Bagşy joşa gelse, göwünler güllär

28 Awgust 2024
537

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry ýokary ruhubelentlige, göwün joşduryjy pursatlara beslenip, ol ajaýyp zamanamyzda aýdym-saz sungatymyza belent sarpa goýulýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Bäsleşikde welaýatymyzdan Türkmenbaşy şäher çagalar sungat mekdebiniň milli saz gurallary bölüminiň mugallymy Sahydursun Mätiýewa türkmen halk aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirmekde ýeňiji bolup, hormatly Prezidentimiziň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy. Sahydursuny gazanan üstünligi bilen gutlap, onuň bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol ýürek buýsanjyny beýan edip, şeýle gürrüň berdi:

Aýjemal GAÝLYÝEWA,
«Balkan».