"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Täsirli geçen duşuşyk

Şu günler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary Ak bugdaý etrabynda hem giň gerime eýe bolýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşi tarapyndan mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirýän çärelerde hem ajaýyp eseriň baý many-mazmuny dogrusynda söhbet açylýar. Etrapdaky 46-njy orta mekdebiň kitaphanasynda geçen duşuşyk has-da täsirli boldy. Onda Gahryman Arkadagymyzyň şu şanly günlerde halkymyza sowgat eden “Hakyda göwheri” atly kitabynyň baý many-mazmunyna we terbiýeçilik ähmiýetine üns çekildi. Çykyş edenler bu kitapda şöhratly taryhymyzyň, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiriniň, milli medeniýetimiziň, baý mirasymyzyň çeper dilde, anyk maglumatlar esasynda giňişleýin beýanyny tapýandygyny buýsanç bilen nygtadylar.

Şanly senä bagyşlandy

Babadaýhan etrabyndaky 19-njy orta mekdepde Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň 29 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanan küşt ýaryşy geçirildi. Mekdep okuwçylarynyň arasyndaky ýaryş “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi tarapyndan guraldy. Ýaryşda okuwçy oglan-gyzlaryň onlarçasy akyl-paýhas oýny boýunça özara bäsleşdiler. Gyzyklanma eýe bolan ýaryşyň netijesinde etrapdaky 15-nji orta mekdepden gelen okuwçylar toparlaýyn birinji orna mynasyp boldular. 8-nji orta mekdebiň topary ikinji, 6-njy orta mekdebiň topary üçünji orny eýeledi. Ýeňijiler hormat hatlary bilen sylaglandy.

Şatlygymyzy goşalandyran waka

Ýurdumyzda baky Bitaraplygyň şanly 29 ýyllygynyň baýramçylyk dabaralarynyň joşguna beslenen günlerinde şatlykly wakalaryň ençemesi bolup geçdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany bilen bir hatarda, Magtymguly adyndaky halkara baýragy bilen sylaglanmagy buýsançly wakalaryň birine öwrüldi. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy, Köpetdagyň eteginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de söz ussadynyň ajaýyp ýadygärliginiň gurulmagy Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp başlangyçlaryndan gözbaş alýar.

Küşt boýunça ýaryş geçirildi

Halkara Bitaraplyk gününiň şanyna Tejen etrabyndaky 40-njy orta mekdepde okuwçy ýaşlaryň arasynda küşt ýaryşy geçirildi. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hem-de etrabyň bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryşyň esasy makşady şanly senäni dabaralandyrmakdan, okuwçy ýaşlaryň sport ussatlygyny ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. Gyzykly geçen ýaryşda etrapdaky 31-nji orta mekdebiň topary birinji, 41-nji orta mekdebiň topary ikinji, 32-nji orta mekdebiň topary üçünji orny eýeläp, “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hormat hatlaryna mynasyp boldular.

Işler utgaşykly barýar

Tejen etrabynyň oba zähmetkeşleri gowaça hasylyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini depginli alyp barýarlar. Geljek ýylyň hasyly üçin ýerleri ýaz ekişi möwsümine taýýarlamakda uly ähmiýete eýe bolan häzirki sürüm işlerinde tehnikalaryň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. Her bir mehanizator özüne berkidilen tehnikalarda sürümi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmekde tutanýerli zähmet çekýär. Etrapda topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işlerine hem möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurdaky işler degişli hünärmenleriň üns merkezinde saklanýar. Häzirki meýdan işleriniň utgaşykly ýola goýulmagy geljek ýylyň ýaz ekişine taýýarlykly barmaga şert döredýär.

Bagtyýarlygyň nyşany

Berkarar Watanymyzda toýlaryň toýa ulaşýandygyny baky Bitaraplygyň 29 ýyllygynyň baýramçylyk dabaralary bütin Äleme äşgär etdi. Halkara Bitaraplyk gününiň toý çärelerine utgaşan dabaralaryň şatlyk-şowhuny Diýarymyzyň ähli ýerini gurşap aldy. Toý günleri ildeşlerimiziň uly toparynyň döwlet sylaglary bilen sylaglanmagy has-da buýsançly boldy. Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşan bilen sylaglananlaryň arasynda daşary ýurt raýatlaryň hem bardygyny bellemek ýakymlydyr. Toý günleri ýurdumyzyň sebitlerinde hem-de Arkadag şäherinde binadyr desgalaryň açylyş dabaralaryna-da şaýat bolundy. Welaýatymyzyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde Kofe we kofe önümleri kärhanasy, Nah ýüplügini öndürýän kärhananyň açylyp, işe girizilmegi şatlykly wakalaryň üstüni ýetirdi.

Ökdeler ýeňiji boldy

Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdürliginiň guramagynda Änew şäherindäki sport mekdebinde Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 29 ýyllygyna bagyşlanyp küşt boýunça 7, 9, 11 ýaşa çenli küştçi oglan-gyzlaryň arasynda welaýatyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Oňa welaýatymyzyň etraplaryndan gelen ýaşajyk küştçüler bäsleşdiler. Ýaryşda 7 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Bäherden etrap sport mekdebinden Alyhan Garamämmedow, gyzlaryň arasyndan şol mekdepden Aýşa Annasähedowa, 9 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda Tejen etrabyndan Aýnur Saparowa, şol ýaşdaky oglanlaryň arasynda Gökdepe etrabyndan Ysmaýyl Nurberdiýew, 11 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda Bäherden etrabyndan Gülnäz Adylowa, oglanlaryň arasynda Tejen etrabyndan Hezretnur Habibow ýeňiji boldy. Ýeňijilere Ahal welaýatynyň bedenteriýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hormat hatlary gowşuryldy.

Ýol-ýörelgämiz bolar

Häzirki şanly günler Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary Diýarymyzyň ähli ýerlerinde giň gerime eýe bolýar. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideriniň döwet galamyna degişli bolan gymmatly esere gyzyklanmanyň ýokarydygynyň alamatydyr. Milli Liderimiziň baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk toýunyň bosagasynda halkymyza sowgat eden “Hakyda göwheri” atly kitaby baý many-mazmuny babatynda, hakykatdan-da, uly gyzyklanma eýedir. Bu ajaýyp eserde türkmen halkynyň dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandy, halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýoly, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleri anyk we taryhy maglumatlar arkaly beýan edilýär. Gymmatly kitabyň her bir baby, bölümi we sahypasy çuňňur manyly jümlelere baýdyr. Bu bolsa kitabyň gymmatyny artdyrýar.

Okuwçy gyzlar basketbol ýaryşdy

Babadaýhan etrabyndaky 23-nji orta mekdepde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çäginde okuwçy gyzlaryň arasynda basketbol ýaryşy geçirildi. Bu ýaryş etrapdaky orta mekdeplerden gelen okuwçy gyzlaryň basketbol sportuna höwesiniň ýokarydygyny görkezdi. «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi, etrap bilim bölümi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan ýaryş güýçli toparlary öňe saýlady. Ýaryşda etrapdaky 23-nji orta mekdebiň topary birinji, 5-nji orta mekdebiň topary ikinji, 1-nji orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldy.

Möwsümiň öňdebaryjylary sylaglandy

Kaka etrap häkimligi hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kaka etrap komiteti tarapyndan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşynda öňdebaryjy zähmetkeşleriň arasynda höweslendiriş işleri yzygiderli guralýar. Güýzlük ýeralmanyň hasylynyň ýygnalýan döwründe hem şeýle asylly işlere aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigine etrabyň “Edermen pagtaçy” daýhan hojalygynyň ekerançylyk meýdanynda guralan iş üstündäki duşuşyk hem şaýatlyk edýär. Ady agzalan daýhan hojalygy boýunça üstümizdäki ýylda 150 gektarda ýazlyk ýeralma ýetişdirip, şol ýerden 2 müň 100 tonna almanyň ýerine 2 müň 500 tonnasy alyndy. Güýzlük ýeralmanyň ýetişdirilen 100 gektar meýdanyň hasyly has-da bitginli boldy. Hojalygyň zähmetkeşleri şol ýeriň her gektaryndan 25 tonna çenli hasyl ýygnamagy başardylar. Şoňa görä-de, ýeralma ýetişdirilen meýdanyň soňky gektarlarynyň hasylynyň ýygnalýan çagynda iş üstünde bolan duşuşykda hojalygyň ýolbaşçysyna we agronom-hünärmenine Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň hormat haty gowşuryldy.

Rowaçly menziller

Okgunly ösüşleri bilen barha öňe barýan, ykdysady kuwwaty günsaýyn ýokarlanýan berkarar Watanymyz guwanjymyzdyr, buýsanjymyzdyr. Ýurdumyzyň beýik ösüşleri we özgertmeleri kalbymyzy joşa getirip, bizi has-da tutanýerli we netijeli zähmete ruhlandyrýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly şygary astynda üstünliklere we rowaçlyklara beslenen şanly ýylyň tamamlanyp barýan çagynda Watanymyzyň ösüşlerine nazar aýlanyňda ýüregiň has-da heýjana gelýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden toý edilen şöhratly ýylymyzda ýurdumyzyň beýleki ugurlarynda bolşy ýaly, bilim ulgamynda ajaýyp üstünliklere ýetildi. Güneşli Diýarymyzdaky bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň üsti döwrebap mekdeplerdir çagalar baglary bilen ýetirildi. Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýanyň kabul edilmegi bolsa bilim işgärleriniň durmuşynda şatlykly waka öwrüldi.

Bitaraplyk — baky bagtymyz

Änew şäherindäki “Bagt ýyldyzy” toý mekanynda “Bitaraplyk—baky bagtymyz” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen dabara welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de ýaşlaryň uly topary gatnaşdy. Dabarada çykyş edenler eşretli döwrümizde toýlarymyzyň toýa ulaşýandygy, Halkara Bitaraplyk gününiň hem naýbaşy baýramlarymyzyň biri hökmünde uludan bellenilip geçilýändigi barada aýdyp, bu baýramyň ähmiýeti dogrusynda söhbet açdylar.

Bitaraplygyň şanly toýy

Şu günler eziz Diýarymyzda baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk şanly toýy Halkara Bitaraplyk gününiň dabaralary bilen utgaşýar. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýynyň şanyna giňden bellenýän şanly senäniň halkymyz üçin uly ähmiýeti we manysy bar. Çünki Bitaraplyk Watanymyzyň daşary syýasatynyň baş taglymatydyr. Bu taglymat Bitarap Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän, gurýan bagtyýar halkymyza has-da beýik ýeňişleri gazanmaga ruhy güýç berýär. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna jebisleşen halkymyz baky Bitaraplygyň şanly toýuny şatlyk-şowhuna besleýär. Şu günler bilim-terbiýeçilik edaralarynda hem şanly sene mynasybetli baýramçylyk çäreleri guralýar. Bilim işgärleridir ýaş nesliň gatnaşmagynda geçirilýän baýramçylyk dabaralarynda çagalaryň Bitarap Watanymyzy, eşretli döwrümizi, asuda durmuşymyzy, dost-doganlygy wasp edip ýerine ýetirýän aýdym-sazlaryny, labyzly okaýan goşgularyny diňlemek diýseň täsirli hem lezzetli. Baýramçylyk çäreleriniň barşynda ýaş nesle ajaýyp senäniň giňden toý edilmeginiň ähmiýeti hem düşündirilýär. Munuň özi ýaş nesliň watançylyk duýgusyny ösdürmekde ähmiýetlidir. Şeýle bagtyýarlygy peşgeş beren hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza päk ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys.

Beýik özgertmeler buýsandyrýar

Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň 29 ýyllyk şanly toýunyň dabaralarynyň giň gerime eýe bolýan günlerinde Diýarymyzyň sebitlerinde durmuş-medeni, önümçilik maksatly desgalaryň dabaraly ýagdaýda açylyp, işe girizilmegi ählimiziň baýramçylyk şatlygymyzy artdyrýar. Şanly günlerde welaýatymyzyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde hususy pudagyň wekillerine degişli bolan Kofe we kofe önümlerini öndürýän kärhananyň, şeýle-de nah ýüplügini öndürýän kärhananyň açylandygy hadaky şatlykly habara kalbymyz joşa geldi. Ýurdumyzyň sebitlerinde ekologiýa taýdan arassa, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply haryt önümlerini öndürýän kämil tehnologiýaly önümçilik kärhanalarynyň yzygiderli gurulmagy önüm bolçulygynyň pugtalanmagynyň esasy şertini emele getirýär. Aýratyn guwandyrýan zatlaryň biri-de ýerlerde ýaşlarymyz üçin täze iş orunlarynyň açylýandygydyr. Şanly günlerde kofe we kofe önümlerini öndürýän kärhananyň, şeýle-de nah ýüplügini öndürýän kärhananyň açylmagy bilen iş orunlarynyň ýüzlerçesiniň açylandygy munuň anyk subutnamasydyr.

Netijeli başlangyçlar täze üstünlikleriň binýady

Geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde rowaçlyklara beslenýändiginiň, durmuş ulgamynyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. 4-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWY Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmekde, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy, parahatçylyk söýüjilikli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, türkmen halkynyň medeni-ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasyny dünýäde dabaralandyrmakda, Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň görnükli nusgawy şahyry pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny toplamakda, ylmy esasda öwrenmekde, türkmen jemgyýetiniň synmaz sütünlerine öwrülen möhüm syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, ynsanperwerlik, ruhy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmekde we durmuşa geçirmekde, ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer ruhy-ahlak garaýyşlarynyň esasynda terbiýelemekde, ýaşlarda ýokary ahlak sypatlaryny kemala getirmekde, dana şahyryň edebi mirasyny kanun esasynda ebedileşdirmekde bitiren görnükli hyzmatlaryny, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy dekabry) Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisindäki ÇYKYŞY

(Arkadag şäheri, 2024-nji ýylyň 7-nji dekabry) Hormatly müdiriýetiň agzalary!

Sahawata beslenen döwletli ýörelgeler

Türkmen halky sahawatlylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine uly baha berip, bu ýörelgeleri nesilden-nesle geçirip gelen halk. Bu gün döwletimiziň ynsanperwer syýasaty netijesinde guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär. Şeýle döwletli, sahawatly işleriň biri-de Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işi barha giň gerime eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ynsanperwerlik, adalatlylyk, sahawatlylyk ýörelgelerini durmuşa geçirmek bilen, haýyr-sahawat işini ösdürmekde, şol sanda ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän haýyr-sahawat gaznasynyň işine yzygiderli goldaw bermekde uly tagallalary edýär. Ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly asylly ýörelgeler esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy her bir çaga mähirli garaýyş bilen howandarlyk edilýändigini görkezýär. Gaznanyň döredilen wagtyndan bäri alyp barýan işleriniň gerimi ýyl-ýyldan giňeýär, bu barada degişli mejlislerde giňişleýin habar berilýär. 7-nji dekabrda Arkadag şäherinde Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisinde geçen döwürde alnyp barlan işlere

Türkmen Bitaraplygy — durnukly ösüşiň kepili

Her ýylyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni hökmünde giňden bellenilýär. Bu şanly senäniň Watanymyz, halkymyz üçin taryhy ähmiýeti bardyr. Türkmen Bitaraplygynyň oňyn netijeleri bu gün tutuş dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär. Bitaraplyk häzirki we geljekki abadan ösüşimiziň aýdyň kepilidir. Parahatçylyk we durnuklylyk ýagdaýynda döwletiň öz ykdysady ösüşini üpjün etmek mümkinçiliginiň ýokary bolýandygyny bu gün Türkmenistanyň tejribesi bütin dünýä äşgär edýär. Halkara hyzmatdaşlygyň düýbünden täze nusgasyny kemala getirmek bilen, häzirki zaman dünýäsiniň möhüm meselelerine täzeçe çemeleşmek ýörelgesini ugur edinen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem tutuş sebitiň, galyberse-de, dünýä döwletleriniň durnukly ösüşine gönükdirilendir. Türkmenistanyň bitaraplyk ýoly halkymyzyň ýörelgelerine, taryhy, medeni däplerine, şeýle hem geografiki ýerleşişi we serişdeler kuwwaty nazaryndan, ýüzbe-ýüz bolýan anyk ýagdaýlaryna sazlaşykly laýyk gelýän nusgalyk ýoldur. Ösüşi, parahatçylygy we howpsuzlygy aňladýan baky Bitaraplyk ýurdumyzyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekde uly orun eýeleýän ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli nusgalarynyň işlenip taýýarlanmagyna ýardam berýär. Syýasy durnuklylyk şertlerinde döwletler arasyndaky durnukly hem-de uzak möhletleýin söwda-ykdysady gatnaşyklary goldamakda, şeýle hem sebitara, sebit