"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bilim bagy saýa salýar

Ajaýyp zamanamyzda alnyp barylýan giň gerimli işler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyna, ýaşlaryň sagdyn, bilimli bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir. Ýurdumyzda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar özüniň oňyn netijelerini hem berýär. 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beýan edilen maglumatlardan görnüşi ýaly, geçen ýyl ylymly-bilimli nesilleri terbiýelemäge, bilim işini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Okuwçy we talyp ýaşlar halkara bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, jemi 826 medal gazandylar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz mejlisde ýurdumyzda çagalaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, ýaş nesilleriň ukyplaryny, başarnyklaryny ýüze çykarmak we ösdürmek üçin bilim edaralarynyň işlerini kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny, okuw kitaplaryny ösen halkara tejribä laýyklykda yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda ýene-de bir döwletli Karara gol çekmegi bu ugurdaky tagallalaryň yzygiderli we toplumlaýyn häsiýete eýedigini nobatdaky gezek aýdyň görkezen waka boldy. Aşgabat şäheriniň Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynda umumybilim berýän mekdepleriň we çagalar bagynyň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak bilen baglanyşykly bu Karar

Ýapon diliniň aýratynlygy

Halkymyzda «Köp dil bilen köp biler» diýilýär. Dünýä dillerini öwrenmek, bilmek ylym-bilimiňi, dünýägaraýşyňy artdyrýar, gözýetimiňi giňeldýär, dünýä halklarynyň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary bilen tanyşmaga ýol açýar. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde hem ýapon dili çuňlaşdyrylyp öwredilýär. Sözleýiş diliniň köp ulanylmagy, sapaklaryň sorag-jogap arkaly guralmagy, görkezme esbaplaryndan, wideogörnüşlerden peýdalanylmagy, terjime etmek ýapon dilini çalt öwrenmegimize ýardam edýär. Ýapon dilini öwrenmekde sanly ulgamyň, döwrebap tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden hem giňden peýdalanýarys.

Döwrebap bilim özgertmeleri

Arassa asmanyň astynda, parahat, asuda Zeminiň üstünde beýik ösüşler bilen öňe barýan eziz Watanymyza bolan buýsanç biziň her birimiziň ýürek törümizde orun alýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, täze taryhy döwürde beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly işleriniň netijesinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ulgamynyň işine, milli ýörelgelerimize uly üns berlip, döwrebap ösdürilýär, özgertmeler amala aşyrylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hoşniýetli ýörelgelerimiziň, milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylýan ýyly bolup, ýurdumyzyň ösüşinde, halkymyzyň durmuşynda şanly wakalarda öz beýanyny tapýar. Maksatnamalaýyn alnyp barylýan beýik işler ösüşleri has-da berkidýär, bagtyýar geljegi üpjün edýär. Öňde durýan belent maksatlaryň amal edilmegi netijesinde, oýlanyşykly alnyp barylýan her bir işiň ýurdumyzyň ösüşlerine, halkyň abadançylygyna gönükdirilendigini aýratyn belläsimiz gelýär. Şeýle ösüşleriň hatarynda bilim özgertmelerini hem bellemek gerek. Çünki dürli pudaklarda zähmet çekjek, ösüşlere goşant goşjak kämil hünärmenleri kemala getirmek bilim ulgamynyň esasy wezipesi bolup durýar. Şonuň üçin hem ylym-bilim ulgamy şu günki günde aýratyn many-mazmuna eýedir.

Beýik işler durmuşa geçirilýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ösüşlere beslenýär, belent maksatlar rowaçlanýar. Şunda ylym-bilimiň ösüşiniň aýratyn ornunyň bardygyny bellemelidiris. Bu ulgam ähli pudaklaryň ösüşinde hereketlendiriji güýje eýedir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ylym-bilimi ösdürmek, ýaşlary milli ruhda terbiýelemek asylly ýörelge bolup durýar. Hut şonuň üçin hem häzirki döwürde milli ylym we bilim ulgamynyň kuwwatyny ýokarlandyrmak babatda iň döwrebap mümkinçilikler durmuşa geçirilýär. Ylmyň dürli ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygy hem ösdürilýär, halkara ylmy maslahatlar yzygider geçirilýär. Türkmenistanda akademiki düzümleriň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän dürli forumlaryň ähmiýeti has-da artýar. Şoňa laýyklykda, ol forumlaryň mowzugy yzygiderli giňelýär. Oňa lukmançylyk ylymlary, şol sanda saglygy goraýyş, ekologiýa, sport we beýleki pudaklaryň hojalyk işleriniň täze ugurlary hem goşulýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde, dünýä halklary bilen medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek esasy ugurlaryň biridir. Bularyň hemmesi öňdebaryjy dünýä tejribesini düýpli öwrenmäge, özleşdirmäge gönükdirilýär.

Kämilligiň berk binýady

Dünýä nusgalyk Arkadag şäheri häzirki wagtda halkara derejeli maslahatlaryň, forumlaryň, bäsleşikleriň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda halkara matematika olimpiadasyny geçirmek baradaky hoş habar ähli ildeşlerimiz bilen bir hatarda, şäheriň orta mekdepleriniň bilim işgärleriniň göwün guşuny ganatlandyrdy, olaryň kalplaryny buýsanç duýgusyna besledi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyz döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda görlüp-eşidilmedik derejede ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýar. Islendik döwletiň ylym-bilim ulgamynyň ösüş derejesiniň kämil nusgasynyň bolmagy durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy görkezijisi bolup durýar. Bilim ulgamynyň dünýäniň ösen derejelerine laýyk gelmegi, kämil hünärmenleriň aň-bilim mümkinçilikleriniň artdyrylmagy, ylym ulgamynyň kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine üstünlikli goşulmagyna oňaýly täsirini ýetirýär.

Taslama işleriniň welaýat tapgyry geçirildi

Ýakynda Ahal welaýaty boýunça takyk we tebigy ugurly okuw derslerine ýöriteleşdirilen hem-de beýleki orta mekdepleriň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň çäginde taslama (ylmy-döredijilik) işleriniň welaýat tapgyry Änew şäherindäki ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdebinde geçirildi. Bu bäsleşige edebiýat, taryh, fizika, matematika, informatika, himiýa, biologiýa, geografiýa (ekologiýa) ýaly dersler boýunça işler hödürlenildi. Taslama bäsleşigine welaýatyň orta mekdeplerinden göreldeli okuwçylar gatnaşdylar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilen bu bäsleşikde Ahal welaýaty boýunça orta mekdepleriň okuwçylarynyň iň gowy taslama işleri saýlanyldy. Tebigy we takyk, ynsanperwerlik ugurly okuw dersleri boýunça geçirilen bäsleşigiň maksady mekdep okuwçylarynyň tebigy zehinini, başarnygyny ösdürmekden, häzirki zamanyň ýokary talaplaryna laýyk döredijilikli pikirlenýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekden, olary hünärlere ugrukdyrmakdan hem-de okuw dersleri boýunça ylmy-döredijilik işleri bilen meşgullanýan zehinli okuwçylary ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

Dil — ruhy baýlyk

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmaklaryna aýratyn üns berilýär. Şunda dünýäniň ylmy edebiýatyndan peýdalanmak, döwrebap ylymlary özleşdirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Munuň üçin bolsa dünýä dillerini öwrenmek, suwara bilmek zerurdyr. Aslynda, dil ynsanyň pikirlenişi bilen berk baglanyşyklydyr. Dil ynsan gatnaşyklarynda iň gymmatly ygtybarly serişde bolup durýar. Dil — uly baýlyk, ynsan gatnaşyklarynyň genji-hazynasy. Ýaş nesilleriň dil öwrenmekleri ähli üstünlikleriniň özenidir. Hormatly Prezidentimiz: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip belleýär. Biziň beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy, kadaly ösüşi bilen berk baglydyr. Şoňa görä-de, halkymyzyň baý durmuş tejribesine daýanyp, ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim, beden taýdan ösüşine, döwrebap bilim-terbiýesine hem-de jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin ähli şertleri döretmäge, sagdyn durmuş kadalaryny kemala getirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda bilim özgertmelerinde ýaşlaryň kämil, döwrebap bilimlerden habarly bolup ýetişmekleri esasy ugur bolup durýar. Bu belent maksatlar bilim öwretmegiň hiliniň yzygider kämilleşdirilmegi, döwrebap mümkinçilikleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde amala aşyrylýar. Bularyň hemmesi ýaşlarda iň asylly hä

Halypa mugallymyň hatyrasy

Bilim işgäri Öwezgeldi Ataýewiň durmuş ýoly we mugallymçylyk iş tejribesi hakynda söhbet Öz käriniň ussady bolup, ýagşy işleri bitiren hem-de köpleriň alkyşyna we hormat-sylagyna mynasyp bolan ynsanlar hakda oýa batanyňda, parasatly pederlerimiziň döreden «Iş bitirseň — il tanar» diýen pähimi biygtyýar ýadyňa düşýär. Şol ynsanlaryň atlary-da, durmuşda amal eden işleri-de il içinde dilden-dile geçip, nesillere mynasyp görelde mekdebi bolup ýaşaýar.

Ylym-bilime tarap aýdyň ýol

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym-bilime, ýaşlaryň hünärlerine aýratyn üns berilýär. Esasan hem ýaşlaryň öz saýlap alan hünärlerine oňat düşünýän, ylymly, bilimli bolup ýetişmekleri möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde bu ugurdan möhüm işler alnyp barylýar, ýaşlar hünäre ugrukdyrylýar we olaryň ylymly bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünliklere, eýelenýän belent sepgitlere tüýs ýürekden buýsanýarys. Ylym-bilim ulgamynda milli özgertmelerimiz üstünlikli alnyp barylýar we maksatnamalarymyz durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň eşretli günlerinde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar we geljekki uly ösüşleriň binýady tutulýar. Ýurdumyzda ähli pudaklar üçin giň dünýägaraýyşly, çuňňur pikirlenip bilýän, kämil hünärmenleri taýýarlamak giň gerimde dowam edýär. Ylym-bilim ulgamynda özgertmeleriň maksada laýyk durmuşa geçirilmegi bu ulgamy yzygiderli kämilleşdirip, ony hil taýdan täze derejä çykarýar.

Matematiki modelirlemek boýunça ders bäsleşigi

Düýn, 12-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda matematiki modelirlemek boýunça ders bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen bu bäsleşige ykdysady hünärlerde ýokary bilim alýan talyp ýaşlaryň 50-den gowragy gatnaşdy. Bäsleşik iki tapgyrdan ybarat boldy. Degişli düzgünnama laýyklykda, birinji tapgyr 50 sowaldan ybarat synag görnüşinde boldy. Ikinji tapgyrda gatnaşýanlara 6 sany ykdysady-matematiki tabşyryk we olary çözmek üçin 4 sagat wagt berildi.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär okuwyna 2024-2025-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

1. Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär bilimine Watana, Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepaly, sagdyn pikirli, arassa ahlak sypatly, beden we ruhy taýdan sagdyn, degişli bilim maksatnamasyny özleşdirmäge ukyply we taýýarlykly, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine bildirilýän aýratyn talaplara laýyk gelýän we Harby-deňiz institutynda okamaga isleg bildiren, umumy orta bilimli, aşakda görkezilen ýaş derejelerine gabat gelýän Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär: 1) orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, harby gulluga meýletin girmäge isleg bildiren, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar;

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine 2024-2025-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

1. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine okuwa kabul etmek bu mekdepde okamaga isleg bildiren, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpyny tamamlan ýylynda 14-15 ýaşyny doldurýan, sagdyn pikirli, beden taýdan sagdyn ýetginjek erkek raýatlaryň arasynda geçirilýär. 2. Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebiniň möhleti 4 okuw ýyly. Olarda okuwçylaryň okuw we harby terbiýeçilik sapaklary, gün tertibi, sapakdan daşary işleri, gündelik tabşyrykda gullugy alyp barmagy, şeýle hem beden taýýarlygy we çuňlaşdyrylan başlangyç harby taýýarlygy bilen baglanyşdyrylyp alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň orta hünär okuw mekdebine 2024-2025-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

1. Harby-deňiz institutynyň orta hünär okuw mekdebine Watana, Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepaly, sagdyn pikirli, arassa ahlakly, beden we ruhy taýdan sagdyn, degişli bilim maksatnamasyny özleşdirmäge ukyply we taýýarlykly, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine bildirilýän aýratyn talaplara laýyk gelýän we Harby-deňiz institutynyň orta hünär bilimini almaga isleg bildiren, umumy orta bilimli, aşakda görkezilen ýaş derejelerine gabat gelýän Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär: 1) orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, harby gulluga meýletin girmäge isleg bildiren, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar;

Belent maksatlar rowaçlanýar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz beýik ösüşler bilen öňe barýar, özgerýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda beýik işler durmuşa geçirilýär, halk bähbidi ileri tutulýar. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, ulgamlarynda ýokary netijeler, ösüşler gazanylýar. Elbetde, bu ösüşlere, gazanylýan zähmet üstünliklerine türkmen halky tüýs ýürekden buýsanýar, belent maksatlaryň rowaçlanýandygyna guwanýar hem-de bu beýik ösüşlere öz mynasyp goşandyny goşmaga ruhlanýar. Häzirki wagtda halkymyz eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin gujur-gaýratly, öndürijilikli zähmet çekýär. Çünki ýurdumyzyň ösüşine gönükdirilen beýik işler ildeşlerimizde ruhubelentligi, Watana bolan söýgini artdyrýar. Ajaýyp döwrümizde gurlup ulanmaga berilýän döwrebap binalar, ýaşaýyş jaýlary halk bähbitli işlerdir. Ösüşdir özgertmeler hakynda gürrüň edenimizde, ilki bilen, ylym-bilim ulgamyny aýratyn bellemek gerek. Sebäbi ylym-bilim, tehnologiýalar häzirki zaman ösüşiniň binýady hasaplanylýar. Hut şonuň üçin hem häzirki döwrümiz ösen tehnologiýalaryň döwri diýlip atlandyrylýar. Ösen tehnologiýalaryň döwründe ylym görlüp-eşidilmedik derejede ösýär. Bu ösüşler bilen aýakdaş gitmek üçin ýaş hünärmenleri taýýarlamak, kämil ýaşlary kemala getirmek esasy ugurlaryň biridir. Şeýle hem döwrebap tehnologiýalar biziň jemgyýetimize berk ornaşdy. Häzirki wagtda köp sanly «akyll

Bilim — kämilligiň binýady

Ak bugdaý etrabynyň bilim ojagy hakynda söhbet Geçmişimize ser salyp, taryhyň gatlaryny agtarsak, gadymy hem baý taryhy mirasymyzyň bolandygyna aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şöhratly taryhymyzda Änew şäheri baý taryhy geçmişe eýe. Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletler tarapyndan gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi beýik taryhymyzyň şöhratly sahypalarynyň halkara jemgyýetçiliginiň üns merkezindedigini ýene bir gezek subut edýär. Şu mynasybetli dabaralary we çäreleri guramaçylykly geçirmek üçin uly taýýarlyk görülýän günlerde ýene-de bir şatlykly habar biziň ählimizi buýsandyrdy.

Körpeleriň terbiýesinde möhüm ugurlar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek biziň mukaddes ýörelgämizdir. Ýaşlarda ene dilimize, nusgawy edebiýatymyza belent sarpany kemala getirmek ir döwürden başlansa, oňat netije berýär. Esasan hem, çagalar bagynda ertekileri, gyzykly goşgulary aýdyp bermek bilen, olaryň gyzyklanmasyny artdyrmalydyr. Çaga terbiýesinde milli oýunlaryň, sanawaçlaryň, matallaryň peýdasy uludyr. Çaga özüne erteki aýdyp berilmegini, goşgy, sanawaç öwredilende, olary ýat tutup, ata-enesine aýdyp berip, olaryň diňlemegini, suratly kitaplara seredip, özleri bilen gürrüň edilmegini isleýär. Sözleýşiň kämil bolmagynyň binýady ilki maşgalada, soňra çagalar bagynda alnyp barylýan işleriň esasynda goýulýar. Çaga üçin möhüm bolan bu iki tarapyň özara hyzmatdaşlygy zerurdyr. Çaga terbiýesinde ata-eneleriň hem, terbiýeçileriň hem uly orny bardyr. Her bir maşgala öz çagasynyň ösüşine, terbiýesine aýratyn üns bermelidir. Çagalar bagynda terbiýeçiler dürli goşgulary, sanawaçlary, tapmaçalary öwretmek bilen bir hatarda, olaryň öwrenmäge bolan höwesini ösdürýärler. Şeýlelikde, çaganyň kadaly ösmegi üpjün edilýär, olara uly ýardam berilýär.

