Bilimli, bagtyýar ýaşlar

16 Fewral 2024
532

Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasaty esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny yzygiderli ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek babatda uly tagallalar edilýär.

Hormatly Prezidentimiz ýakynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzy ylmy taýdan ösen döwlete öwürmek üçin ylmy-barlag işlerini dowam etdirmegiň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmegiň, ýurdumyzda çagalaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, ýaş nesliň ukybyny, başarnygyny ýüze çykarmak we ösdürmek üçin bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtady. Okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny, okuw kitaplaryny ösen halkara tejribä laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygynyň hem aýratyn nygtalmagy, orta we ýokary okuw mekdeplerinde mugallymlaryň işleriniň has-da sazlaşykly alnyp barylmagyna ýardam berer.

Gülnara KUTDANOWA,
Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň mugallymy.