Bilimli nesil — kuwwatly Watan

14 Fewral 2024
505

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda uly ösüşleriň aýdyň  ýoly bilen beýik  sepgitleri nazarlaýan bagtyýar halkymyz eşretli zamanymyzyň hözirini görüp ýaşaýar. Eşretli zamanamyzyň bagtly ýaşlary bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  saýasynda  halkara ölçeglerine laýyk gelýän iň täze tehnologik enjamlar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap orta, orta hünär we ýokary  okuw mekdeplerinde  okap bilim alýarlar. “Döwlet adam üçindir!” diýen belent şygary  baýdak edinip, geljegimiz bolan ýaşlaryň islän hünärleri boýunça  bilim almaklary üçin ýurdumyzda   giň mümkinçilikler döredilýär. Orta hünär we ýokary okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Bularyň ählisi ajaýyp döwrümiziň bagtyýar nesilleri üçin  eşretli durmuşda ýaşamagy, sagdyn ösmegi, oňat okamagy, il-ýurdumyza abraý getirjek ökde  hünärmenler bolup ýetişmegi üçin zerur şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalaryndan  nyşandyr.

Häzirki wagtda ýaşlar  baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde maglumat we kommunikasiýa ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary bütin dünýäde has depginli ösýän ugurlary bolup durýar. Munuň özi ýokary tehnologiýaly pudaklar, nazary we amaly bilimler, maglumat tehnologiýalary dünýä ykdysadyýetiniň hil taýdan täze belentlige çykmagyna gönüden-göni täsir edýär. Şunuň bilen baglylykda maglumat tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenleriň täze neslini taýýarlamak döwrümiziň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň milli  bilim ulgamyna sanly serişdeleriň, öňdebaryjy kompýuter tehnologiýalarynyň we multimedia enjamlarynyň ornaşdyrylmagy ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmga we mazmunyny baýlaşdyrmaga oňyn täsirini ýetirýär.

Azatgeldi KAKABAÝEW,
Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap prokuraturasynyň sülçüsi, 2-nji derejeli ýurist.