Jümle-jahan görklener dutaryň owazyna

28 Awgust 2024
510

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşik «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem zehinli ýaş bagşy-sazandalaryň onlarçasyny ýüze çykardy. Bäsleşikde dutarda türkmen halk sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirmekde zehin-başarnygyny görkezip, hormatly Prezidentimiziň altyn zynjyryna mynasyp bolan ýaş, zehinli sazandalaryň biri-de welaýat ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň dutarçylyk hünäriniň 4-nji ýyl talyby Dawut Gulbaýewdir.

2010-njy ýylda Balkanabat şäherindäki 16-njy orta mekdebiň 1-nji synpyna okuwa baran Dawudy türkmen halk sazlaryna bolan söýgüsi şondan köp wagt geçmänkä, ýagny 2011-nji ýylda şäheriň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň işiginden eltýär. Ol ýerde ilkinji halypasy Halymberdi Hajyberdiýewden dutarda türkmen halk sazlaryny çalmagyň inçe tärlerini öwrenýär. Çagalar sungat mekdebini 2016-njy ýylda tamamlan ýaş zehine 2021-nji ýylda orta mekdebi hem tamamlap, şol ýylda welaýat ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň dutarçylyk hünäriniň talyby bolmak bagty miýesser edýär. Bu okuw mekdebinde oňa Meretnepes Rahmanow dutarda türkmen halk sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi öwretmekde tagallasyny gaýgyrmaýar.

Jemal ŞAMYRADOWA.