Zehinli okuwçylar öňe saýlandylar

16 Fewral 2024
461

Welaýatymyzyň orta mekdepleriniň 10-njy we 11-nji synp okuwçylary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti tarapyndan informatika dersi boýunça geçirilen olimpiadada öňdäki orunlary eýelediler. Olimpiadanyň netijeleri baýry ýokary okuw mekdebiniň resmi saýtynda paýlaşyldy.

11-nji synp okuwçylaryň arasynda geçirilen bäsleşikde zehinli ýaşlaryň üçüsiniň toplan utuklary birinji orna mynasdyp boldy. Olaryň ikisiniň biziň welaýatymyzyň orta mekdepleriniň okuwçylary bolmagy has guwandyrýar. Has takygy, bu toparda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçysy Şöhrat Mawlýanow 94, welaýat merkezindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň okuwçysy Begmyrat Rozyýew bolsa 89 utuk bilen birinji ornuň eýesi boldular. Begmyradyň synpdaşy Guwanç Mämmedow ondan 3 utugy az toplap, ikinji orny eýelän okuwçylaryň başyny çekdi. Bu orunda welaýat merkezindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçysy Suraý Hatamowa hem bar. Suraý ýaryşy 77 utuk bilen jemledi. Çärjew etrabyndaky 22-nji orta mekdebe wekilçilik eden Döwletjan Şatlykow bolsa 60 utuk bilen üçünji orny eýelän 9 okuwçynyň arasyna girmegi başardy.

Ogulnabat REJEBOWA,
Köýtendag etrabyndaky 43-nji orta mekdebiň mugallymy.