Körpeleriň terbiýesinde möhüm ugurlar

11 Fewral 2024
988

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek biziň mukaddes ýörelgämizdir. Ýaşlarda ene dilimize, nusgawy edebiýatymyza belent sarpany kemala getirmek ir döwürden başlansa, oňat netije berýär. Esasan hem, çagalar bagynda ertekileri, gyzykly goşgulary aýdyp bermek bilen, olaryň gyzyklanmasyny artdyrmalydyr. Çaga terbiýesinde milli oýunlaryň, sanawaçlaryň, matallaryň peýdasy uludyr. Çaga özüne erteki aýdyp berilmegini, goşgy, sanawaç öwredilende, olary ýat tutup, ata-enesine aýdyp berip, olaryň diňlemegini, suratly kitaplara seredip, özleri bilen gürrüň edilmegini isleýär. Sözleýşiň kämil bolmagynyň binýady ilki maşgalada, soňra çagalar bagynda alnyp barylýan işleriň esasynda goýulýar. Çaga üçin möhüm bolan bu iki tarapyň özara hyzmatdaşlygy zerurdyr.

Çaga terbiýesinde ata-eneleriň hem, terbiýeçileriň hem uly orny bardyr. Her bir maşgala öz çagasynyň ösüşine, terbiýesine aýratyn üns bermelidir. Çagalar bagynda terbiýeçiler dürli goşgulary, sanawaçlary, tapmaçalary öwretmek bilen bir hatarda, olaryň öwrenmäge bolan höwesini ösdürýärler. Şeýlelikde, çaganyň kadaly ösmegi üpjün edilýär, olara uly ýardam berilýär.

Dürligözel ÝAKUBOWA,
Sakarçäge etrabyndaky 8-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.