Mekdep okuwçylarynyň informatika olimpiadasy

10 Fewral 2024
779

Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guramagynda, ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda informatika olimpiadasy geçirildi.

«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» hem-de «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça Meýilnamalary ýerine ýetirmek, bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen olimpiada 10-njy we 11-nji synp mekdep okuwçylary gatnaşdylar. 3 tapgyrda, şahsy bäsleşik görnüşinde guralan olimpiadanyň 1-nji (şäher, etrap) tapgyryna ýurdumyzyň çar künjeginden okuwçylar gatnaşyp, olaryň ýeňiji bolanlary 2-nji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar. 2-nji tapgyr 17-nji ýanwarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň web saýtynyň üsti bilen, bilim portalynyň binýadynda onlaýn görnüşde geçirildi. Olimpiadanyň 3-nji tapgyry 5-6-njy fewralda agzalan bilim ojagynda geçirildi. Jemleýji tapgyra 10-njy synplardan 45, 11-nji synplardan 44 okuwçy gatnaşyp, olar bäsleşige ýokary taýýarlykly gelendiklerini görkezdiler. Aýratyn tapawutlanan okuwçylaryň 30-dan gowragy baýrakly orna eýe boldy.

Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan».