Taslama işleriniň welaýat tapgyry geçirildi

13 Fewral 2024
945

Ýakynda Ahal welaýaty boýunça takyk we tebigy ugurly okuw derslerine ýöriteleşdirilen hem-de beýleki orta mekdepleriň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň çäginde taslama (ylmy-döredijilik) işleriniň welaýat tapgyry Änew şäherindäki ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdebinde geçirildi. Bu bäsleşige edebiýat, taryh, fizika, matematika, informatika, himiýa, biologiýa, geografiýa (ekologiýa) ýaly dersler boýunça işler hödürlenildi. Taslama bäsleşigine welaýatyň orta mekdeplerinden göreldeli okuwçylar gatnaşdylar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilen bu bäsleşikde Ahal welaýaty boýunça orta mekdepleriň okuwçylarynyň iň gowy taslama işleri saýlanyldy. Tebigy we takyk, ynsanperwerlik ugurly okuw dersleri boýunça geçirilen bäsleşigiň maksady mekdep okuwçylarynyň tebigy zehinini, başarnygyny ösdürmekden, häzirki zamanyň ýokary talaplaryna laýyk döredijilikli pikirlenýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekden, olary hünärlere ugrukdyrmakdan hem-de okuw dersleri boýunça ylmy-döredijilik işleri bilen meşgullanýan zehinli okuwçylary ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

Mähri AGAHANOWA,
Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň umumybilim bölüminiň baş hünärmeni.