"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

GUWANÇLY TOÝLARYŇ SÖHBEDI

Türkmen maşgalasynda çaganyň dünýä inen gününden başlap, onuň ykbalynyň şanly pursatlaryny dabaralandyrýan birnäçe toý dabaralary bellenilip geçilýär. Ogul toýy, çile toýy, at dakmak, diş toýy, saç toýy, ýörjen toýy, sünnet toýy, pygamber ýaş toýy ýaly gadymy toý dabaralary häzirki günlerde döwrebap ruhy öwüşginler bilen has-da şowhunly bellenilip geçilýär. Hususan-da, çaganyň durmuşynyň ilkinji ýyllarynda birnäçe däpler ýerine ýetirilýär. Maşgala toýlarynyň içinde örän ir wagtlardan bäri, oglanlaryna sünnet etmek däbi hem ýörgünlidir. Ene-ata ogullaryna sünnet etmegi parz borjy hasaplaýar. Bu däp bilen bagly toý dessurlary gönüden-göni musulmançylyk bilen bagly bolup, ilatyň köp bölegi ony gadymy ýörelgelere laýyklykda berjaý edýär. Sünnetiň döreýşi hem-de onuň musulmançylyk däplerine utgaşdyrylyp berjaý edilişi barada alymlaryň dürli, gyzykly pikirleri bar. Mysal üçin, fransuz alymy E.Dutteniň pikirine görä, sünnet däbi, çaganyň saçyny ilkinji gezek syrmak we çaga diş çykmak döwri bilen baglanyşykly döräp, ol şol döwürlerden hem berjaý edilipdir. Başga bir golýazma çeşmesinde X-XI asyrlarda ýaşap geçen Abu al-Kasym atly belli sünnetçi çagany kümüş gaýçy bilen sünnetlemegi maslahat beripdir. Aslynda sünnet sözi arap sözünden bolup, «sunna» — sogaply däp we sogap gazanmak üçin ýerine ýetirilýän ruhy ýörelge diýmek. Ol Muhammet pygamberimiziň wesýeti-sünneti hasaplanýar. Şo

Dünýä edebiýatynyň döwresi

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda). «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna gaýybana syýahat

Bagtyýar bagşylaryň bäsleşigi

Geçmişde rawylar rowaýat, dessançylar dessan aýdyp, bagşydyr sazandalarymyz gazma dutardyr gyjakdan çykýan owaza özboluşly öwüşgin gatyp, halk sazlaryny, aýdymlary döredipdirler. Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda «Häzirki döwürde türkmen bagşylarynyň, sazandalarynyň we dessançylarynyň örän özboluşly sungaty, köp bölümli simfoniýa deňeşdirilýän biziň üýtgeşik mukamlarymyz agzybirligiň we jebisligiň senasy hökmünde türkmen halkynyň bagty üçin belentden we tüýs ýürekden ýaňlanýar» diýen buýsançly sözler bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda medeni mirasymyzy sarpalamak, olary gorap saklamak, nesillere geçirmek maksady bilen uly işler amala aşyrylýar. Milli äheňdäki nagmalary ýerine ýetirýän ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşikleri-de yzygiderli geçirilýär.

Medeni habarlar

Dostluk sergisi 27-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda ilkinji gezek geçirilýän bilelikdäki türkmen-eýran ýöriteleşdirilen moda we lybas sergisi öz işine başlady. sergide Türkmenistanyň Dokma ministrliginiň garamagyndaky «Ýeňiş», «Ahal», «Bahar», «Gala», «Bedew», «Bürgüt» ýaly kärhanalaryň öndüren egin-eşikleri we gündelik durmuşda ulanylýan dokma önümleri görkezildi. Ekologiýa taýdan arassa, dünýä bazarynda bäsleşige ukyply milli önümler serginiň esasy bezegine öwrüldi. Bu ýerde «Türkmen Galkan» kärhanasynyň öndürýän aýakgaplary hem sergilendi.

Aýdym-saz sungatynyň zehinli nesilleri

Mälim bolşy ýaly, ýakynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň baýragyny almak ugrunda dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, ýurdumyzyň welaýatlaryndan bagşylaryň 14-si, dutarçy sazandalaryň hem 14-si gatnaşyp, Şa serpaýyna mynasyp boldular. Ýaş nesillerde medeniýetimize söýgini berkitmek,  olaryň döredijilik ukybyny höweslendirmek, dutarda ýerine ýetirijilik, bagşyçylyk sungatyny geljek nesillere ýetirmek, dünýä ýaýmak, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän bu bäsleşige gatnaşyjylaryň we ýeňijileriň hatarynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň düzümlerine degişli dutarçy bagşy-sazandalaryň hem birnäçesi bar. Men 10 ýaşymdan bäri dutarda nusgawy halk sazlarymyzy çalmagyň inçe syrlaryny öwrenýärin. Bäsleşikde «Burnaşak» atly türkmen halk sazyny ýerine ýetirdim. Çykyşyma ýokary baha berlip, «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijisi boldum. Bu üstünlik halypalarym Ýazmyrat Gurtgeldiýewiň, Altymyrat Pürmämmedowyň yhlaslarynyň miwesidir. Halypa-şägirtlik ýolunyň dowam etdirilmegi, dutarda saz çalmak sungatynyň nesilden-nesle geçirilmegi üçin zerur bolan ähli mümkinçilikleri döredýän döwlet Baştutanymyza, Milli Liderimize ýaş bagşy-sazandalary

Dutaryň owazy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge, täze, döwrebap aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmaga, medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen tutumly işler barha rowaçlanýar. Döwlet Baştutanymyzyň Karary esasynda her ýyl geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigi milli medeniýetimizi dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Şolaryň biri hem dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşikdir.  Ýakynda bu döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.  Ýeňiji bolan bagşylaryň hem-de dutarçy sazandalaryň her birine ýörite diplomyň, altyn zynjyryň, şeýle-de «Çalsana, bagşy!» bäsleşigine gatnaşanlaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlaryň gowşurylmagy aýdym-saz sungatymyzyň  ösdürilýändiginiň, milli bagşyçylyk däplerimiziň dowamata beslenýändiginiň ýene-de bir subutnamasy boldy.

«Ol şir­wan per­dä­ňe gal­sa­na, bag­şy!»

24-nji aw­gust­da Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Mu­kam­lar köş­gün­de Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi­niň gu­ra­ma­gyn­da her ýyl ge­çi­ril­ýän «Çal­sa­na, bag­şy!» at­ly dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­niň jem­leý­ji tap­gy­ry bol­dy. Bu bäs­le­şik ýaş ne­sil­ler­de me­de­ni­ýe­ti­mi­ze söý­gi­ni ke­ma­la ge­tir­mek, ola­ryň dö­re­di­ji­lik uky­by­ny hö­wes­len­dir­mek, du­tar­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­lik, bag­şy­çy­lyk sun­ga­ty­ny gel­jek ne­sil­le­re ýe­tir­mek, dün­ýä ýaý­mak, ze­hin­li bag­şy-sa­zan­da­la­ry ýü­ze çy­kar­mak mak­sa­dy bi­len gu­ral­ýar. Ýyg­na­nan­lar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Çalsana, bagşy!» bäs­le­şi­gi­niň jem­leý­ji tap­gy­ry­na gat­na­şy­jy­la­ra ibe­ren Gut­la­gy­ny uly üns bi­len diň­le­di­ler. Gut­lag­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bu dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi mil­li aý­dym-saz sun­ga­ty­my­zy ös­dür­mä­ge, ze­hin­li ýaş bag­şy-sa­zan­da­la­ry ýü­ze çy­kar­ma­ga, ola­ry gol­da­ma­ga uly ýar­dam ber­ýär. Bäs­le­şi­ge gat­naş­ma­ga is­leg bil­dir­ýän ze­hin­li du­tar­çy bag­şy-sa­zan­da­la­ryň sa­ny ýyl-ýyl­dan art­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz gel­jek­de ýur­du­my­zyň ýaş bag­şy-sa­zan­da­la­ry­nyň şir­wan per­de­ler­de ýaň­lan­ýan aý­dym-saz­la­ry bi­len bag­şy­çy­lyk sun­ga­ty­my­zyň has-da ös­dü­ril­me­gi­ne uly go­şant­la­ry­ny goş­jak­dyk­la­ry­na berk ynam bil­dir­di

«Beýik döwre joşgun, taryp ýaraşar...»

24-nji awgustda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Medeniýet ministrliginiň guramagynda her ýylda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Onda ýurdumyzyň ähli künjeginden birnäçe ýaşlar gatnaşdylar. Öz ukyp-başarnygy bilen tapawutlanan ýaşlarymyz bäsleşigiň ýeňijisi bolmagy başardylar. Bu bäsleşikde türkmen milli saz gurallarymyza ussatlarça erk etmegi başaryp, ýeňiji bolanlaryň arasynda Arkadag şäherinden hem ýaşlaryň bolmagy buýsançly ýagdaýdyr. Olaryň ýürek buýsançlaryny size ýetirmegi makul bildik.

Altyn sözler, şirin sazlar — uz aýdymlar

Düýn Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Magtymguly, sözle bu şirin dilde» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabara Aşgabat, Arkadag şäherlerinden hem-de welaýatlarymyzdan gelen bagşy-sazandalar gatnaşdylar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly milli aýdym-saz sungatymyzyň hem-de onda görnükli yz goýan halypalaryň hem ýylydyr. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň köpüsi bagşylaryň dilinde aýdym bolup ýaňlanýar. Aýdym-sazly dabara gatnaşan bagşy-sazandalar hem şahyryň sözlerine şirin aýdymlary ýerine ýetirdiler. Biziň ilkinji söhbetdeşimiz Balkan welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň mugallymy, bagşy Şamyrat Dawudow. Ýeri gelende aýtsak, Şamyrat türkmen bagşyçylyk sungatynyň ýomut-gökleň ýolunyň görnükli ussatlarynyň biri Aşyrmämmet Dawudowyň agtygy. Şamyrat atasynyň bagşyçylyk ýoluny mynasyp dowam etdirýär. Bu barada onuň özi şeýle gürrüň berdi:

Bagşylaryň aýdym-sazy — döwrümiziň owazy

Golaýda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda her ýyl geçirilýän «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, ýurdumyzyň welaýatlaryndan bagşylaryň 14-si, dutarçy sazandalaryň hem 14-si gatnaşdy.

Mukamly dünýäniň perwanalary

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaşlaryň zehinlerini ýüze çykarmak maksady bilen olaryň gatnaşmaklarynda dürli döredijilik bäsleşikleri geçirilýär. Şolaryň biri-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşikdir. Mukamly dünýäniň perwanalary hasaplanylýan, kämillik ýollary bilen ynamly öňe barýan ýaşlaryň bu bäsleşikde edýän çykyşlary olaryň muşdaklarynyň gyzgyn goldawyna eýe bolýar. Golaýda ýaş dutarçy bagşy-sazandalaryň ukyp-başarnyklaryny, ýiti zehinini ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýe bolan bu bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Gözel paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen jemleýji tapgyra welaýatlardan hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinden ýeňiji bolan ýaş bagşy-sazandalar gatnaşdylar. Geçirilmegi asylly däbe öwrülen bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylar aýdymlardyr sazlary aýratyn joşgun we ýokary ussatlyk derejesinde ýerine ýetirdiler.

Myllygyň keşbini döreden

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösdürilmegine aýratyn üns bermegi bilen halypa artistlerimiziň döredijiligi yzygiderli öwrenilýär. Türkmenistanyň at gazanan artisti, ussat aktýor we režissýor Kadyrberdi Atabaýewiň döreden keşpleri hem hälişu günlerdede tomaşaçylaryň ýadyndan çykanok. Kadyrberdi Atabaýew 1956njy ýylyň 1nji iýunynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Garawekil obasynda dogulýar. 1971nji ýylda Tejen etrabyndaky 15nji orta mekdebiň 8nji synpyny gowy bahalar bilen gutaryp, şol ýyl hem Aşgabadyň Gara Seýtliýew adyndaky medeni aňbilim tehnikumyna okuwa girýär. Tehnikumy tamamlandan soň 1974 — 1979njy ýyllarda Moskwa şäheriniň A.W. Lunaçarskiý adyndaky döwlet teatr institutynda okaýar. 1979 — 1995nji ýyllarda welaýatymyzyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazlydrama teatrynda artist bolup işleýär.

Magtymguly Pyragy — dünýä danasy

«Pähimpaýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ylmy we çeper eserleriň ençemesi çap edildi. Golaýda «Magtymgula tagzym» atly döwürdeş şahyrlarymyzyň Magtymguly Pyragy hakyndaky goşgular ýygyndysy neşir edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen tassyklanylan «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda neşir edilen bu kitaba döwürdeş şahyrlarymyzyň Magtymguly Pyraga bagyşlap döreden goşgulary we poemalary girizilipdir. Täze kitapda ýerleşdirilen şygyrlarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Magtymguly Pyraga goýulýan belent hormatsarpa, dana şahyryň edebi mirasy çeper wasp edilýär.

Bagşy joşa gelse, göwünler güllär

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry ýokary ruhubelentlige, göwün joşduryjy pursatlara beslenip, ol ajaýyp zamanamyzda aýdym-saz sungatymyza belent sarpa goýulýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Bäsleşikde welaýatymyzdan Türkmenbaşy şäher çagalar sungat mekdebiniň milli saz gurallary bölüminiň mugallymy Sahydursun Mätiýewa türkmen halk aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirmekde ýeňiji bolup, hormatly Prezidentimiziň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy. Sahydursuny gazanan üstünligi bilen gutlap, onuň bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol ýürek buýsanjyny beýan edip, şeýle gürrüň berdi:

Jümle-jahan görklener dutaryň owazyna

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşik «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem zehinli ýaş bagşy-sazandalaryň onlarçasyny ýüze çykardy. Bäsleşikde dutarda türkmen halk sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirmekde zehin-başarnygyny görkezip, hormatly Prezidentimiziň altyn zynjyryna mynasyp bolan ýaş, zehinli sazandalaryň biri-de welaýat ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň dutarçylyk hünäriniň 4-nji ýyl talyby Dawut Gulbaýewdir. 2010-njy ýylda Balkanabat şäherindäki 16-njy orta mekdebiň 1-nji synpyna okuwa baran Dawudy türkmen halk sazlaryna bolan söýgüsi şondan köp wagt geçmänkä, ýagny 2011-nji ýylda şäheriň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň işiginden eltýär. Ol ýerde ilkinji halypasy Halymberdi Hajyberdiýewden dutarda türkmen halk sazlaryny çalmagyň inçe tärlerini öwrenýär. Çagalar sungat mekdebini 2016-njy ýylda tamamlan ýaş zehine 2021-nji ýylda orta mekdebi hem tamamlap, şol ýylda welaýat ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň dutarçylyk hünäriniň talyby bolmak bagty miýesser edýär. Bu okuw mekdebinde oňa Meretnepes Rahmanow dutarda türkmen halk sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi öwretmekde tagallasyny gaýgyrmaýar.

Medeniýet halkyň kalbydyr

«Medeniýet halkyň kalbydyr» diýmek bilen, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösmegine ak ýollary açan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet we sungat ulgamynda amala aşyrylýan beýik işler bagtyýar raýatlarymyzyň buýsanjyna buýsanç goşup, başlaryny göge ýetirýär. Gadymylygy, özboluşlylygy, şol bir wagtda hem döwrebaplygy, täzeçilligi bilen dünýäniň ünsüni özüne çekýän milli medeniýetimizi we sungatymyzy has-da kämilleşdirip, Ýer ýüzüne ýaýmakda alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Hawa, ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzda medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, milli mirasy düýpli öwrenmek, aýawly saklamak we wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Medeniýet ulgamynyň kanunçylyk binýadynyň hem yzygiderli kämilleşdirilýändigini bellemek aýratyn ýakymlydyr. Medeniýetiň strategik ähmiýetini tassyklaýan, medeni gymmatlyklary döretmek, türkmen halkynyň medeniýetini dikeltmek, aýawly saklamak, ösdürmek hem-de dünýäde wagyz etmek ulgamlarynda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny munuň aýdyň subutnamasy hökmünde görkezmek bolar.

Ruhy baýlyk

Ata Watanymyzda milli medeniýete, sungata uly sarpa goýulýar. Medeniýet ulgamynyň ösmegi üçin tutumly işler durmuşa geçirilýär. Asyrlaryň synagyndan geçip, häzirki günlerimize ýetip gelen milli medeniýetimize, sungatymyza, olaryň durmuşymyzdaky ornuna ýokary baha berlip, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Ýurdumyzyň dürli künjeginde gurlan, ähli şert-mümkinçilikleri özünde jemleýän kitaphanalary, muzeýleri, medeniýet öýleridir çagalar çeperçilik, sungat mekdeplerini milli medeniýetimizi ösdürmekde amala aşyrylýan işleriň hatarynda görkezmek bolar. Hormatly Prezidentimiziň: «Medeniýet we sungat halkyň ruhy baýlygydyr. Medeniýet ulgamynyň ösüşleri jemgyýetiň bitewüligini, milletiň ruhy galkynyşyny üpjün edýär» diýip belläp geçişi ýaly, ol birleşdiriji we ruhlandyryjy güýç bolup hyzmat edýär. Halkyň kalbyna deňelýän medeniýetimizde milli aýratynlyklarymyz we asyrlaryň dowamynda gazanan üstünliklerimiz jemlenendir. Has takygy, medeniýet, sungat halkyň milli gymmatlyklaryny emele getirýär. Şol gymmatlyklar hem halkyň kalbyndan çykyp, onuň şöhratly taryhyny, bagtyýar şu gününi we röwşen geljegini ähli gözellikleri bilen açyp görkezýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda zehinli çagalaryň hünär öwrenmegi babatda uly aladalar edilýär. Nurana geljegimiz bolan çagalaryň çeperçilik we sungat mekdeplerinde dür

«Çalsana, bagşy!» — köňülleriň nagşy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň her bir güni uly ösüşlerdir özgerişlere beslenýär. Ynha, geçen hepdäniň şenbe güni hem gözel paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Taryhy müňýyllyklara uzaýan dutar çalmak sungatynda parahatçylyk söýüji halkymyzyň durmuş pelsepesi, ruhy gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Bagşy-sazandalar dutaryň jadylaýjy owazy bilen döredijiligiň özboluşly mekdebini döredipdirler we bu sungaty nesilden-nesle geçiripdirler. Dutarda saz çalmak sungatynyň biziň günlerimize çenli asyl nusgasyny saklap gelmeginde, onuň kämilleşdirilmeginde bagşy-sazandalara uly orun degişlidir.

Aýdym-saz sungatynda tebigatyň waspy

Milli medeniýetimize, aýdym-saz sungatymyza uly sarpa goýýan, bu ugurda bize nusgalyk Halypa bolup durýan şahyr göwünli Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýerine ýetirilýän aýdymlaryň tema örüsi has giňedi. Bu günki gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň eziz Watanymyza, agzybir halkymyza bolan beýik söýgüsiniň netijesinde köpugurly gülläp ösüşlerimizi, mähriban Watanymyzy, gözel tebigatymyzy wasp edip ýaňlanýan aýdymlarymyz asman giňişliginde ganat ýaýyp, hemmeleriň ýüreklerine hoşluk bolup dolýar. Biziň dag ýerinde dagly, bag ýerinde bagly, deňiz ýerinde deňizli, derýa ýerinde derýaly, sähra ýerinde sähraly ajaýyp tebigatymyz bar. Onsoň, şeýle owadan tebigatymyzy wasp edip şahyrlar goşgy döretseler, bagşylar olary belent heňde aýdym edip, ile ýetirýärler. Ol aýdymlar halkymyzyň tebigata bolan söýgüsini joşduryp, olary tebigy gözelliklerimizi gorap saklamaga hyjuwlandyrýar.

Mähriban dost, ussat kompozitor

Türkmen professional saz sungatynyň görnükli wekili Rejep Rejebowy ýatlap Ýag ýaly adam, ýuwanyň seçegi ýaly adam, degşip-gülüşmäni biriçe başarýan adam... Saz sowady ýetik kişi, uly zehiniň eýesi, juda zähmetsöýer adam... Ýene bir aýratynlygy: üstüni bezejek bolup jan etmezdi, kalby gözeldi. Şol gözellik, ähli mähriban, nurana häsiýetleri, göwnaçyklygy, ýumşaklygy hem rehimdarlygy eserlerine geçýärdi.