Halk Maslahaty — ösüşlere binýat

9 Sentýabr 2024
64

Her ýyl Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň toýlanýan günlerinde Diýarymyzda Halk Maslahatynyň mejlisi dabaraly ýagdaýda geçirilýär. Onda ýaşululara sala salyp, döwletli tutumlar jemgyýetçiligiň wekilleri bilen maslahatlaşylýar. Munuň özi döwletli ýörelgelere aýratyn ähmiýet berilýändiginiň güwäsidir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň kararyna laýyklykda, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda, mukaddes Garaşsyzlygyň 33 ýyllyk şanly toýunyň bosagasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirilýär. Bu umumymilli forumyň maksady halk wekilleriniň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmegine, jemgyýetiň agzybirligini we jebisligini berkitmegine, milli demokratiýany has-da ösdürmäge giňden gatnaşmagyny üpjin etmekden ybaratdyr.

Batyr NARYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.