Dil öwrenmek kämilligi – zehinli ýaşlaryň geljegi

17 Fewral 2024
320

Taryhy ähmiýetli ösüşdir özgerişleriň ýoly bilen öňe barýan ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge, ýaşlary döwrebap ruhda terbiýelemäge aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda geçirilýän giň gerimli özgertmeler bilim ulgamyny hem gurşap alýar. Ýurdumyzyň orta, orta we ýörite ýokary okuw mekdeplerinde innowasion tehnologiýalardan giňden peýdalanylmagy ýaşlaryň düýpli bilim almagyna, daşary ýurt dillerini kämil özleşdirmegine uly ýardam edýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň netijesinde sanly bilimi ösdürmek, daşary ýurt dillerini kämil bilýän ýaşlaryň täze neslini kemala getirmek ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Netijede ýurdumyzyň bilim ojaklarynda berilýän bilimiň hili ýokarlanýar.

Döwrebap tehnologiýalaryň, şeýle hem maglumat-telekommunikasion ulgamlaryň ösmegi ýaşlara zerur bolan maglumatlary özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Geljekki hünärmenleriň zähmet işi bilen gös-göni bagly bolan öňdebaryjy tehnologiýalarda işlemegi üçin daşary ýurt dillerini bilmek zerurdyr. Daşary ýurt dillerini okatmagyň, öwretmegiň iň täze ugurlary kemala gelýär, çünki sanly ulgamyň ösmegi bilen, okatmagyň we bilim bermegiň usulyýeti kämilleşýär. Bu ugur esasynda dünýä dillerini öwretmek döwrebaplygy we netijeliligi bilen tapawutlanýar. Daşary ýurt dillerini bilýän kämil hünärmenler dünýäniň ylmy edebiýatlaryny özleşdirmegi başarýarlar. Şonuň üçin hem dil egsilmez baýlyk, ylymlaryň çeşmesi hasaplanýar.

Enejan RAJAPOWA
Çärjew etrabynyň 34-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy