Geçmişde rawylar rowaýat, dessançylar dessan aýdyp, bagşydyr sazandalarymyz gazma dutardyr gyjakdan çykýan owaza özboluşly öwüşgin gatyp, halk sazlaryny, aýdymlary döredipdirler.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda «Häzirki döwürde türkmen bagşylarynyň, sazandalarynyň we dessançylarynyň örän özboluşly sungaty, köp bölümli simfoniýa deňeşdirilýän biziň üýtgeşik mukamlarymyz agzybirligiň we jebisligiň senasy hökmünde türkmen halkynyň bagty üçin belentden we tüýs ýürekden ýaňlanýar» diýen buýsançly sözler bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda medeni mirasymyzy sarpalamak, olary gorap saklamak, nesillere geçirmek maksady bilen uly işler amala aşyrylýar. Milli äheňdäki nagmalary ýerine ýetirýän ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşikleri-de yzygiderli geçirilýär.