Sanly ulgam — ösüşleriň özeni

15 Fewral 2024
576

«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda ýurdumyzyň ähli ylym-bilim edaralary iň ösen tehnologiýalar, multimediýa enjamlary, elektron kitaplar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Sanly elektron ulgamdaky okuw-usuly toplumyndan bilim berlişiniň dürli basgançaklarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary arkaly peýdalanylýar. Bu okuw-usuly topluma elektron görnüşli okuw kitaplary, okuw-tejribelik işleri boýunça gollanmalar, umumy we amaly okuwlar, dürli tejribeler boýunça usuly gözükdirijiler hem-de elektron görnüşinde ýola goýlan gündelik gazetlerdir žurnallar degişli bolup durýar. Milli terbiýäni hem-de ylmyň täze gazananlaryny utgaşdyrmak Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň giň gerimli bilim syýasatynyň esasy wezipesidir. Biz bilim ulgamynyň işgärleri hökmünde her bir sapagymyzda häzirkizaman ösen tehnologiýalaryny giňişleýin ulanmak bilen, döwrüň giň mümkinçiliklerinden peýdalanýarys.

Häzirki wagtda «E-mekdep» sanly ulgamynyň üsti bilen okuwçylaryň gündelik sapaklara gatnaşygyny we ýetişigini bahalandyrýarys. Bu bolsa işimiziň hilini artdyryp, ene-atalaryň hem çagalarynyň sapaga gatnaşygy baradaky maglumatlary e-poçtanyň üsti bilen habardar bolmagyna mümkinçilik döredýär. Sanly bilimi giňişleýin ulanmak ýurduň ösüş depgininiň çaltlanmagyna hem-de sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna halkyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, bilim bermegiň täze sepgitlerine ýetilmegine ýardam berýär.

Gülsün SEÝIDOWA,
Dänew etrabyndaky 44-nji orta mekdebiň mugallymy.