Mälim bolşy ýaly, ýakynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň baýragyny almak ugrunda dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, ýurdumyzyň welaýatlaryndan bagşylaryň 14-si, dutarçy sazandalaryň hem 14-si gatnaşyp, Şa serpaýyna mynasyp boldular. Ýaş nesillerde medeniýetimize söýgini berkitmek, olaryň döredijilik ukybyny höweslendirmek, dutarda ýerine ýetirijilik, bagşyçylyk sungatyny geljek nesillere ýetirmek, dünýä ýaýmak, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän bu bäsleşige gatnaşyjylaryň we ýeňijileriň hatarynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň düzümlerine degişli dutarçy bagşy-sazandalaryň hem birnäçesi bar.
Men 10 ýaşymdan bäri dutarda nusgawy halk sazlarymyzy çalmagyň inçe syrlaryny öwrenýärin. Bäsleşikde «Burnaşak» atly türkmen halk sazyny ýerine ýetirdim. Çykyşyma ýokary baha berlip, «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijisi boldum. Bu üstünlik halypalarym Ýazmyrat Gurtgeldiýewiň, Altymyrat Pürmämmedowyň yhlaslarynyň miwesidir. Halypa-şägirtlik ýolunyň dowam etdirilmegi, dutarda saz çalmak sungatynyň nesilden-nesle geçirilmegi üçin zerur bolan ähli mümkinçilikleri döredýän döwlet Baştutanymyza, Milli Liderimize ýaş bagşy-sazandalaryň hoşallyklary çäksizdir.