"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Dil öwrenmek kämilligi – zehinli ýaşlaryň geljegi

Taryhy ähmiýetli ösüşdir özgerişleriň ýoly bilen öňe barýan ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge, ýaşlary döwrebap ruhda terbiýelemäge aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda geçirilýän giň gerimli özgertmeler bilim ulgamyny hem gurşap alýar. Ýurdumyzyň orta, orta we ýörite ýokary okuw mekdeplerinde innowasion tehnologiýalardan giňden peýdalanylmagy ýaşlaryň düýpli bilim almagyna, daşary ýurt dillerini kämil özleşdirmegine uly ýardam edýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň netijesinde sanly bilimi ösdürmek, daşary ýurt dillerini kämil bilýän ýaşlaryň täze neslini kemala getirmek ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Netijede ýurdumyzyň bilim ojaklarynda berilýän bilimiň hili ýokarlanýar. Döwrebap tehnologiýalaryň, şeýle hem maglumat-telekommunikasion ulgamlaryň ösmegi ýaşlara zerur bolan maglumatlary özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Geljekki hünärmenleriň zähmet işi bilen gös-göni bagly bolan öňdebaryjy tehnologiýalarda işlemegi üçin daşary ýurt dillerini bilmek zerurdyr. Daşary ýurt dillerini okatmagyň, öwretmegiň iň täze ugurlary kemala gelýär, çünki sanly ulgamyň ösmegi bilen, okatmagyň we bilim bermegiň usulyýeti kämilleşýär. Bu ugur esasynda dünýä dillerini öwretmek döwrebaplygy we netijeliligi bilen tapawutlanýar. Daşary ýurt dillerini bilýän kämil hünärme

Bagtyýar geljegi gurujylar

Döwrüň bedew batly ösüşleri bu günki gün hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze üstünlikler, rowaçlyklar bilen has-da öňe ilerleýär. Şeýle ösüşleriň esasy daýanjy bolsa bagtyýar ýaşlardyr. Türkmen ýaşlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, beýik maksatlara tarap ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda okaýarlar, hünär öwrenýärler, özlerine bildirilýän belent ynama mynasyp jogap bermäge çalyşýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň gymmatly pikirlere baý bolan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eseriniň elimize gowuşmagy her birimiziň şatlygymyzy goşalandyrdy. Döwrüň öňümizde goýýan möhüm wezipeleri, olary üstünlikli durmuşa geçirmekde geljekde ýaşlara aýratyn uly ornuň degişlidigi bu ajaýyp kitapda jikme-jik beýan edilýär. Bu kitap türkmen ýaşlarynyň gazanan üstünlikleriniň özboluşly jemlenmesi hem-de waspnamasydyr.

Maslahat geçirildi

Ýaşlaryň bagtly geljegi ugrunda Golaýda TKA-nyň Wekilbazar etrap geňeşiniň guramagynda etrapdaky 10-njy orta mekdepde hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynyň neşir edilmegi mynasybetli “Ýaşlaryň bagtly geljegi ugrunda” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata TKA-nyň etrap birleşmesiniň işgärleri, etrabyň orta mekdepleriniň mugallymlary we okuwçylary gatnaşdylar. Maslahatda etrap bilim bölüminiň hünärmeni Şaguly Öwezow, etrapdaky 26-njy orta mekdebiň mugallymy Ogulmiwe Akmyradowa, etrapdaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy Gylyçdurdy Saparow çykyş etdiler.

