Taryhy wakalara buýsanýarys

12 Sentýabr 2024
72

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramyna barýan günlerimizde ýurdumyzda bolup geçýän taryhy wakalar her birimiziň toý şatlygymyza şatlyk goşýar. Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň açylmagy, Mary welaýatynda “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasynyň düýbüniň tutulmagy, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, “Turgundy” demir ýol bekediniň “gury portunda” ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşygyna girişilmegi, şeýle-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän “Nur-el-Jahad” elektrik bekediniň işe girizilmegi kalbymyzy joşduran wakalar boldy. Şol şatlykly wakalary milli teleýaýlymda, “Watan” habarlar gepleşiginde uly tolgunma we buýsanç bilen synladyk.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taryhy wakalar mynasybetli geçirilen dabaradaky çykyşynda belleýýşi ýaly, täze desgalaryň ulanmaga berilmegi we birnäçe desgalaryň gurluşygyna ak pata berilmegi bilen, Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň arasynda giň gerimli hyzmatdaşlyk etmek üçin täze mümkinçilikler açylýar. Durmuş-ykdysady ösüş, adamlaryň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, goşmaça iş orunlaryny döretmek üçin täze şertler döreýär. Bu taslamalaryň ykdysady, senagat we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmekde hem örän möhüm ähmiýeti bardyr.

Zubeýda GURTÝAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.