Dostluk sergisi
27-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda ilkinji gezek geçirilýän bilelikdäki türkmen-eýran ýöriteleşdirilen moda we lybas sergisi öz işine başlady. sergide Türkmenistanyň Dokma ministrliginiň garamagyndaky «Ýeňiş», «Ahal», «Bahar», «Gala», «Bedew», «Bürgüt» ýaly kärhanalaryň öndüren egin-eşikleri we gündelik durmuşda ulanylýan dokma önümleri görkezildi. Ekologiýa taýdan arassa, dünýä bazarynda bäsleşige ukyply milli önümler serginiň esasy bezegine öwrüldi. Bu ýerde «Türkmen Galkan» kärhanasynyň öndürýän aýakgaplary hem sergilendi.