Dabara geçirildi

9 Fewral 2024
622

Mekdebimizde hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň esasynda «Watan mukaddes düşünje» diýlen at bilen dabara geçirildi. Oňa şäheriň mekdeplerinden hem myhmanlar çagyryldy.

«Watan» diýen beýik düşünjäniň mukaddesligini düşündirmegiň, ony gözüň göreji ýaly goramagyň we ýürekden söýmegiň örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygy çykyşlaryň mazmunyny düzdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserinde parasatly ata-babalarymyzyň nesillere miras galdyran ajaýyp däpleri, agzybirligiň we zähmetsöýerligiň, ýaşuly nesle hormat-sarpa goýmagyň halkymyzyň asyrlarboýy durmuş kadasyna öwrülip gelşi, nesilleri şol däpleriň we ýörelgeleriň esasynda terbiýelemegiň zerurdygy hakynda ýazan gyzyldan gymmatly setirlerine aýratyn uly orun berildi. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly täze kitabynyň terbiýäni kämilleşdirmäge dahylly çuňňur pikirleri bilen gadyr-gymmatynyň has-da ýokarydygy aýratyn nygtaldy.

Aýna DURDYMYRADOWA,
Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta mekdebiň müdiriniň orunbasary.