Belent maksatlar rowaçlanýar

11 Fewral 2024
766

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz beýik ösüşler bilen öňe barýar, özgerýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda beýik işler durmuşa geçirilýär, halk bähbidi ileri tutulýar. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, ulgamlarynda ýokary netijeler, ösüşler gazanylýar. Elbetde, bu ösüşlere, gazanylýan zähmet üstünliklerine türkmen halky tüýs ýürekden buýsanýar, belent maksatlaryň rowaçlanýandygyna guwanýar hem-de bu beýik ösüşlere öz mynasyp goşandyny goşmaga ruhlanýar. Häzirki wagtda halkymyz eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin gujur-gaýratly, öndürijilikli zähmet çekýär. Çünki ýurdumyzyň ösüşine gönükdirilen beýik işler ildeşlerimizde ruhubelentligi, Watana bolan söýgini artdyrýar. Ajaýyp döwrümizde gurlup ulanmaga berilýän döwrebap binalar, ýaşaýyş jaýlary halk bähbitli işlerdir.

Ösüşdir özgertmeler hakynda gürrüň edenimizde, ilki bilen, ylym-bilim ulgamyny aýratyn bellemek gerek. Sebäbi ylym-bilim, tehnologiýalar häzirki zaman ösüşiniň binýady hasaplanylýar. Hut şonuň üçin hem häzirki döwrümiz ösen tehnologiýalaryň döwri diýlip atlandyrylýar. Ösen tehnologiýalaryň döwründe ylym görlüp-eşidilmedik derejede ösýär. Bu ösüşler bilen aýakdaş gitmek üçin ýaş hünärmenleri taýýarlamak, kämil ýaşlary kemala getirmek esasy ugurlaryň biridir. Şeýle hem döwrebap tehnologiýalar biziň jemgyýetimize berk ornaşdy. Häzirki wagtda köp sanly «akylly» öýleriň bina edilendigini görýäris. Bu iň täze we döwrebap mümkinçiliklerden peýdalanmak bilimli hünärmenleriň başarnygyna, giň gözýetimine baglydyr. Şonuň üçin hem tehnologiýalaryň ylmy esasda öwrenilişi, durmuşa ornaşdyrylyşy guwandyryjy ýagdaýlardyr.

Gülkamar KÖMEKOWA,
Hojambaz etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň mugallymy.