Mekdep okuwçylarynyň informatika olimpiadasy

Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guramagynda, ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda informatika olimpiadasy geçirildi. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» hem-de «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça Meýilnamalary ýerine ýetirmek, bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen olimpiada 10-njy we 11-nji synp mekdep okuwçylary gatnaşdylar. 3 tapgyrda, şahsy bäsleşik görnüşinde guralan olimpiadanyň 1-nji (şäher, etrap) tapgyryna ýurdumyzyň çar künjeginden okuwçylar gatnaşyp, olaryň ýeňiji bolanlary 2-nji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar. 2-nji tapgyr 17-nji ýanwarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň web saýtynyň üsti bilen, bilim portalynyň binýadynda onlaýn görnüşde geçirildi. Olimpiadanyň 3-nji tapgyry 5-6-njy fewralda agzalan bilim ojagynda geçirildi. Jemleýji tapgyra 10-njy synplardan 45, 11-nji synplardan 44 okuwçy gatnaşyp, olar bäsleşige ýokary taýýarlykly gelendiklerini görkezdiler. Aýratyn tapawutlanan okuwçylaryň 30-dan gowragy baýrakly orna eýe boldy.

«Ýylyň terbiýeçisi» bäsleşigi geçirildi

Şu gün Türkmenabat şäherindäki 42-nji çagalar bakja-bagynyň binýadynda her ýyl däbe öwrülip geçirilýän «Ýylyň terbiýeçisi» bäsleşiginiň jemleýji şäher tapgyry geçirildi.

Dabara geçirildi

Mekdebimizde hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň esasynda «Watan mukaddes düşünje» diýlen at bilen dabara geçirildi. Oňa şäheriň mekdeplerinden hem myhmanlar çagyryldy. «Watan» diýen beýik düşünjäniň mukaddesligini düşündirmegiň, ony gözüň göreji ýaly goramagyň we ýürekden söýmegiň örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygy çykyşlaryň mazmunyny düzdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserinde parasatly ata-babalarymyzyň nesillere miras galdyran ajaýyp däpleri, agzybirligiň we zähmetsöýerligiň, ýaşuly nesle hormat-sarpa goýmagyň halkymyzyň asyrlarboýy durmuş kadasyna öwrülip gelşi, nesilleri şol däpleriň we ýörelgeleriň esasynda terbiýelemegiň zerurdygy hakynda ýazan gyzyldan gymmatly setirlerine aýratyn uly orun berildi. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly täze kitabynyň terbiýäni kämilleşdirmäge dahylly çuňňur pikirleri bilen gadyr-gymmatynyň has-da ýokarydygy aýratyn nygtaldy.

Hünär öwrenmek bagtdyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamynda alnyp barylýan işleri döwrebap ösdürip, öz milli köklerimiz esasynda guramak, ösüp gelýän ýaş nesli ata-babalarymyzyň göreldesinde terbiýelemek mugallymlaryň öňündäki esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Watanymyzyň kuwwatly geljegi bolan türkmen ýaşlarynyň ýokary hilli bilim almaklary, öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri, hünär ussatlygyny ele alyp, üstünlikleri gazanmaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri, kämilleşmekleri üçin ýurdumyzda giň mümkinçilikler döredilendir. Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygy ylym-bilimdir. Şeýle baýlygyň eýesi bolup bilen halk bolsa, jemgyýeti yzygiderli kämilleşdirmäge, döwleti kuwwatlandyrmaga ukyplydyr. Ylmyň ösmegi bilim kämilligine baglydyr. Bilim bolsa ýaş nesliň sowatlylyk ýolundaky ilkinji ädimleriniň biridir. Ynsan bilimiň ilkinji şinelerini maşgalada, çagalar bagynda, mekdepde öwrenýär. Çaganyň kämil adam bolup ýetişmeginde maşgalanyň, mekdebiň, mugallymyň, halypanyň orny örän uludyr. Ynsanyň ynamly dosty onuň sowatlylygydyr. Magtymguly Pyragynyň: “Alymlara uýsaň açylar gözüň” diýen goşgy setiriniň many-mazmuny has-da özüne çekijidir. Dana şahyryň bu paýhasly setiri ylym-bilimiň ynsanyň giň gözýetimli bolmagyndaky orny barada beýan edýär. Halkymy