Kämilligiň berk binýady

13 Fewral 2024
713

Dünýä nusgalyk Arkadag şäheri häzirki wagtda halkara derejeli maslahatlaryň, forumlaryň, bäsleşikleriň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda halkara matematika olimpiadasyny geçirmek baradaky hoş habar ähli ildeşlerimiz bilen bir hatarda, şäheriň orta mekdepleriniň bilim işgärleriniň göwün guşuny ganatlandyrdy, olaryň kalplaryny buýsanç duýgusyna besledi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyz döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda görlüp-eşidilmedik derejede ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýar. Islendik döwletiň ylym-bilim ulgamynyň ösüş derejesiniň kämil nusgasynyň bolmagy durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy görkezijisi bolup durýar. Bilim ulgamynyň dünýäniň ösen derejelerine laýyk gelmegi, kämil hünärmenleriň aň-bilim mümkinçilikleriniň artdyrylmagy, ylym ulgamynyň kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine üstünlikli goşulmagyna oňaýly täsirini ýetirýär.

Japarguly GAROWOW,
Arkadag şäheriniň bilim müdirliginiň umumy orta bilim bölüminiň başlygy.