Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaşlaryň zehinlerini ýüze çykarmak maksady bilen olaryň gatnaşmaklarynda dürli döredijilik bäsleşikleri geçirilýär. Şolaryň biri-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşikdir. Mukamly dünýäniň perwanalary hasaplanylýan, kämillik ýollary bilen ynamly öňe barýan ýaşlaryň bu bäsleşikde edýän çykyşlary olaryň muşdaklarynyň gyzgyn goldawyna eýe bolýar.
Golaýda ýaş dutarçy bagşy-sazandalaryň ukyp-başarnyklaryny, ýiti zehinini ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýe bolan bu bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Gözel paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen jemleýji tapgyra welaýatlardan hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinden ýeňiji bolan ýaş bagşy-sazandalar gatnaşdylar. Geçirilmegi asylly däbe öwrülen bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylar aýdymlardyr sazlary aýratyn joşgun we ýokary ussatlyk derejesinde ýerine ýetirdiler.