Ders bäsleşikleri dowam edýär

14 Fewral 2024
400

Şu gün Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta mekdebiň binýadynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşikleriniň welaýat tapgyryna badalga berildi.

Däbe öwrülen bäsleşige onuň etrap, şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan 10-11-nji synp okuwçylarynyň ýüzlerçesi gatnaşdy. Olar okuw maksatnamasyna girizilen dersler boýunça bäsleşip, bilimini, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşik iki günläp dowam eder. Aýry-aýry dersler boýunça birinji, ikinji, üçünji orunlary eýelän mekdep okuwçylary welaýat baş bilim müdirligi tarapyndan Diplomlar, gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanylar. Şonuň ýaly-da öňdäki orunlary eýelän zehinli mekdep okuwçylary bäsleşigiň ýakyn günlerde geçiriljek döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar.

Surata düşüren Merdan ORAZOW.