Gyz edebi — göwher

10 Sentýabr 2024
51

Halkyň arasynda gyz edebi barada köp gürrüňler edilýär. Munuň özi halkymyzyň gyz maşgala bilen bagly gadymy ýörelgeleriniň owaldan-ahyra ünsden düşürilmeýändigini aňladýar. Ene-mamalarymyz «Gyzly öý — gyzylly öý» diýipdir. Türkmen halkynyň gyz maşgala terbiýe berşi-de özboluşly. Gelin-gyzlarymyzda öz milliligimize mahsus bolan asyllylygy, edep-ekramlylygy, sypaýylygy, päkizeligi, ula hormat, kiçä sarpa goýmagy terbiýelemek, ir döwürlerde bolşy ýaly, häzirki wagtda hem uly ähmiýete eýedir. Bu häsiýetler il-gün üçin taýsyz genji-hazyna. Şular bilen bir hatarda, gyz perzentleriň maşgalada öwrenen biş-düş, tikin-çatyn, arassaçylyk başarnyklary hem geljekde hersi bir maşgalanyň sütüni bolmaly gyzlarymyzyň bezegidir, zynatydyr.

Gyz edebi onuň asylly hereketlerinde hem görünýär, onuň hereketleri hiç kimiň nazaryndan sypmaýar. Şu jähetden, bir ýaşuly enäniň aýdyşy ýaly, gyz maşgala asylly bolmaly, asgyn bolmaly däl, dogumly bolmaly, gödeksi bolmaly däl, alçak bolmaly, ýeňles bolmaly däl. Şu sözdäki bolmaly hem bolmaly däl diýilýänleriň arasynda kiçijik çygyrly uly tapawut bar. Gyz maşgalalar şol tapawudy bilip, «bolmaly däl» diýlen häsiýetlerden gaça durmaly. Akyly, edebi ýüz-gözüniň nurunda jemlenen, iş-güýçden gaçmaýan gyzlar taryp bilen wasp edilmäge, söýülmäge mynasypdyrlar. Şonuň üçin hem ene-mamalarymyz gyz perzentlerine öwüt berende: «Gürlände-güleňde sesiň gürrüňdeşiň gulagyndan uzaga eşidilmesin» diýipdirler. Şular bilen bir hatarda ene-mamalarymyzdan gaýdýan watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepalylyk, pähim-paýhaslylyk, salyhatlylyk, ahlak arassalygy ýaly häsiýetler gelin-gyzlarymyzyň abraý-mertebesini arşa göterýär.

Gülşat GURBANOWA,
Ak bugdaý etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.