duşuşykda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän şatlykly wakalar, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyna gabatlanyp paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobataky mejlisiniň taryhy ähmiýeti dogrusynda gürrüň edildi. Duşuşykda çykyş edenler ösüş-özgertmelere beslenen döwrümizde il-ýurt bähbitli meseleleri çözmekde, döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmekde, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň möhüm ornunyň bardygyny buýsanç bilen belläp geçdiler. Duşuşyga gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, halk bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Wagyz-nesihat edildi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şanly ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşi tarapyndan etrabymyzyň edara-kärhanalarynda dürli mazmunli çäreler geçirilýär. «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginde «Maşgalam — baş galam» ady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy hem şeýle çäreleriň biri boldy. Agzalan müdirlikde zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda geçirilen duşuşygyň esasy maksady milli däp-dessurlarymyzy, asylly ýol-ýörelgelerimizi, maşgala mukaddesligini wagyz-nesihat etmekden ybarat boldy. Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň wekilleriniň çykyşlarynda maşgala mukaddesligi, ýaşlary bezeýän häsiýetler, salyhatlylyk, halallyk, dogruçyllyk, maşgala ojagyna wepadarlyk bilen bagly täsirli gürrüň edildi. Onuň barşynda ýaşlara gymmatly öwüt-ündewler aýdyldy.

Halk Maslahaty — ösüşlere binýat

Her ýyl Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň toýlanýan günlerinde Diýarymyzda Halk Maslahatynyň mejlisi dabaraly ýagdaýda geçirilýär. Onda ýaşululara sala salyp, döwletli tutumlar jemgyýetçiligiň wekilleri bilen maslahatlaşylýar. Munuň özi döwletli ýörelgelere aýratyn ähmiýet berilýändiginiň güwäsidir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň kararyna laýyklykda, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda, mukaddes Garaşsyzlygyň 33 ýyllyk şanly toýunyň bosagasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirilýär. Bu umumymilli forumyň maksady halk wekilleriniň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmegine, jemgyýetiň agzybirligini we jebisligini berkitmegine, milli demokratiýany has-da ösdürmäge giňden gatnaşmagyny üpjin etmekden ybaratdyr.

Garaşsyzlygyň beren bagty

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda şatlyk-şowhuna beslenip bellenjek şanly seneleriň biri-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýudyr. Bu sene her birimiziň kalbymyza joşgun berip, Garaşsyzlyk bagtymyza buýsanmaga, Watanymyzyň geçen gysga taryhy döwrüniň dowamynda ýeten derejesine göz aýlamaga mümkinçilik berýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyz gülläp ösdi, özgerdi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokary derejä çykdy, Watanymyzyň şan-şöhraty dünýä doldy. Bu ösüş-özgertmelere guwanç-buýsanjymyz çäksizdir. Şoňa görä-de, şanly toýa barýan häzirki şatlykly günlerde welaýatymyzyň ýaşlarynyň arasynda beýik döwrümiziň gadyr-gymmatyny, Watanymyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan asyrlara barabar ösüşdir özgertmeleri wagyz-nesihat edýäris.

Halk Maslahatyna taýýarlykly barylýar

Şu günler Ak bugdaý etrabynyň edara-kärhanalarynyň işçi-hünärmenleriniň arasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetine, ýakyn günlerde geçiriljek umumymilli forumyna taýýarlykly barmakda öňde duran wezipelere bagyşlanan düşündiriş işleri geçirilýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilýän duşuşyklarda täsirli çykyşlara giň orun berilýär. Garaşsyz Watanymyzyň bu günki ösüşleri, döwlet we milli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler bilen bagly gürrüňe hem uly ähmiýet berilýär. Çykyşlarda ýurdumyzy ösüşleriň belent derejelerine çykarmakda, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň aýratyn ornunyň boljakdygy, şoňa görä-de, oňa ýokary taýýarlyklar bilen barmagyň möhümdigi dogrusynda giňişleýin durlup geçilýär.

Mekdepdäki täsirli duşuşyk

Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdepde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrap Polisiýa bölüminiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda okuwçy ýaşlaryň arasynda geçirilen duşuşykda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda yglan edilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde alnyp barylýan çäreler we olaryň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Etrap Polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wagyz-nesihat boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany Maksatgeldi Kakabaýewiň, etrap polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesiniň gözegçisi Ogulsuraý Huseýinkuliýewanyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, ajaýyp döwrümizde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri barha ýokarlanýar, köçe-ýollaryň durky döwrebaplaşdyrylýar, täze ýollar gurulýar, şonuň bilen bir hatarda ýollarda ulag gatnawlary artýar. Bu bolsa, ýol hereketiniň kadalaryny berk berjaý etmegi talap edýär. Şoňa görä-de, okuwçy ýaşlar mekdebe gelende we mekdepden öýe gaýdanda ýol hereketiniň kadalaryny hökmany ýagdaýda berjaý etmelidir.

Meniň dostum — ýolyşyk

Kaka etrabyndaky 14-nji orta mekdepde “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk mynasybetli “Meniň dostum — ýolyşyk” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi hem-de etrap bilim bölümi tarapyndan guralan duşuşyga mekdep okuwçylary gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda her ýylyň 1—30-njy sentýabry aralygynda geçirilýän biraýlygyň ähmiýeti dogrusyndaky gürrüň duşuşykdaky çykyşlaryň özeni boldy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň başlygy Meýlismyrat Myradow “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň geçirilmeginiň ähmiýeti, şeýle-de  onuň çäginde guralýan çäreleriň netijeliligini gazanmakda edilýän tagallalaryň üstünde durup geçdi.

Tennis ýaryşy geçirildi

Bäherden etrabynyň sport mekdebinde 2008-2009-­njy ýyllarda doglan ýetginjek türgenleriň arasynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça birinjilik geçirildi. Etrap bedenterbiýe we sport bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň bilelikde guramagynda geçen ýaryşda sport mekdebiniň ýaşajyk türgenleri ukyp-başarnygyny görkezdiler. Çekeleşikli geçen ýaryşda sport mekdebiniň tälimçisi Hurmagül Annagurbanowanyň tälim berýän türgenleri birinji, tälimçi Gündogdy Gündogdyýewiň şägirtleri ikinji, tälimçi Kuwwat Kuwwatowyň şägirtleri bolsa üçünji orna mynasyp boldular.