Özgerýän, ösýän ulgam

14 Fewral 2024
502

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşiniň berk binýady bolan bilim ulgamynda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Okuw maksatnamalarynyň has-da kämilleşdirilmegi, orta mekdepleriň döwrebap, iň kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri baradaky aladalaryň subutnamasydyr.

Bilim bermegiň ähli usullaryny elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge, ylym, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga, hilini ýokarlandyrmaga we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge gönükdirilen sanly ulgamyň bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýaş nesillerimiz dünýä derejesindäki şert-mümkinçiliklerden peýdalanýarlar. Dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň sazlaşykly alnyp barylmagy ulgamda öňde goýlan maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilýändigine şaýatlyk edýär. ªeýlelikde, ajaýyp zamanada hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ylym-bilimiň ähli ösüşleriň özenidigine düşünýän ýaşlarymyz kemala gelýär.

Aýsoltan Orazberdiýewa,
Balkanabat şäherindäki tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiň mugallymy.