Röwşen geljegiň binýady

14 Fewral 2024
479

Ýaş nesliň kämil şahsyýet bolup ýetişmeginde bize — bilim işgärlerine möhüm orun degişlidir. Bilim ulgamynda halkymyzyň däp-dessurlary we dünýä tejribesi esasynda okatmagyň innowasion usullary hem-de öňdebaryjy mugallymçylyk tejribeleri yzygiderli ornaşdyrylýar. Durmuşa geçirilýän özgertmeler, amala aşyrylýan işler ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň berk binýady bolup durýar. Ajaýyp zamanamyzda bu ulgamda döwrebap özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi, ylmyň iň soňky gazanan tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan çagalar baglarynda, mekdeplerde bilim-terbiýe bermegiň, okatmagyň iň ösen usullaryndan ýerlikli peýdalanylmagy netijesinde giň düşünjeli nesilleriň kemala gelýändigi bizi diýseň begendirýär, guwandyrýar.

Biziň çagalar bagymyzda hem körpeleriň oňat terbiýe almaklary, sowat öwrenmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilen. Körpelerde watançylyk duýgusynyň ösmegi üçin milli oýunlardan giňden peýdalanylýar. Çagalara ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän edep kadalary esasynda terbiýe bermekde yhlasymyzy gaýgyrmaýarys. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary we hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby biziň gollanmamyza öwrüldi. Asylly ýörelgelerimiz, milli däp-dessurlarymyz, ýaş nesillerimizi terbiýelemek baradaky parasatly oý-pikirler bagtyýar körpelere edep-terbiýe bermekde bahasyz gymmatlykdyr.

Ogultuwak Mämmetgylyjowa,
Balkanabat şäherindäki 14-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.