Bilim bagy saýa salýar

14 Fewral 2024
660

Ajaýyp zamanamyzda alnyp barylýan giň gerimli işler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyna, ýaşlaryň sagdyn, bilimli bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir. Ýurdumyzda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar özüniň oňyn netijelerini hem berýär. 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beýan edilen maglumatlardan görnüşi ýaly, geçen ýyl ylymly-bilimli nesilleri terbiýelemäge, bilim işini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Okuwçy we talyp ýaşlar halkara bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, jemi 826 medal gazandylar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz mejlisde ýurdumyzda çagalaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, ýaş nesilleriň ukyplaryny, başarnyklaryny ýüze çykarmak we ösdürmek üçin bilim edaralarynyň işlerini kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny, okuw kitaplaryny ösen halkara tejribä laýyklykda yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiziň ýakynda ýene-de bir döwletli Karara gol çekmegi bu ugurdaky tagallalaryň yzygiderli we toplumlaýyn häsiýete eýedigini nobatdaky gezek aýdyň görkezen waka boldy. Aşgabat şäheriniň Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynda umumybilim berýän mekdepleriň we çagalar bagynyň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak bilen baglanyşykly bu Karar bilim işgärleri hökmünde göwünlerimize ganat berdi. Täze bilim ojaklaryny ýurdumyzyň ýerli gurluşyk kärhanalarynyň bina etjekdigi has-da guwandyryjydyr. Türkmen işewürleri ajaýyp döwrümizde häzirki zaman desgalaryny, şol sanda bilim binalaryny gurmakda baý tejribe topladylar. Şu aýda gurluşygyna başlanjak umumybilim berýän mekdeplerdir çagalar bagy 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda ýaş nesle gapylaryny giňden açar.

Ogulbossan GARAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 131-nji orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.