Zehinli okuwçylar öňe saýlandylar

Welaýatymyzyň orta mekdepleriniň 10-njy we 11-nji synp okuwçylary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti tarapyndan informatika dersi boýunça geçirilen olimpiadada öňdäki orunlary eýelediler. Olimpiadanyň netijeleri baýry ýokary okuw mekdebiniň resmi saýtynda paýlaşyldy. 11-nji synp okuwçylaryň arasynda geçirilen bäsleşikde zehinli ýaşlaryň üçüsiniň toplan utuklary birinji orna mynasdyp boldy. Olaryň ikisiniň biziň welaýatymyzyň orta mekdepleriniň okuwçylary bolmagy has guwandyrýar. Has takygy, bu toparda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçysy Şöhrat Mawlýanow 94, welaýat merkezindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň okuwçysy Begmyrat Rozyýew bolsa 89 utuk bilen birinji ornuň eýesi boldular. Begmyradyň synpdaşy Guwanç Mämmedow ondan 3 utugy az toplap, ikinji orny eýelän okuwçylaryň başyny çekdi. Bu orunda welaýat merkezindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçysy Suraý Hatamowa hem bar. Suraý ýaryşy 77 utuk bilen jemledi. Çärjew etrabyndaky 22-nji orta mekdebe wekilçilik eden Döwletjan Şatlykow bolsa 60 utuk bilen üçünji orny eýelän 9 okuwçynyň arasyna girmegi başardy.

Atçylyk — hem ylym, hem sungat

«Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň binalarynyň hatarynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açylmagy döwrümiziň taryhy wakalarynyň biri boldy. Meşhur seýis Aba Annaýewiň adyny göterýän bu akademiýanyň Arkadag şäheriniň çäginde, ýelden ýyndam ahalteke atlarynyň dörän mekanynda ýerleşmeginiň hem çuňňur manysy bar. Dünýä atşynaslary bu ajaýyp tohumy döredip bilen halka hem-de onuň dörän mekanyna, tebigatynyň özboluşlylygyna uly gyzyklanma bildirýärler. Türkmen halkynda maksada okgunlylyk, deňsiz-taýsyz edermenlik, gaýduwsyzlyk, wepadarlyk, ar-namyslylyk hem-de watansöýüjilik ýaly ajaýyp häsiýetleriň jemlenmegi ahalteke tohumynyň döremegine we kämilleşmegine oňaýly täsirini ýetirdi. Bu gün bolsa täze bilim ojagynda ahalteke atlarynyň tohumyny ylmy taýdan çuňlaşdyryp öwrenmek, atçylygyň möhüm ugurlary boýunça döwrebap hünärmenleri taýýarlamak babatda uly işler alnyp barylýar.

Bilimli, bagtyýar ýaşlar

Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasaty esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny yzygiderli ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek babatda uly tagallalar edilýär. Hormatly Prezidentimiz ýakynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzy ylmy taýdan ösen döwlete öwürmek üçin ylmy-barlag işlerini dowam etdirmegiň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmegiň, ýurdumyzda çagalaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, ýaş nesliň ukybyny, başarnygyny ýüze çykarmak we ösdürmek üçin bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtady. Okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny, okuw kitaplaryny ösen halkara tejribä laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygynyň hem aýratyn nygtalmagy, orta we ýokary okuw mekdeplerinde mugallymlaryň işleriniň has-da sazlaşykly alnyp barylmagyna ýardam berer.

«Ýylyň mugallymy — 2024»

Bäsleşigiň şäher tapgyry Golaýda Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdepde «Ýylyň mugallymy — 2024» bäsleşiginiň Daşoguz şäher tapgyry ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.

Dil bilmek ― hazyna

Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagyň Konsepsiýasyna laýyklykda Türkmenabat şäherindäki orta mekdepleriň birnäçesi daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilip, olarda dünýä dilleri çuňlaşdyrylan görnüşde okadylýar. Şeýle mekdepleriň hatarynda biziň bilim ojagymyzyň hem bolmagy başymyzy Göge ýetirýär. Mekdebimizde italýan we iňlis dillerini çuňlaşdyryp okatmak boýunça işler indi üç ýyl bäri dowam edip gelýär. Italýan dili bilen ilkinji gezek tanşan okuwçylarymyz eýýäm ýedinji synpyň okuwçylary boldular. Olar geçen üç ýylyň dowamynda bu dili inçelikleri bilen öwrenip, barha kämilleşýärler.

Sanly ulgam — ösüşleriň özeni

«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda ýurdumyzyň ähli ylym-bilim edaralary iň ösen tehnologiýalar, multimediýa enjamlary, elektron kitaplar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Sanly elektron ulgamdaky okuw-usuly toplumyndan bilim berlişiniň dürli basgançaklarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary arkaly peýdalanylýar. Bu okuw-usuly topluma elektron görnüşli okuw kitaplary, okuw-tejribelik işleri boýunça gollanmalar, umumy we amaly okuwlar, dürli tejribeler boýunça usuly gözükdirijiler hem-de elektron görnüşinde ýola goýlan gündelik gazetlerdir žurnallar degişli bolup durýar. Milli terbiýäni hem-de ylmyň täze gazananlaryny utgaşdyrmak Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň giň gerimli bilim syýasatynyň esasy wezipesidir. Biz bilim ulgamynyň işgärleri hökmünde her bir sapagymyzda häzirkizaman ösen tehnologiýalaryny giňişleýin ulanmak bilen, döwrüň giň mümkinçiliklerinden peýdalanýarys. Häzirki wagtda «E-mekdep» sanly ulgamynyň üsti bilen okuwçylaryň gündelik sapaklara gatnaşygyny we ýetişigini bahalandyrýarys. Bu bolsa işimiziň hilini artdyryp, ene-atalaryň hem çagalarynyň sapaga gatnaşygy baradaky maglumatlary e-poçtanyň üsti bilen habardar bolmagyna mümkinçilik döredýär. Sanly bilimi giňişleýin ulanmak ýurduň ösüş depgininiň çaltlanmag

Bilim — bagtyň açary

Nesil terbiýesi mukaddesdir Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýaş nesle döwrebap derejede terbiýe bermek we olary ata Watana wepaly ýaşlar edip ýetişdirmek üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Bilim işgärleri elmydama kämilligiň we täzeçilligiň gözleginde bolýarlar. Çünki dünýä ýurtlary bilen deň derejede aýakdaş gitmek, bilim dünýäsindäki täzeliklerden habarly bolup, bu ugra öz mynasyp goşandyňy goşup, kämilleşdirmek bolsa bilim işgärleriniň paýyna düşýär.

Bilimli nesil - kuwwatly Watan

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, ýaşlaryň häzirki döwrüň tehnologiýasyndan baş alyp çykmaklary üçin taýsyz tagallalar edilýär. Bu ugurda başlangyç synp mugallymlary hem jan aýaman zähmet çekýärler. Şeýle işine yhlasly mugallymlaryň biri hem Bibisoltan Gulmyradowadyr. Ol H. Derýaýew adyndaky mugallmçylyk mekdebini tamamlap, Mary şäherindäki 35-nji orta mekdepde başlangyç synp mugallymy bolup işe başlaýar. Häzirki wagtda B. Gulmyradowa göreldeli, işjanly mugallymlaryň hatarynda tanalýar. Bibisoltan mugallym öz işdeş ýoldaşlarynyň hem-de okuwçylaryň arasynda uly abraýdan peýdalanýar.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine 2024-2025-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň TERTIBI

1. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine okuwa kabul etmek Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebinde okamaga isleg bildiren, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpyny tamamlan ýylynda 14-15 ýaşyny doldurýan, sagdyn pikirli, beden taýdan sagdyn ýetginjek erkek raýatlaryň arasynda geçirilýär. 2. Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebiniň okuwynyň möhleti 4 okuw ýyly. Olarda okuwçylaryň okuw we harby terbiýeçilik sapaklary, gün tertibi, sapakdan daşary işleri, gündelik tabşyrykda gullugy alyp barmagy, şeýle hem beden taýýarlygy we çuňlaşdyrylan başlangyç harby taýýarlygy bilen baglanyşdyrylyp alnyp barylýar.

Harby bilimiň belent sepgitleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy bilen ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň mazmunyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, ylym-bilim edaralarynyň maddy-tehniki binýady pugtalandyrylýar. Ýurdumyzyň bilim ojaklarynyň ählisi häzirki zaman kompýuter, multimediýa, lingafon enjamlary bilen yzygiderli üpjün edilýär. Şol maksatdan ugur alyp, Ýaragly Güýçlerimizde hem döwrebaplaşdyrylan harby bilimi ösdürmek boýunça oňyn işler durmuşa geçirilýär. Ýokary harby bilim ojagy bolan TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda harby talyplara berilýän bilimleri has-da çuňlaşdyrmak üçin toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda institutyň okuw-gollanma üpjünçiligini baýlaşdyrmak hem-de harby talyplaryň okamagy, öwrenmegi we öz hünärini ezberlik bilen ele almagy üçin gerek bolan okuw kitaplarynyň we degişli gollanmalaryň elýeter bolmagy gazanyldy. Ýokary harby okuw mekdebinde uzak aralykdan aragatnaşyk saklamak boýunça institutyň portal saýtynyň hem-de internet torlarynyň döredilmegi aýratyn bellärliklidir. Bu internet torlary institutda bilim alýan häzirki harby talyp ýaşlaryň özlerine gerek bolan islendik kitapdyr gollanmalary giňden peýdalanyp, ylymly-bilimli, sagdyn pikirli, kämil aň-düşünjeli, zehin başarnykly we geljekde harby hünäriň hakyky eýeleri bolup ý

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär okuwyna 2024-2025-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň TERTIBI

1. Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär bilimine Watana, Türkmenistanyň Prezidentine — Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepaly, sagdyn pikirli, arassa ahlak sypatly, beden we ruhy taýdan sagdyn, degişli bilim maksatnamasyny özleşdirmäge ukyply we taýýarlykly, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine bildirilýän aýratyn talaplara laýyk gelýän we Harby-deňiz institutynda okamaga isleg bildiren, umumy orta bilimli, aşakda görkezilen ýaş derejelerine gabat gelýän Türkmenistanyň raýatlary, giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär: 1) orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, harby gulluga meýletin girmäge isleg bildiren, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar;

Özgerýän, ösýän ulgam

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşiniň berk binýady bolan bilim ulgamynda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Okuw maksatnamalarynyň has-da kämilleşdirilmegi, orta mekdepleriň döwrebap, iň kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri baradaky aladalaryň subutnamasydyr. Bilim bermegiň ähli usullaryny elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge, ylym, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga, hilini ýokarlandyrmaga we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge gönükdirilen sanly ulgamyň bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýaş nesillerimiz dünýä derejesindäki şert-mümkinçiliklerden peýdalanýarlar. Dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň sazlaşykly alnyp barylmagy ulgamda öňde goýlan maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilýändigine şaýatlyk edýär. ªeýlelikde, ajaýyp zamanada hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ylym-bilimiň ähli ösüşleriň özenidigine düşünýän ýaşlarymyz kemala gelýär.

Röwşen geljegiň binýady

Ýaş nesliň kämil şahsyýet bolup ýetişmeginde bize — bilim işgärlerine möhüm orun degişlidir. Bilim ulgamynda halkymyzyň däp-dessurlary we dünýä tejribesi esasynda okatmagyň innowasion usullary hem-de öňdebaryjy mugallymçylyk tejribeleri yzygiderli ornaşdyrylýar. Durmuşa geçirilýän özgertmeler, amala aşyrylýan işler ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň berk binýady bolup durýar. Ajaýyp zamanamyzda bu ulgamda döwrebap özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi, ylmyň iň soňky gazanan tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan çagalar baglarynda, mekdeplerde bilim-terbiýe bermegiň, okatmagyň iň ösen usullaryndan ýerlikli peýdalanylmagy netijesinde giň düşünjeli nesilleriň kemala gelýändigi bizi diýseň begendirýär, guwandyrýar. Biziň çagalar bagymyzda hem körpeleriň oňat terbiýe almaklary, sowat öwrenmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilen. Körpelerde watançylyk duýgusynyň ösmegi üçin milli oýunlardan giňden peýdalanylýar. Çagalara ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän edep kadalary esasynda terbiýe bermekde yhlasymyzy gaýgyrmaýarys. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary we hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby biziň gollanmamyza öwrüldi. Asylly ýörelgelerimiz, milli däp-dessurlarymyz, ýaş nesillerimizi terbiýelemek baradaky parasatly oý-pikirler bagtyýar körpelere edep-terbiýe bermekde bahasyz gymmatlykdyr.

