GUWANÇLY TOÝLARYŇ SÖHBEDI

1 Sentýabr 2024
400

Türkmen maşgalasynda çaganyň dünýä inen gününden başlap, onuň ykbalynyň şanly pursatlaryny dabaralandyrýan birnäçe toý dabaralary bellenilip geçilýär. Ogul toýy, çile toýy, at dakmak, diş toýy, saç toýy, ýörjen toýy, sünnet toýy, pygamber ýaş toýy ýaly gadymy toý dabaralary häzirki günlerde döwrebap ruhy öwüşginler bilen has-da şowhunly bellenilip geçilýär. Hususan-da, çaganyň durmuşynyň ilkinji ýyllarynda birnäçe däpler ýerine ýetirilýär. Maşgala toýlarynyň içinde örän ir wagtlardan bäri, oglanlaryna sünnet etmek däbi hem ýörgünlidir. Ene-ata ogullaryna sünnet etmegi parz borjy hasaplaýar. Bu däp bilen bagly toý dessurlary gönüden-göni musulmançylyk bilen bagly bolup, ilatyň köp bölegi ony gadymy ýörelgelere laýyklykda berjaý edýär.

Sünnetiň döreýşi hem-de onuň musulmançylyk däplerine utgaşdyrylyp berjaý edilişi barada alymlaryň dürli, gyzykly pikirleri bar. Mysal üçin, fransuz alymy E.Dutteniň pikirine görä, sünnet däbi, çaganyň saçyny ilkinji gezek syrmak we çaga diş çykmak döwri bilen baglanyşykly döräp, ol şol döwürlerden hem berjaý edilipdir. Başga bir golýazma çeşmesinde X-XI asyrlarda ýaşap geçen Abu al-Kasym atly belli sünnetçi çagany kümüş gaýçy bilen sünnetlemegi maslahat beripdir. Aslynda sünnet sözi arap sözünden bolup, «sunna» —
sogaply däp we sogap gazanmak üçin ýerine ýetirilýän ruhy ýörelge diýmek. Ol Muhammet pygamberimiziň wesýeti-sünneti hasaplanýar. Şoňa görä-de, Orta Aziýa halklarynda, ähli musulmanlarda-da bolşy ýaly, sünnet etmek däbi hökmany ýerine ýetirilmeli hasaplanýar.

Sahypany taýýarlan: Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty.