Döwrebap bilim özgertmeleri

13 Fewral 2024
689

Arassa asmanyň astynda, parahat, asuda Zeminiň üstünde beýik ösüşler bilen öňe barýan eziz Watanymyza bolan buýsanç biziň her birimiziň ýürek törümizde orun alýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, täze taryhy döwürde beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly işleriniň netijesinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ulgamynyň işine, milli ýörelgelerimize uly üns berlip, döwrebap ösdürilýär, özgertmeler amala aşyrylýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hoşniýetli ýörelgelerimiziň, milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylýan ýyly bolup, ýurdumyzyň ösüşinde, halkymyzyň durmuşynda şanly wakalarda öz beýanyny tapýar. Maksatnamalaýyn alnyp barylýan beýik işler ösüşleri has-da berkidýär, bagtyýar geljegi üpjün edýär. Öňde durýan belent maksatlaryň amal edilmegi netijesinde, oýlanyşykly alnyp barylýan her bir işiň ýurdumyzyň ösüşlerine, halkyň abadançylygyna gönükdirilendigini aýratyn belläsimiz gelýär. Şeýle ösüşleriň hatarynda bilim özgertmelerini hem bellemek gerek. Çünki dürli pudaklarda zähmet çekjek, ösüşlere goşant goşjak kämil hünärmenleri kemala getirmek bilim ulgamynyň esasy wezipesi bolup durýar. Şonuň üçin hem ylym-bilim ulgamy şu günki günde aýratyn many-mazmuna eýedir.

Jeren MURADOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.