Ders bäsleşikleri dowam edýär

Şu gün Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta mekdebiň binýadynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşikleriniň welaýat tapgyryna badalga berildi. Däbe öwrülen bäsleşige onuň etrap, şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan 10-11-nji synp okuwçylarynyň ýüzlerçesi gatnaşdy. Olar okuw maksatnamasyna girizilen dersler boýunça bäsleşip, bilimini, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşik iki günläp dowam eder. Aýry-aýry dersler boýunça birinji, ikinji, üçünji orunlary eýelän mekdep okuwçylary welaýat baş bilim müdirligi tarapyndan Diplomlar, gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanylar. Şonuň ýaly-da öňdäki orunlary eýelän zehinli mekdep okuwçylary bäsleşigiň ýakyn günlerde geçiriljek döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda uly ösüşleriň aýdyň  ýoly bilen beýik  sepgitleri nazarlaýan bagtyýar halkymyz eşretli zamanymyzyň hözirini görüp ýaşaýar. Eşretli zamanamyzyň bagtly ýaşlary bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  saýasynda  halkara ölçeglerine laýyk gelýän iň täze tehnologik enjamlar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap orta, orta hünär we ýokary  okuw mekdeplerinde  okap bilim alýarlar. “Döwlet adam üçindir!” diýen belent şygary  baýdak edinip, geljegimiz bolan ýaşlaryň islän hünärleri boýunça  bilim almaklary üçin ýurdumyzda   giň mümkinçilikler döredilýär. Orta hünär we ýokary okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Bularyň ählisi ajaýyp döwrümiziň bagtyýar nesilleri üçin  eşretli durmuşda ýaşamagy, sagdyn ösmegi, oňat okamagy, il-ýurdumyza abraý getirjek ökde  hünärmenler bolup ýetişmegi üçin zerur şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalaryndan  nyşandyr. Häzirki wagtda ýaşlar  baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde maglumat we kommunikasiýa ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary bütin dünýäde has depginli ösýän ugurlary bolup durýar. Munuň özi ýokary tehnologiýaly pudaklar, nazary we amaly bilimler, maglumat tehnologiýalary dünýä ykdysadyýetiniň hil taýdan

Zehinli ýaşlar ýüze çykaryldy

Ak bugdaý etrabyndaky tebigy we takyk ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdepde “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly döredijilik (taslama) bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Okuw dersleri boýunça geçirilmegi däbe öwrülen bäsleşige etraplaryň umumybilim berýän mekdeplerinden zehinli ýaşlar gatnaşdy. Welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan guralan bäsleşigiň guramaçylykly geçmegi ugrunda giň mümkinçilikler döredildi. Onda okuwçy ýaşlar okuw derslerinden taýýarlan döredijilik-taslama işleri boýunça ukyp-başarnygyny görkezdiler. Emin agzalary ýaşlaryň şol işleri we çykyşlary esasynda zehin-başarnygyna mynasyp baha berdiler.

Döwrebap bilim – kämillige badalga

Beýik başlangyçlaryň rowaçlanýan mekany bolan Türkmenistan döwletimiz gün-günden özgerýär. Munuň şeýledigi eşretli eýýamda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda amala aşyrylýan beýik işlerde, ýetilýän sepgitlerde aýdyň görünýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda  ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklaryny, sanly ulgamdan baş çykarmaklaryny, boş wagtlaryny peýdaly geçirmeklerini gazanmak möhüm wezipe bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylmy we bilimi düýpli ösdürmek, onuň gazananlaryny milli ykdysadyýetde netijeli ulanmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ösdürmek ýaly möhüm işler esasy ileri tutulýan ugurlaryň hataryna çykaryldy. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda durmuşa geçirilýän tutumly işleriň gözbaşynda ylym-bilimiň goýulmagy, bu ugurda dünýäniň iň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagy ösüp gelýän ýaş nesliň kämil bilim almagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Bilim ulgamyndaky öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ugra aýratyn ähmiýet bermegi bilen ähli ösüşleriň pugta binýadyny düzýän ylym-bilim ulgamynyň işi döwrüň talabyna görä, dünýä ülňülerine laýyk derejede yzygiderli kämilleşdirilýär. Aýratyn hem, bu ulgamda