Dil — ruhy baýlyk

13 Fewral 2024
796

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmaklaryna aýratyn üns berilýär. Şunda dünýäniň ylmy edebiýatyndan peýdalanmak, döwrebap ylymlary özleşdirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Munuň üçin bolsa dünýä dillerini öwrenmek, suwara bilmek zerurdyr. Aslynda, dil ynsanyň pikirlenişi bilen berk baglanyşyklydyr. Dil ynsan gatnaşyklarynda iň gymmatly ygtybarly serişde bolup durýar. Dil — uly baýlyk, ynsan gatnaşyklarynyň genji-hazynasy. Ýaş nesilleriň dil öwrenmekleri ähli üstünlikleriniň özenidir.

Hormatly Prezidentimiz: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip belleýär. Biziň beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy, kadaly ösüşi bilen berk baglydyr. Şoňa görä-de, halkymyzyň baý durmuş tejribesine daýanyp, ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim, beden taýdan ösüşine, döwrebap bilim-terbiýesine hem-de jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin ähli şertleri döretmäge, sagdyn durmuş kadalaryny kemala getirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda bilim özgertmelerinde ýaşlaryň kämil, döwrebap bilimlerden habarly bolup ýetişmekleri esasy ugur bolup durýar. Bu belent maksatlar bilim öwretmegiň hiliniň yzygider kämilleşdirilmegi, döwrebap mümkinçilikleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde amala aşyrylýar. Bularyň hemmesi ýaşlarda iň asylly häsiýetleri — ruhubelentligi, ylma-bilime ymtylyşy terbiýeleýär we olary bilesigeliji bolmaga çagyrýar.

Jennet BABAÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.