Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge, täze, döwrebap aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmaga, medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen tutumly işler barha rowaçlanýar. Döwlet Baştutanymyzyň Karary esasynda her ýyl geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigi milli medeniýetimizi dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Şolaryň biri hem dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşikdir. Ýakynda bu döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýeňiji bolan bagşylaryň hem-de dutarçy sazandalaryň her birine ýörite diplomyň, altyn zynjyryň, şeýle-de «Çalsana, bagşy!» bäsleşigine gatnaşanlaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlaryň gowşurylmagy aýdym-saz sungatymyzyň ösdürilýändiginiň, milli bagşyçylyk däplerimiziň dowamata beslenýändiginiň ýene-de bir subutnamasy boldy.